Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 'gazanç' mümkinçiligini ýitirýän türkmenler Russiýa ýykgyn edýär


Türkiýede iöleýän türkmen migranty
Türkiýede iöleýän türkmen migranty

Türkiýäniň Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmegi we, Türkmenistanda ençeme ýyl bäri yzygiderli köpelýän işsizligiň arasynda tasdan bir dilli ülkede gazanç, iş mümkinçiligini tapan türkmen migrantlarynyň köpçülikleýin, zor bilen deportasiýa edilmeginiň ýygjamlaşmagy Russiýa Federasiýasyna işlemäge gidýän ýa-da gitjek bolýan raýatlaryň köpelmegine getirdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Şu aralykda sosial mediada Türkiýeden Russiýa gitmekçi bolýan türkmen migrantlarynyň ol ýerdäki ildeşlerinden maslahat, geňeş sorap ýazyşýan hatlary peýda boldy. Emma berilýän maslahatlarda Russiýadaky zähmet migrantlarynyň has çylşyrymlaşýan ýagdaýy agzalmaýar.

“Türkiýeden tolk ýok, liranyň hümmeti gaçdy, dokument alyp, legalna işläp bolanok, diňe gaçak işlemeli, onda-da bir gün tutup, deport edýärler” diýip, öňki migrant Azatlyk radiosyna aýtdy.

Azatlygyň mundan öňem habar berşi ýaly, Türkiýede geçirilen prezident saýlawlaryndan soň ýurtdaky bikanun migrantlaryň garşysyna geçirilýän reýdler ýygjamlaşdy we, Türkiýede ençeme ýyl bäri işläp gelýän, ýöne wagtynda pasportlaryny täzeläp bilmän ýa-da başga sebäpler esasynda bikanun ýagdaýa düşen türkmenler bu ýurtdan köpçülikleýin deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Habarçy bilen gürleşen öňki migrantlaryň aýtmaklaryna görä, Türkiýede wagtlaýyn galyp, gazanç etmek isleýän türkmenistanlylaryň “kimlik” almagy kynlaşypdyr, “diňe öňden bäri işläp gelýän, kanuny durumy bar bolan türkmen migrantlaryna bu ýurtda galmak we işlemek rugsady berilýär” diýip, radionyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistandan wiza alyp baran türkmenleriň hem Türkiýede “kimlik” almak mümkinçiliginiň çylşyrymlaşandygyny bu ýurtdan Ýewropa aşmaga çalyşýan zähmet migranty hem tassyk etdi, ýöne ol öz adynyň agzalmazlygyny sorady.

Bu ýagdaýy Azatlygyň ýerli habarçysy bilen gürleşen öňki migrantlar hem tassyklaýar, wiza alyp baran türkmenler “kimlik alyp bilmän, gaçak işlemeli bolýarlar, häzir Türkiýe bikanun işleýän migrantlara garşy ozallar görlüp-eşidilmedik derejede çäre görýär, olary tutup, gelen ýerlerine iberýär” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkiýedäki düzgün-tertibiň berkidilendigi baradaky habarlar, ol ýerde işleýän ýa-da deportasiýa edilen türkmenleriň üsti bilen dilden-dile geçýär we muny eşiden türkmen raýatlarynyň köpüsi, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna we bu ýurtdaky zähmet migrantlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan dürli kynçylyklaryna garamazdan, indi özleri üçin mümkin bolan çykalgalaryň birini Russiýa Federasiýasyna gitmekde görýärler diýip, habarçy öz gürleşen adamlaryna salgylanyp aýtdy.

Ozal Türkiýä gidip, gazanç etmekçi bolan raýatlar indi Russiýa döwletine gidip, şol ýerde gazanç etmegi makul bilýärler, ol ýurda gitmek isleýänler häzir birnäçe esse köpeldi, adamlar pulsuz, göterimine karz alyp, gazanç umydy bilen ýola çykýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Ol bu ýagdaýy ýurtdaky şertleriň gowulyga tarap üýtgemezligi, häkimiýetleriň iş orunlaryny köpeldip biljekdigine bolan ynamyň tasdan bolmazlygy bilen baglanyşdyrdy.

“Adamlar Russiýa gitmek üçin uly çykdajy edýärler, prosentine pul karz alýarlar” diýip, habarçy iş gözlemäge gidýän adamlaryň bir aý töweregi Russiýanyň oblastlaryna aýlanyp, iş meselesini gowy öwrenip, soň yzlaryna gaýdyp gelýändigini, ýagny ‘giriş-çykyş’ edýändiklerini gürrüň berdi.

Eger-de Russiýada köp wagt galyp işlejek bolsaň, hökmany suratda bir aýda ol ýurtdan çykmaly we ýene yzyňa baryp, bir aýlyk wiza almaly diýip, habarçy bilen gürleşen raýat aýtdy.

“Bir gezek baranyň bilen bir ýyllyk wiza alyp bolmaýar. Birinji gezekde köp raýat öz puluna gidip, yzyna gaýdyp gelýär. Olaryň ikinji gezek gitmäge puly ýetmeýär. Şondan soň köp raýat Russiýa gitmek üçin karza, bergi-borja girýär” diýip, radionyň söhbetdeşi ýagdaýy düşündirdi.

Aýdylmagyna görä, öz ýakyn tanyş-bilişlerinden aýyna 10% goşmaça töleg şerti bilen karz alyp gidýänler hem bar. Bu hili karza girýänler Russiýada wiza alyp, iş tapyp, gazanç ederin we bergimi wagtynda üzerin diýip umyt edýärler diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligi resmi taýdan boýun almaýar, daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa işlemäge giden raýatlaryň sanyny çap etmeýär, olaryň bu ýurtda düşüp biljek ýagdaýlary barada açyk we ýeterlik maglumat bermeýär diýip, synçylar aýdýar.

Soňky onýyllyklarda onlarça müň türkmenistanly daşary ýurtlara çykdy we olaryň arasynda başga ýurtlaryň raýatlygyny ýa oturym rugsadyny alyp, uzak wagtlyk ýaşamaga galanlary hem az däl. Işsiz türkmenistanlylaryň häzirki ymtylmalaryndan öň, türkmen-rus goşa raýatlygy bolan adamlaryň uly bölegi Russiýa göçdi.

Geçen ýylyň aýagynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini yglan eden Türkmenistan ýurtda täze raýatlyk alýan adamlaryň sanyny aýtsa-da, doly göçüp gidýän adamlaryň sanyny, gelýän ýyllarda näçe adamyň başga ýurtlara göçüp biljekdigini aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG