Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjylaryndan hojalyk jaýlarynyň üçegine Türkmensitanyň döwlet baýdagyny oturtmak talap edilýär. Häkimiýetler talaby berjaý etmedikleriň suwdan, elektrikden we zerur resminamalardan mahrum ediljekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji awgustda sebitden maglumat berdi.
“Şu günler şäher häkimliginiň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylardan döwlet baýdagyny satyn almagy talap edýärler” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Hojalyk jaýy bolan ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, häkimlik işgärleri baýdagyň bolup bildiginden uly göwrümde bolmalydygyny hem aýdyp, onuň jaýyň üçeginiň iň beýigräk ýerinden dakylmalydygyny belleýärler.
Degişli maglumat Telekeçilerden diwarlary reňkläp, bag nahallaryny ekmek talap edilýär“Olar baýdagyň azyndan 80/50 santimetr ululygynda bolmalydygyny aýdyp, onuň uzakdan hem görünmegini talap edýärler” diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Häkimiýet wekilleri talaby berjaý etmediklere ýaşaýan ýerinden zerur resminamalaryň berilmejekdigini we başga-da birnäçe haýbatlary atýarlar.
“Ýaşaýjylara elektrik we suwunyň hem kesiljekdigi duýdurylyp, ýerli hökümet tarapyndan başga-da päsgelçilikleriň döredilip bilinjekdigi barada haýbat atylýar. Tejen şäherinde ýaşamak islemeseňiz, başga ýerlere, baýdak talabynyň ýok ýerlerine göçüň diýlip, ilatyň ýüzi hem alynýar” diýip, ýaşaýjy belledi.
Häkimligiň işgärleri ýaşaýjylara öňümizdäki hepde hem öýme-öý aýlanjakdyklaryny we şoňa çenli baýdaklaryň üçeklerde oturdylan bolmalydygyny hem duýdurýarlar.
Ýöne olar bu talap barada resmi haty görkezmeýärler. Talabyň sebäbi barada hem ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş berilmeýär.
Ýaşaýjylar “häkimiýetleriň agyr durmuş meselelerini çözmegiň deregine, özlerine bu talaby girizmek arkaly, ýokardaky ýolbaşçylaryň göwnünden turmaga çalyşýandygyny” aýdýarlar.
Degişli maglumat Balkanda öýlere aýlanyp, köne okuw esbaplaryny soraýan ene-atalar köpelýär“Şäherde hiç ýerden girdejisi bolmadyk maşgalalar ýa-da çagalaryna okuw esbaplaryny satyn alyp bilmeýän hojalyklar bar. Häkimiýetler bularyň aladasyny etmeýärler. Muňa derek, ýaşaýjylar hiline görä, 150-600 manat aralygynda bahalanýan baýdaklary satyn almaga mejbur edilýärler” diýip, ýaşaýjy belledi.
Mundan başga-da, habarçymyz şäherdäki hojalyk jaýlarynyň eýelerinden jaýlaryň diwarlaryny ak reňke we üçegini ýaşyl reňke boýamagyň talap edilýändigini hem aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Tejeniň şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde hojalyk jaýlarynyň üçeklerinde döwlet baýdagyny oturtmagyň talap edilýändigi barada Azatlygyň habarçylary mundan ozalky ýyllarda hem birnäçe gezek maglumat beripdiler.
Bu talap, hususan-da, merkezi we esasy köçeleriň ugrunda ýerleşýän jaýlara degişli bolup, jaý eýeleri bu baýdaklary her birnäçe aýda ýa-da ýylda täzeläp durmaga hem mejbur edilýärler.
“Baýdaklar wagtyň geçmegi bilen ýyrtylyp, reňki solup, olaryň ýarysy ýyrtylyp ýere düşýär. Ilat muňa biperwaý garaýar we üçegiň üstüne buýruk, görkezme esasynda mejbury dakylan baýdaklary täzelemäge howlukmaýar. Häkimligiň işgärleri gaýtadan täzelemegi talap edýänçä, gözgyny bolup durýar” diýip, Ahaldaky habarçymyz aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.