5-nji iýunda türkmenleriň başgaça pikirlenýänleriň taryhyna bagyşlanan halkara proýektiň awtorlary onlaýn maglumat portalynyň açylandygyny yglan etdiler. “Türkmen depderleri" atly websaýt türkmen disidentleri tarapyndan we başga pikirli adamlar barada onlarça ýylyň dowamynda çap bolan habarlary, söhbetdeşlikleri, analitiki maglumatlary we kitaplary öz içine alýar.
"Türkmen depderleri" saýty dürli ýurtlardan bolan aktiwistler topary tarapyndan döredildi. Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygyny islän awtorlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, täze proýektiň maksady 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri kagyz görnüşinde çap edilen 'samizdat', ýagny özneşir we emigrant neşirleri ýaly türkmen dissidentleri tarapyndan çap edilýän maglumatlary tapmakdan we köpçülige elýeterli etmekden ybarat.
"Türkmenlerde başgaça pikirlenýänleriniň maddy mirasy bar we ol türkmenleriň syýasy hem adam hukuklary boýunça medeniýetiniň tutuş bir gatlagyny görkezýär. Bu şübhesiz türkmen jemgyýetiniň bahasyna ýetip bolmajak umumy mirasydyr" - diýip, proýektiň awtorlary belleýär.
Degişli maglumat Türkmenistan ýene 'azat däl', 'ýaramazlaryň ýaramazy' boldyProýekti ýöredýänleriň pikiriçe, türkmenleriň başga pikirliliginiň fenomeny barada gaty az bilinýär we bar bolan çeşmeler köpler üçin elýeterli däl. Şol sebäpden, türkmen häkimiýetleri ýurtda oppozisiýanyň bolmagyna ýol bermeýärkä we başga pikirliligiň ýüze çykmagynyň öňüni alýarka, türkmenleriň ýurduň içinde we daşary ýurtlarda öňe süren başga pikirleriniň mysallary aýratyn ähmiýete eýe.
"Nyýazow döwründen bäri ýöredilýän daşarky dünýäden üzňeleşmek we Türkmenistanyň içindäki başgaça pikirleri giňden basyp ýatyrmak syýasaty häkimiýetlere intellektual taýdan garşylyk görkezmekdäki yzygiderliligiň ýitmegine sebäp boldy. Ýaş nesil raýat jemgyýetiniň aktiwistleri tarapyndan garaşsyzlygyň ilkinji 30 ýylynda režime görkezilen garşylygy barada hiç zat bilmeýär. Öňki dissidentleriň köp materiallary ençeme ýyllap ýitirim, boldy ýa-da şahsy ýygyndylarda galdy we indi aktiwistler, žurnalistler ýa-da bilermenler üçin elýeterli däl. Oppozisiýanyň Nyýazow döwründe döreden köp sanly web sahypalary hem ýatdan çykaryldy"- diýip, "Türkmen depderleriniň" awtorlary belleýär.
Proýektiň çäginde uzak wagtlap gizlinlikde çap bolan "samizdat", ýagny özneşir maglumatlar hem-de 90-njy ýyllaryň başyndan bäri kagyz ýüzünde çap bolan ähli materiallar ýygnalypdyr. Bularyň hemmesi "Kitaphana", "Analitika", "Söhbetdeşlikler / ýatlamalar", "Ýörite proýektler" we "Tribuna" bölümlerinde ýerleşdirilipdir.
"Kitaphana" bölüminde 1990-njy ýyllardaky türkmen oppozisiýa neşirleriniň nusgalary bar. Hususan-da, "Daýanç" (Daýanç-ekspress), "Türkmen ili" we "Ýurt" žurnallarynyň ýygyndylary ýerleşdirilipdir. Şol bölümde, türkmen ýazyjylarynyň köpçülige elýeterli bolmadyk eserleri, halkara guramalarynyň habarlary, Türkmenistan barada barlag edebiýaty bar. Awtorlaryň belleýşi ýaly, bularyň hemmesi türkmenleriň ýaş nesli üçin resmi maglumatlardan tapawutlanýan gumanitar bilim hökmünde peýdaly bolup biler.
"Analitika" bölüminde radikal yslam jemgyýetleriniň ideologiýasynyň Türkmenistanda ýaýramagy, Türkmenbaşynyň ogurlanan millionlary baradaky temanyň analizleri, şeýle hem Nyýazow döwrüniň oppozisiýa neşirleri baradaky materiallar bar.
Degişli maglumat 'Arkadagly zamanada' Gurbanguly Berdimuhamedowyň propagandasy ýaýbaňlanýar"Söhbetdeşlikler we ýatlamalar" bölümi, Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamowyň ýatlamalarynyň ozal çap edilmedik birinji bölümini öz içine alýar.
"Ýörite proýektler" bölüminde 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary we ondan soňky repressiýalar. Saýtda şol döwürdäki türkmen metbugatynyň onlaýn däl materiallary berilýär. Şeýle-de, post-sowet Türkmenistanyň taryhynda öwrülişik nokadyna öwrülen bu wakalar bilen baglanyşykly beýleki materiallary neşir etmegiň planlaşdyrylýandygy aýdylýar.
"Tribuna" bölüminde syýasatçy alym Toýly Soltanowyň türkmen raýat jemgyýetiniň problemalary baradaky makalasy diskussiýa görnüşinde çap edilipdir. "Türkmen depderlerini" döredijileriň belleýşi ýaly, saýt habar çeşmesi däl, emma "Habarlar" we "Mediadan" atly bölümlerinde esasan sahypanyň tematikasyna gabat gelýän habar maglumatlar hem hödürlenýär.
Adam hukuklary boýunça halkara guramalary Türkmenistany söz, metbugat, pikir we din azatlyklary ýaly esasy raýat we syýasy erkinliligiň ählisini berk çäklendirmekde tankyt edýärler. Soňky ýyllarda ýurtda durmuş-ykdysady ýagdaý hem erbetleşdi, ilatyň ýaşaýyş derejesi peseldi. Türkmen jemgyýeti birnäçe ýyl bäri ozal görlüp-eşidilmedik derejede raýat aktiwligini artdyrdy. Ýurduň içindäki ilat sosial ýagdaýdan nägileligini aç-açan ýüze çykyp başlady, daşary ýurtlardaky aktiwistler hereketi batlandy, ýurduň häkimiýetleri bolsa, başgaça pikirleri beýan edýän raýatlary yzarlap, özge pikiri basyp ýatyrmaga synanyşýar.
Degişli maglumat Hukuk goraýjylar aktiwistleri yzarlamagyň, gorkuzmagyň bikanundygyny aýdýarlarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.