27-nji oktýabrda häzirki Türkmenistanyň çäginde Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň (TSSR) esaslandyrylmagyna göni 100 dolýar. Dünýä kartasynda bir asyr ozal peýda bolan häzirki zaman türkmen döwletiniň döredilen senesi ilat arasynda, şol sanda käbir ýerli synçylaryň hem-de ýazyjy-şahyrlaryň arasynda buýsanç bilen bellenýär. Şol bir wagtda, adamlar “garaşsyzlygyň miwelerini terezä goýýarlar”.
“Ýöne türkmen režimi bu wajyp senäni görmezlige we eşitmezlige salýar. Adamlar bu möhüm senäniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşýarlar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim şertlerde pikir-garaýyşlaryny paýlaşan türkmenistanly intelligensiýa wekili aýdýar.
“1924-nji ýylda Türkmenistan döwletiniň düýbi tutuldy. Häzirki döwlet hut şol 24-nji ýylda döredilen döwletiň dowamy, hem şol ýylda döredilen döwletiň serhedini öz çägi hasap edýär, hem-de şol döwürde döredilen paýtagt şäheri häzir hem öz paýtagty hasap edýär” diýip, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally 24-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýty.
XIX asyryň ahyrlarynda rus goşunlary tarapyndan basylyp alnan we munuň netijesinde Rus patyşaIygyna birikdirilen territorial çäklerde ilkinji häzirki zaman türkmen döwleti, 1917-nji ýylda Russiýada bolup geçen oktýabr rewolýusiýasyndan ýedi ýyl çemesi wagt soňra, Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň çäginde esaslandyrylýar. Sosialist türkmen döwletiniň döreýşi barada taryh kitaplarynda we beýleki çeşmelerde, şol sanda Azatlyk Radiosynyň media arhiwlerinde möhüm maglumatlar bar. Ýöne ýerli synçylar garaşsyz Türkmenistanda ýakyn taryhyň sahypalaryna seýrek salgylanylýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistan SSR-i häzirki Türkmenistanyň çäklerinde, ozal Rus patyşalygynyň Türküstan guberniýasynyň Zakaspi oblastyny, ozalky Hywa hanlygynyň hem-de Buhara emirliginiň bir bölegini öz içine alýan sebitlerde türkmen sowet ýolbaşçylary tarapyndan esaslandyrylýar.
Bu bölünişik Moskwa häkimiýetleriniň tutuş Orta Aziýa sebitinde milli-döwlet bölünişigi bilen bagly döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän döwürlerinde amal edilýär.
Etniki gelip çykyşy boýunça esasan türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde bir bitewi dile, medeniýete we bir bitewi ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistan döwleti 1925-nji ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabatda geçirilen Bütintürkmenistan sowet gurultaýynda “TSSR-i döretmek hakynda Jarnama” bilen yglan edilýär we şol bir gurultaýda “Türkmenistan SSR-niň SSSR-iň düzümine meýletin girýändigi hakynda” karar kabul edilýär.
Munuň yz ýany, ýurt boýunça sowatlylyk kampaniýalaryna bat berilýär, ýerli administrasiýalar esaslandyrylýar we kadrlar taýýarlanyp, sowet häkimiýetlerine garaşly döwlet düşünjesi berkidilip başlanýar. Bu kampaniýalar bilen aýakdaşlykda, synçylar we taryhçylar, Türkmenistan döwletiniň esaslandyrylmagynyň irki ýyllarynda türkmen halkynyň kolhozlaşma ýaly ýokardan direlen mejbury kampaniýalary, şeýle-de 1930-njy ýyllarda bat berlen tutda-baslyklary we köpçülikleýin repressiýalary başdan geçirendiklerini aýdýarlar.
Taryhy çeşmelerden mälim bolşuna görä, daşary ýurtlaryň arasynda ilkinjilerden biri bolup, Türkiýe Respublikasy 1925-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edýär.
Ýöne Sowet Soýuzyna bakna Türkmenistan Moskwadan birugsat daşary syýasaty kesgitläp, daşary ýurtlar bilen aragatnaşygy ýola goýup bilmeýär.
Baknalyga garamazdan, täze durmuş desgalary, täze-täze mekdepler we lukmançylyk edaralary bilen tanyş bolan ýurtda durmuş-ykdysady ösüşler gazanylyp, uly-uly sepgitler aşylýar.
