Türkiýede bikanun migrantlara garşy geçirilýän reýdleriň dowamynda saklanyp, türk deportasiýa merkezlerine ýerleşdirilen türkmenistanlylar bu ýerde ýaşaýyş şertleriniň ýaramazdygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen migrantlarynyň birnäçesi we çeşmelerimiz Erzurum şäherindäki deportasiýa merkezinde ýüzlerçe türkmenistanlynyň saklanýandygyny hem gürrüň berdiler.
“Bu merkezden her hepde 200-e golaý türkmen migranty Türkmenistana deport edilýär we her hepde ýene şonça-da tutulyp, üsti dolýar. Yzy gutarmaýar. Hepdäniň dowamynda 200-e golaý türkmen raýaty getirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 20-nji sentýabrda aýtdy.
Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň bikanun migrantlara garşy giň gerimli reýdleri indi üç aý gowrak wagt bäri dowam edýär. Türk mediasy reýdlerde on müňlerçe bikanun migrantyň saklanyp, deport edilendigi habar berýär. Azatlygyň çeşmeleri olaryň arasynda türkmenleriň hem bardygy barada yzygiderli aýdyp gelýärler.
Degişli maglumat Çeşme: Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýaty saklanýarÇeşmämiziň sözlerine görä, Erzurumdaky türkmen raýatlarynyň bir bölegi öz razylygy bilen Türkmenistana gidýär. Olaryň beýleki bir bölegi bolsa, deportasiýa merkeziniň şertlerine çydaman, Türkmenistana deport edilmäge razy bolýar.
“Merkezde şertler juda ýaramaz. Etsiz naharyň ýany bilen, bir sutkanyň dowamynda 100-150 gram çörek berýärler. Ýuwunmak üçin suw ýok. Hat-da içmäge-de suw ýok. Bu nokada çäkli mukdarda suw berilýärmiş” diýip, agzalýan merkezde saklanýan türkmen raýaty Azatlygyň Türkiýedäki çeşmesine telefon arkaly maglumat berdi.
Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan daşary ýurt raýatlaryna hepdäniň dowamynda bir gezek türk telefon belgilerine jaň edip, gürleşmäge rugsat berilýär.
Türkmen migrantlarynyň sözlerine görä, türk deportasiýa merkezleriniň köpüsinde ýagdaý öwerlikli däl we olara eltilen türkmen raýatlarynyň aglabasy Türkmenistana gitmejek bolup, türk hökümetine yzly-yzyna arza ýazýar. Ýöne aradan bir ýa bir ýarym aý geçensoň, olar merkezdäki ýaramaz şertler zerarly öz razylygy bilen Türkmenistana deport edilmäge razy bolýarlar.
“Türk hökümeti arza ýazanlaryň aglabasyny Türkmenistana deport etmeýär. Olar bir ýyl töweregi tussaglykda saklanyp, soňra Türkiýede galmak üçin boşadylýar” diýip, türkmen migranty aýtdy.
Şol bir wagtda, ol bank kartynda puly bolan türkmen migrantlarynyň deportasiýa merkezinde azyk ýa çilim ýaly islendik harydy satyn alyp bilýändigini, ýöne beýle raýatlaryň sanynyň juda çäklidigini hem belledi.
Degişli maglumat Türkmenistan Türkiýeden müňden gowrak raýatyny getirip, olarda jynsy ýollar bilen geçýän keselleriň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýar“Merkezdäki 200 türkmenistanlydan diňe 10 sanysynyň kartyndan pul bardyr ýa-da olaryň daşardaky garyndaşlary olaryň kartlaryna pul salýandyr” diýip, türkmen migranty aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Erzurumyň Aşkaledäki deportasiýa merkezi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne 20-nji sentýabrda merkeziň telefona jogap beren operatorynyň redaksiýamyzy jogapkär resmi bilen telefon arkaly birleşdirmek synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkiýäniň deportasiýa merkezleriniň käbirinde ýaşaýyş şertleriniň ýaramazdygy barada Azatlygyň Türkiýedäki çeşmeleri mundan ozal hem habar beripdiler. Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondy” hem, Şanlyurfa deportasiýa merkezinden boşadylan türkmen migrantyna salgylanyp, bu ýerde şertleriň gözgynydygyny aýdypdy.
Adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri Türkiýede türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Azatlygyň bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmaýar.
Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 14-nji sentýabrda täzelenen sanlaryna görä, 198 müň 363 türkmen raýaty kanuny esasda bu ýurtda ýaşaýar. Geçen ýylyň sentýabrynda bu san 230 müň adamdan gowrakdy.
Degişli maglumat Lebapda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlar ‘köpelýär’Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.