Türkiýe wizalary: Ýaş gyzlaryň we ýaş çagaly eneleriň wiza ýüz tutmalary has köp ret edilip başlandy

Bezeg suraty. Stambul, Türkiýe. Arhiwden alyndy.

Ýylyň başyndan bäri, Aşgabatda Türkiýe wizalaryna ýüz tutýan ýaş gyzlaryň we ýaş çagaly eneleriň wizalary has köp ret edilip başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda maglumat berdi.

Wiza ret edilmeleri, 18 ýaşyny dolduran gyzlaryň hem-de alty ýaşa çenli ýaş çagasy bolan eneleriň ýüz tutmalarynda has köp göze ilýär.

Ýöne bu düzgünler türk raýatyna durmuşa çykan zenanlara, ýa-da saglyk wizalaryna degişli däl diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýar.

Türkiýe wizasyna ýüz tutan 20 ýaşly bir zenan özüniň wizasynyň ret edilendigini gürrüň berdi, şolar ýaly başga-da ençeme gyzlaryň wiza ýüz tutmalary ret edilipdir, ýaş çagaly enelere wiza açylmaýar diýip, wiza ýüz tutmalaryndan habarly birnäçe türkmenistanly aýdýar.

Degişli maglumat Türkiýede 'gazanç' mümkinçiligini ýitirýän türkmenler Russiýa ýykgyn edýär

Habarçylarymyz wiza ýüz tutmalarynyň ret edilmeginiň töweregindäki mümkin bolan sebäpleriň jikme-jikliklerini anyklap bilmediler. Ýöne esasan kämillik ýaşyny dolduran gyzlaryň hem-de ýaş çagaly eneleriň wizalarynyň ret edilmegi bu meseläniň köplenç ýaş gyzlara we ýaş çagaly enelere degişlidigine yşarat edýär.

Habarçylarymyz wiza ýüz tutmasy ret edilýän zenanlaryň ýüz tutýan wizalarynyň görnüşlerini anyklap bilmedi.

Wiza maglumatlaryna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň daşary ýurtlara syýahat etmegi bilen baglylykda olaryň ene-atalarynyň ikisiniň hem razyçylygy bolmaly.

2007-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýola goýan Türkiýe Respublikasy 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan tarapynyň haýyşy boýunça, syýahat ýeňilligini ýatyrdy.

Munuň yz ýany, Türkiýe döwletine syýahat etmek isleýän türkmenistanlylardan wiza talap edilip başlandy. Aşgabatda Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan ygtyýarlandyrylan “Gateway International” wiza merkezi açyldy. Wagtyň geçmegi bilen Türkiýe wizalaryna ýüz tutýan türkmenistanlylardan talap edilýän resminamalaryň sany artyp başlady. Bu bolsa syýahaty kynlaşdyrdy.

2023-nji ýylyň martynda Türkiýe wizalaryna ýüz tutýan türkmenistanlylardan kepillik we goşmaça Ynanç hatlary talap edilip başlandy.

Häzirki wagtda, wizalaryň görnüşine laýyklykda, wiza üçin talap edilýän resminamalaryň sany 18 resminama çenli baryp ýetýär.

Aşgabatdaky wiza merkeziniň resmi web sahypasyna görä, Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahat etmek üçin, syýahatçylyk, saglyk, biznes, maşgala, student we iş rugsady ýaly wizalaryň 12 görnüşine ýüz tutup bilýärler.

Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe türkmenistanly Iş rugsady wizasyny açdyrmagyň has köp çykdajy talap edýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý iş gözleginde Türkiýe döwletine gitmek isleýän raýatlaryň ençemesini, ilkibaşda, wizalaryň gysga möhletli görnüşini açdyryp syýahat etmäge, soňy bilen Türkiýede bikanun ýagdaýda galmagy dowam etdirmäge iterýär.

Ýöne Türkiýede soňky sekiz aýdan gowrak wagtyň dowamynda bikanun migrantlara garşy reýdler güýçlenýär. Ýurtda bikanun galýan daşary ýurt raýatlary köpçülikleýin deport edilýär.

Degişli maglumat Türkmen raýatlary daşary ýurda gitmek üçin goşmaça synagdan geçmeli bolýar

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda täzelän soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkiýede 205 müň 495 türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Olardan 109 müň raýat ýaşaýyş rugsady bilen, 71 müň töweregi türkmenistanly gysga möhletli ýaşaýyş rugsady bilen, 18 müň türkmenistanly student wizasy bilen, 6 müň 600 töweregi töweregi türkmenistanly bolsa, maşgala wizasy bilen Türkiýede kanuny esasda ýaşaýar.

Türkmenistan Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany boýunça birinji orunda durýar. Bu sanawda ikinji orny Russiýa Federasiýasy eýeleýär.

Türkiýe döwletine wiza açdyrmak isleýän türkmenistanlylaryň ýüz tutmalary Aşgabatdaky türk wiza merkezinde kabul edilýär. Ýüz tutujylar paýtagtyň demirgazyk böleginde, Gylyç Kuliýew köçesiniň ugrundaky “Nowruz haly” binasynda ýerleşýän wiza merkezinde nobata ýazylýarlar.

Lebaply ýaşaýjylar Türkmenabatda Aşgabatdaky türk wiza merkezinde nobata ýazylmaga, “randewu almaga” ýardam berýän, tölegli hyzmatlary hödürleýän syýahatçylyk firmalarynyň hereket edýändigini aýdýarlar.

“500-600 manat töleg bilen Türkmenabatda Aşgabatdaky wiza merkezinden nobat belläp, randewu alyp bolýar” diýip, bir türkmenabatly gürrüň berdi.

Soňky sekiz aýdan gowrak wagtyň dowamynda ençeme türkmenistanly Türkiýeden Türkmenistana dolandy, ýüzlerçe adam deport edildi.

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň sözlerine görä, mart aýynda türkmenistanlylar üçin Türkiýe Iş wizalarynyň ýeňledilmegine garaşylýar. Ýöne Azatlyk Radiosy bu maglumatyň detallaryny aýdyňlaşdyryp bilmeýär.

Azatlyk Radiosy türk wizalary boýunça Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Aşgabatdaky wiza merkezinden teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat Türkmenistandan çykmak kynlaşýar: Kepil bolmaly adamyň bankda karzy bolmaly däl

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.