Türkmenistanly syýasy synçy Azatlyk Radiosy bilen paýlaşan pikir-garaýyşlarynda häzirki wagtda sowet ýyllarynda bina edilen durmuş ulgamlarynyň hatardan çykyp, şol döwürlerde ýetişen kadrlaryň hem azalyp başlandygyny aýdýar.
"2024-nji ýyldan başlap, 1990-1992-nji ýyllarda ozalky SSSR-iň we Türkmenistan SSR-niň lukmançylyk uniwersitetlerini we institutlaryny iň soňky tamamlan we häli-şindi Türkmenistandan göçüp gitmän, ýerli hassahanalarda işleýän az sanly tejribeli we öz işini kämil bilýän "iň ýaş" lukmanlar hem pensiýa ýaşyna ýetip, işden gidip ugradylar. 2025-nji ýylda bu ýagdaý diňe agyrlaşar” diýip, synçy aýdýar.
Ol garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda dürli hünär ugurlary boýunça, şol sanda lukmançylyk ugry boýunça öz işine ussat we kämil kadrlaryň ýetişdirilmändigini, şeýlelikde ýurtda “kadr defisitiniň” ýüze çykandygyny aýdýar.
Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany, Türkmenistan 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny aldy. Ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri özygtyýarlylyga teşne galan türkmen halky garaşsyzlyk jarnamasyna uly umyt baglady: uly-uly ösüşlere we özgerişlere, belent-belent sepgitlere bil baglandy.
Synçylara görä, türkmen häkimiýetleri howlukmaçlyk bilen Sowet mirasyndan el çekmegi, sowet taglymatlaryny derhal aňlardan pozup aýyrmagy, şäherleriň we obalaryň Sowet Soýuzyndan galan atlaryny dessine üýtgetmegi başardylar, ýöne ýurduň durmuş-ykdysady ulgamlarynyň kuwwatyny özüniň eýe bolan potensialyna laýyklykda kämil derejelere çykaryp bilmediler.
“Soňky 30 ýylda gaty köp-köp işleri edip boljakdy. Türkmenistany jennet ýaly ýurda öwrüp boljakdy. Ýöne gynansak-da, şol mümkinçiligi elden berip gelýärler” diýip, Hudaýberdi Hally aýdýar we sowet ýyllary bilen garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşleri, geçilen sepgitleri deňeşdirýär.
Aşgabatly synçy hem ýurtda bolup geçýän syýasy, durmuş-ykdysady we medeni proseslere ser aýlap, garaşsyzlyk ýyllarynda has köp türkmenistanly raýatlaryň öz ýurdundan daşary ýurtlara hemişelik esasda göçüp çykmagyna salgylanýar we bu ýagdaýy türkmen häkimiýetleriniň ýapyklygy, üzňeligi, umuman emelsizligi bilen düşündirýär.
Degişli maglumat Sowet hökmürowanlygynyň türkmen çäginde miras galdyran 'kolonial pikirleri'“Türkmenistan ikinji ýüzýyllyga gadam basýar, ýerli synçylar ýurduň, häkimiýetleriň we jemgyýetçiligiň öňünde gaýragoýulmasyz we öňüni alyp bolmajak öwrülişikleriň ýakynlaşýandygyny çaklaýarlar” diýip, intelligensiýa wekili aýdýar.
“Meniň pikirimçe, öwrülişikler öňüni alyp bolmajak ýagdaýdyr. Iru-giç türkmen režimi we jemgyýetçiligi häzirki terzde mundan bu ýana ýaşamagyň mümkin däldigine düşüner. Häzirki globallaşma zamanynda ömürlik ýa baky üzňelikde, ýapyklykda, doňakçylykda ýaşap bolmaýar. Şonuň üçin-de, türkmen häkimiýetlerini ýakyn geljekdäki aýgytly öwrülişikler we krizisler ahyrsoňy jemgyýet bilen gürleşmäge, ählumumy dymyşlygyny kesip, bolup geçýän wakalara reaksiýa bildirip başlamaga iterer. Başga ýol indi galmady" diýip, synçy aýdýar we ýurduň syýasy giňişligine otuz ýyl çemesi wagt bäri ýitileşip dowam edýän durgunlyga, ümsümlige we üzňelige salgylanýar.
Bu ýyl Türkmenistan möhüm ýubileý toýlaryny, şol sanda Türkmenistan döwletiniň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygyny we türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny toýlady.
Ýerli synçylar ýüzlerçe ýyllyk buýsançly taryhy bolan ýurduň ýalňyş we ýapyk syýasy kararlar sebäpli, öz potensialyna kybapdaş möhüm öňe gidişliklerden mahrum goýulýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiriGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.