Türkmenistanyň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy müşderilere SMS ugradyp, 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýändigini habar berýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary geçen hepdäniň başynda, 27-nji noýabrda maglumat berdiler.
“Täze belgiler häzirlikçe diňe ozal öz adyna SIM kartlary bolmadyk adamlara satylýar” diýip, ulanyjylar aýdýar.
Şeýle-de, täze belgiler 4G ulgamynyň üsti bilen Internete baglanýar.
Bu täzelik Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, hususan-da, soňky birnäçe aý bäri SIM kart gytçylygyna sezewar bolan müşderiler tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.
“Bu täzelik ‘Altyn Asyryň’ taryhynda begençli waka boldy” diýip, bir müşderi aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda sim-kart nobaty döredi, satyn almak üçin 2024-nji ýylyň martyna ýazylmaly“Salam News” elektron neşiri 7-nji oktýabrda mobil aragatnaşyk kärhanasynyň 71-lik kod bilen başlanýan täze belgileri müşderilere hödürläp başlandygyny habar berdi.
Mundan ozal, bu kompaniýanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda 61, 62, 63, 64 we 65 kodlary bilen başlanýan telefon belgileri hereket edýärdi.
Ulanyjylar täze kodlar bilen başlanýan belgiler arkaly içerki serwerlerde bellige alnan Internet salgylaryna aňsat girilýändigini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, käbir ulanyjylar täze belgileriň üsti bilen VPN hyzmatlaryna baglanmagyň kynlaşandygyny aýdýarlar.
“Täze belgileriň üsti bilen Internet ulgamyna baglanyp, VPN hyzmatlaryndan peýdalanmaga synanyşan badyňa, Internet kesilýär, telefon doňýar we aragatnaşyk kesilýär” diýip, täze telefon belgisini alan bir ulanyjy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky bir aýdan gowrak wagt bäri ýurduň dürli sebitlerinde SIM kartlary boýunça emele gelen gytçylygyň ýitileşendigini habar berdiler.
Oktýabryň ortalarynda paýtagt Aşgabatda SIM kartlarynyň satuwy çäklendirildi. Şondan bir hepde töweregi soň, aragatnaşyk kärhanasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçalarynda mobil telefon belgileriniň nobatlary 2024-nji ýylyň bahar aýlaryna çenli uzady.
Telefon belgileriniň gytçylygy gyzyşan mahaly, ýerli ulanyjylar öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň hilinden, Internetiň haýal tizliginden şikaýat etdiler.
Noýabryň başlarynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylary öýjükli aragatnaşyk ulgamy arkaly diňe bir Internetiň tizliginde däl, eýsem, telefon jaňlaryny etmekde, SMS alyşmakda hem kynçylyklaryň döreýändigini aýtdylar.
Täze belgileriň işe girizilmegi bilen SIM kart nobatlarynyň aradan aýrylmagyna garaşylýar.
Degişli maglumat Aşgabatda mobil telefonlary üçin SIM kartalaryň satuwy çäklendirildiBu aralykda, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Aşgabatda noýabrda geçirilen iri aragatnaşyk forumynyň dowamynda özüniň eSIM (embedded-SIM) belgilerini, ýagny wirtual belgileri müşderilere hödürläp başlaýandygyny yglan etdi.
Ýöne Internetiň haýal tizliginden, mobil aragatnaşygyň pes hilinden, çäklendirmelerden we petiklemelerden ejir çekýän raýatlar ýurduň dürli sebitlerinde fiziki SIM belgileri kadaly hyzmat hödürläp bilmeýän mahaly, wirtual belgileriň hyzmatlaryna ikirjiňli çemeleşdiler.
eSIM kartlary köplenç soňky çykan smartfonlara, planşetlere, kompýuterlere we beýleki akylly ulgamlara ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň hökümeti ilatyň Internet aragatnaşygyny berk gözegçilikde saklamakda we onlaýn maglumat akymyny çäklendirmekde tankyt edilýär.
Resmi beýanatlarda ýurtda Internetiň berk çäklendirilmegi baradaky habarlar inkär edilýär. Resmiler umumy Internet ulanyjylarynyň agramly böleginiň mobil Internet hyzmatlaryndan peýdalanýandygyny aýdýarlar.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda häzirki wagtda 3 million 100 müňden gowrak internet ulanyjysy bar, şolaryň 2 million 700 müňden gowragy mobil internetden peýdalanýar.
“Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolup, bu kompaniýa ýurduň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýany saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.