Studentler üçin dollar çalyşygyna degişli täze talap we oňaýlyk girizildi 

Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň türkmen banklarynda açylan bank kartlaryna resmi kurs esasynda ABŞ dollaryny geçirmek üçin täze talaplar girizildi. Azatlygyň çeşmelerine görä, çäkli pul geçirimlerini ýeňilleşdirmek üçin käbir oňaýlyklar hem döredilipdir. Şeýle-de, bolsa daşary ýurtlarda okaýan türkmen studenler üçin resmi kurs boýunça pul geçirmekde kynçyklar saklanýar.

Türkmenabatly çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýerli banklar daşary ýurtlarda okaýan studentleriň ýyllyk okuw töleglerini geçirmek üçin täze düzgünleri girizipdirler.

Çärjew we Dänew etraplarynda banklaryň üsti bilen daşary ýurtlarda okaýan çagalarynyň ýokary okuw jaýlarynyň ýyllyk okuw töleglerini geçirýän ýaşaýjylar täze düzgün barada 16-njy oktýabrda bilip galypdyr.

Degişli maglumat Ýurt daşynda bilim alýan talyplar türkmen banklarynyň üsti bilen töleg geçirmekde kynçylyk çekýär

“Talybyň ýokary okuw jaýynyň ýyllyk okuw töleginiň möçberi 3500 ABŞ dollaryndan (resmi kurs boýunça) ýokary bolsa, bu tölegi bir adamyň tölemegi rugsat edilmeýär. Degişli pul geçirim şeýle amala aşyrylýar: Eger-de töleg 3500 dollardan ýokary bolsa, pul geçiriji ýanynda talybyň garyndaşlyk derejesini tassyklaýan başga bir adamy getirmeli we onuň pasport kopiýasyny banka bermeli. Gyzykly ýeri, şondan soň 3500 ABŞ dollaryndan artyk mukdardaky puly bir bank kartdan geçirmek mümkinçiligi berilýär. Ikinji garyndaşdan girdejisini tassyklaýan resminama talap edilmeýär” diýip, türkmenabatly çeşme bank işgärlerini sitirleýär.

Çeşmäniň şeýle-de bellemegine görä, pul geçirmek üçin talap edilýän düzgünleriň ýene-de üýtgemegi mümkin, şol sanda bir ýyllyk tölegiň mukdaryny geçirmek üçin talap edilýän ikinji garyndaşyň resmi girdejisini tassyklaýan resminamalaryň soralmagy ähtimal.

Türkmenistanda resmi kurs boýunça pul çalyşmak mümkinçiliginden diňe käbir telekeçiler we döwlet tarapyndan ykrar edilen daşary ýurtly ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleri çäkli görnüşde peýdalanyp bilýär.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň 1 amerikan dollaryna 3,5 manatdan ybarat resmi kursy gara bazardaky nyrhdan tas 6 esse arzan.

Bu aralykda daşary ýurtlarda okaýan türkmen raýatlary üçin her aýda çäkli mukdarda, ýagny 250 dollar möçberinde pul geçirmegi aňsatlaşdyrmak üçin ýörite tilsimiň girizilendigini bank işgärleri aýdýarlar.

“Resmi kurs esasynda talyplaryň türkmen bank kartlaryna aýda 250 dollar puly ýeňilleşdirilen usulda geçirmek üçin ýörite onlaýn tilsimleri döredildi. Bu ýagdaý, her aý daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul ibermek isleýän ene-atalar üçin ýeňillikleri döredip, banklardaky nobatlaryň azalmagyna sebäp boldy” diýip, türkmenabatly ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Daşary ýurtlardaky studentler üçin her aýda Merkezi Bankyň kursy boýunça pul geçirmek üçin täze tilsimiň girizilendigi hakynda habarlar TikTok ulgamynda hem ýaýraýar. Emma käbir ulanyjylar tilsimi ulanmakda oňaýsyzlyklaryň bardygyny aýdýarlar.

“Elbetde, beýle tilsimiň döredilmegi belli bir derejede gowy, emma onuň birnäçe kemçilikleri bar. Esasy mesele, telefona ýüklenen tilsim bilen islendik ýurtda okaýan talybyň kartyna pul geçirip bolmaýar. Mysal üçin, Hytaýda okaýanlara pul geçirmek üçin bir tilsim, Russiýada okaýanlara bolsa başga birini ýüklemeli" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen student aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga ýykgyn edýän ýaşlar köpelýär

Azatlyk bilen gürleşen türkmenabatlylaryň sözlerine görä, käbir maşgalalarda dürli ýurtlarda okaýan studentler bar. Ene-atalaryň ençemesi internet we informasion tehnologiýalaryndan peýdalanmakda kynçylyk çekýärler. Tilsimlerden peýdalanyp bilmeýän ene-atalar banklara ýüz tutýarlar.

"Biz bolsa kompýuterde ýörite ulgam arkaly olaryň çagalaryna tizleşdirilen ýagdaýda puly iberýäris. Şonuň üçin banklarda biraz nobatlar azaldy" diýip, bank işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul geçirmekde ýyllarboýy kynçylyk çekýärler.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, soňky bir aý bäri daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ene-atalarynyň banklaryň arasynda gatnamaly bolandygy, birnäçe aýa çekýän bank nobatlaryna garaşmaga, şeýle-de bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin, özleriniň goşmaça resminamalary taýýarlamaga mejbur bolandyklary habar berlipdi.

Degişli maglumat Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.