Şu ýylyň iýulynda türkmen taryhyndaky ganly, pajygaly söweşleriň biri bolan Gazawat gyrgynçylygyna 150 ýyl bolýar. Türkmenistanyň metbugaty rus goşunlarynyň Gazawatda amala aşyran rehimsiz gyrgynçylyklary hakynda berk dymmak pozisiýasyny saklap, watan topragyny gorap ölen adamlary, gyrgynçylygyň pidasy bolan asuda adamlary hatyralamak mümkinçiligini onýyllyklaryň dowamynda elden giderip gelýär. Bu aralykda, türkmen taryhçysy Gazawat söweşiniň ýatlanmazlygynyň döwletlilik pozisiýasyny gowşadýandygyny aýdýar.
1873-nji ýylyň iýulynda bolan Gazawat söweşi taryh kitaplaryna Gazawat gyrgynçylygy hökmünde girdi. Bu barada gürrüň berýän iňlis we rus dillerinde taryhy çeşmeler, kitaplar köp bar. Bulara mysal hökmünde Hywa taryhçysy Muhammet Ýusup Beýanynyň “Şejerei Horezmşahi” diýen golýazmasyny we Hywa söweşlerine synçy hökmünde gatnaşan “New York Herald-Tribune” gazetiniň habarçysy Artur Ýanuarius Mak Gahanyň kitabyny agzap geçip bolar.
Patyşa goşunlary Hywa hanlygyna aralaşýar
1873-nji ýylyň martynda Patyşa Russiýasynyň goşunlarynyň Türküstan general-gubernatory fon Kaufmanyň ýolbaşçylygyndaky toparlary Hywa hanlygyny basyp almak üçin üç tarapdan hüjüme geçip, şol ýylyň 29-njy maýynda Hywa galasyny eýeleýär.
Degişli maglumat Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?Şol döwürde hanlygyň düzüminde 35-40 müň öýli türkmen ýaşapdyr we olar hanlykda ýaşaýan ähli ilatyň 24-26%-ini düzüpdir. Hywa hanlygynyň syýasy we harby durmuşynda orun eýelän türkmenler patyşa goşunlary Hywa çozanlarynda olara garşylyk görkezen esasy güýç bolupdyrlar.
1873-nji ýylyň iýul aýynyň birinji ongünlüginde patyşa goşunlary iki tarapdan gazawat türkmenleriniň üstüne iberilýär. General Golowaçýowyň we general Kaufmanyň ýolbaşçylygyndaky toparlar Gazawat kanalynyň boýunda (häzir Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyny çäklerinde) we Ýylanly etrabynyň töwereklerinde ýaşaýan türkmenlere hüjüm edýärler. Iki topar 1873-nji ýylyň iýul aýynyň 7-24-i aralygynda bolan söweşlerde müňlerçe adamy, şol sanda bigünä adamlary gyrypdyr. Türkmenleriň aňynda bu aýylganç waka “Gazawat gyrgynçylygy” ady bilen galypdyr.
Söweşleriň häzirki döwürde köpçülige ýetirilmegi
Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda türkmenleriň soňky 150 ýyly öz içine alýan taryhyndaky söweşler, şol sanda Gazawat gyrgynçylygy we Gökdepe söweşi baradaky taryhy faktlary içgin öwrenilmäge çalşyldy. Taryhy eserler türkmen diline terjime edildi, söweşleri beýan edýän spektakllar sahnalaşdyryldy. Ýöne türkmen hökümeti soňy bilen bu tejribeden el çekdi we häzirki wagtda bu söweşler barada tas diňe taryh kitaplarynda agzalýar.
Ýurduň harby we taryh žurnallarynda Ikinji Jahan urşy, Parfiýa döwletiniň goşuny, Alp Arslanyň Kawkaza ýörişi ýaly makalalar çap edilse-de, Gazawat söweşi barada kelam agyz gürrüň gozgalmaýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly taryhçy ýurtda atyň, itiň we halynyň taryhynyň öwrenilýändigine ünsi çekdi.
Şeýle-de, ol bularyň baýramçylyklarynyň bellenilýändigini we bular barada makalalaryň çap edilýändigini, filmleriň döredilýändigini we teatrlarda oýunlaryň sahnalaşdyrylýandygyny hem aýtdy.
Ýöne ol türkmen topragyny gorap, gyrgynçylyga sezewar edilen adamlaryň hatyralanmaýandygyny belläp, munuň ata-babalaryňa we öz taryhyňa dönüklikden başga zat däldigini belledi.
Degişli maglumat Türkmen-rus gatnaşyklarynyň 'aýdyňlaşdyrylmaýan' taraplary“Türkmen häkimiýetleri öz territorial bitewiliginden aladalanyp, ýyllarboýy Gazawat söweşi we Gökdepe söweşi ýaly söweşler barada gürrüň gozgamakda saklanýarlar. Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň arasynda, häkimiýetleriň bu aladalary has-da artýana meňzeýär. Muňa türkmen hökümetiniň bu urşy asla agzamazlygy hem şaýatlyk edýär" diýip, taryhçy aýtdy.
Ýöne ol köp adamyň rus imperiýasynyň türkmenleriň arasynda eden gyrgynçylyklaryny bilmeýändigine ünsi çekip, "häkimiýetler taryhy faktlar barada aç-açan gürrüň gozgasa, onda ýurduň garaşsyzlyk pozisiýasy baky berkär" diýýär.
"Soňky nesil, esasanam 40 ýaşyna ýetmedik raýatlar, Gazawat söweşi barada asla bilmeýär diýsek ýalňyşmarys. Olaryň köpüsi sowet döwrüniň soňky 30 ýylyna şaýat bolan adamlaryň köpüsinden ‘sowet döwründe gowudy, ruslar ýene bizi alsa gowy bolardy’ diýen sözleri eşidip ulaldy. Şeýle pikirdäki adamlar bilen garaşsyzlyk pozisiýasyny berkidip, territorial bitewiligi gorap saklamak kyn. Gazawat gyrgynçylygy ýaly söweşleriň ýatlanmazlygy döwletlilik pozisiýasyny gowşadýar” diýip, taryhçy aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet metbugaty bir tarapdan, ýaşlara ýokary derejeli watançylyk terbiýesiniň berilmelidigini tekrarlaýar. Beýleki tarapdan, olar Russiýada, aýdaly, rus prawoslaw buthanasynyň keramatly diýip yglan eden şahsyýetiniň – Aleksandr Newskiniň doglan gününiň 800 ýyllygyna bagyşlanan resmi çäreler barada habar berýär.
Şol bir wagtda, “Türkmenistan Altyn Asyr” we “Türkmenistan bu gün” web sahypalarynyň gözleg bölümleriniň netijelerinden çen tutulsa, bu neşirler häzirki güne çenli Gazawat söweşi barada ýeke maglumat hem çap etmändirler. Türkmen häkimiýetleriniň bu söweşiň 150 ýyllygyny ýatlap-ýatlamajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Degişli maglumat Halk hakydasy Gökdepe söweşini ýatlaýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.