Täze ýylyň öň ýanynda, azyk harytlary gymmatlaýar

Täze ýylyň öň ýanynda, azyk harytlary gymmatlaýar

Täze ýyl baýramçylygyna az wagt galanda, Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahalary gymmatlap başlady. Bu gymmatlama ýurduň ähli welaýatdyr şäherlerinde şeker we ýag ýaly, iň zerur gündelik önümleriň gytçylygy dowam edip, soňky birnäçe aýyň dowamynda olaryň bahasynyň telim esse ýokarlanan mahalyna gabat geldi.

Häzirki wagtda paýtagtyň bazarlarynda süýji we köke ýaly konditer önümlerinden başga-da, hoz, pisse, badam ýaly maňyz-şänik önümleriniň bahasy hem bir hepde öňküsinden tas iki esse gymmatlady. Mysal üçin, mundan ozal her kilogramy 10 manatdan satylan hoz häzir 20 manatdan, käbir maňyz önümleri öň 8 manat bolsa, indi 16 manatdan satylýar.

Bu gymmatlama alma, armyt, mandarin we apelsin ýaly miwe önümlerinde hem duýulýar. Mundan ozal 1 kilogram mandariniň bahasy 5 manat bolsa, häzir 6 manat 80 teňňeden satylýar. Ozal 4 manatdan satylýan gyzyl almalar häzir 6 manada durýar.

Azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy, ýurtda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlere aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýän mahaly, maşgala býujetine has-da agram salýar diýip, käbir paýtagtlylar gürrüň berýärler.

“Aýlyklar wagtynda berilmeýär. Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär diýip, azyk harytlary arzanlatmagyň deregine, gaýtam gymmatladýarlar. Özümiz bu harytlary satyn alman, iýmän oňýarys, ýöne üç çagam bar. Olara mekdepde berilýän Täze ýyl sowgady üçinem ene-atalardan pul ýygnalýar. “Harytlar gymmatlady” diýip, sowgat üçinem iki esse köp pul töleýäris. Oňa ýagdaýym ýok, çagamyň kemsinmeginem islemeýärin. Karza batmaly boljak” diýip, üç çaganyň ejesi 32 ýaşyndaky aşgabatly Meňli (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) gürrüň berdi.

Türkmenabatda-da azyk harytlary gymmatlaýar

Şol bir wagtda, soňky birnäçe günüň dowamynda Lebap welaýatynda hem käbir azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlandygy habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu gymmatlama, esasan, senagat we konditer önümlerinde göze ilýär.

Mysal üçin, Türkmenabadyň bazarlarynda Türkmenistanda öndürilen käbir süýjiler öň 9 manatdan satylan bolsa, häzir 16 manada durýar. Şampun, gap-gaç ýuwujy serişdeler hem öňküsinden 50-80 prosent gymmatlady.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da resmi habar serişdeleri azyk harytlarynyň gymmatlamagy we onuň sebäpleri bilen baglanyşykly ilat köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler. Emma käbir söwdagärler bu gymmatlamanyň sebäbini daşary ýurtdan haryt getirýän işewürler üçin, puly konwertasiýa etmek düzgüniniň kynlaşýandygy bilen düşündirýärler.

“Daşary ýurtdan alýan harytlarymyz üçin, manady dollara öwrüp, daşary ýurt kompaniýalaryna ugradýarys. Häzirki wagtda bu düzgün kynlaşýar. Daşary ýurt bilen söwdany diňe dollar bilen amala aşyryp bolýar. Dollaram diňe döwletde bar. Döwletem bu işi kynlaşdyrýar, bir giden resminama talap edilýär. Býurokratik bökdençlikler döredilýär” diýip, türkmenabatly 40 ýaşlaryndaky söwdagär Rüstem (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Prezidentiň tabşyrygy

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylmagy netijesinde “gara bazarda” dollaryň bahasy resmi kursdan (3,50 manat) tas iki esse gymmatlap, 7 manada çenli ýokarlanypdy. Şondan soň, ýurtda käbir azyk önümleriniň gytçylygy döräp, olaryň bahasy telim esse gymmatlady.

Häzirki wagtda ýurtda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlamagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyklar bilen baglylykda bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bol üpjün etmek barada tabşyryk bermeginiň, şeýle-de “Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek” baradaky Kanunyň täze görnüşiniň kabul edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Emma prezidentiň tabşyrygyna we “Azyk howpsuzlygy” hakyndaky Kanunyň täze görnüşiniň kabul edilmegine garamazdan, ýurduň bazarlarynda oňaýly özgerişikleriň göze ilmeýändigi hakda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Indi dört aýa golaý wagt bäri ýurduň döwlete degişli dükanlarynda şeker we çigit ýagyny satyn almakdaky bökdençlikleriň we çäklendirmeleriň dowam edýändigi aýdylýar. Daşoguz welaýatynyň käbir ýaşaýjylary bu önümleri satyn almak üçin, özleriniň onlarça gün öňünden nobata durýandyklaryny gürrüň berdiler.