Wladimir Putin çärýek asyr mundan öň Sowet Soýuzyndan soňky Russiýada häkimiýete gelenden, Russiýanyň dünýä agalygyny dikeldip başlady. On bäş ýyl soň Moskwa Siriýanyň raýat urşuna harby taýdan goşulyşýandygyny yglan etdi. Bu Russiýanyň halkara arenasyna bir güýç hökmünde dolanýandygynyň nähilidir alamaty boldy.
Moskwa bu şertleri Ýakyn Gündogarda öz täsirini giňeltmek, şeýle hem öz çäklerinden geçip, Günbatara garşy bäsleşik hökmünde peýdalandy. 2024-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Moskwanyň esasy ýarany bolan Başar Asadyň režiminiň ýykylmagy Russiýanyň dünýäde uly güýç bolmak hyjuwyna agyr zarba urdy.
«Putiniň Siriýadaky harby syýasaty Russiýanyň beýik döwletdigini görkezmek maksadyna niýetlenipdi hem-de öz täsirini daşary ýurtlara ýaýratmakdy – diýip, Ýakyn Gündogar boýunça ekspert Filip Smit aýdýar. – Siriýanyň ýitirilmegi Putiniň ýüzüne güýçli şarpyk boldy».
Degişli maglumat Siriýanyň Asady Moskwa gaçdy, prezident Putin oňa syýasy gaçybatalga berdi
Asadyň häkimiýetden aýrylmagy diňe bir Russiýanyň abraýyna zarba bolman, eýsem, belki-de, çynlakaý strategik şowsuzlyk diýip, ol bilermen hasaplaýar. Siriýa Russiýanyň iki sany esasy harby obýektiniň ýerleşýän öýüdi: Hmeýmimde we Tartusda harby-deňiz bazasy bardy. Bu bolsa Orsýetiň ýyly suwdaky ýeke-täk deňiz bazasydy, ol Moskwa Ortaýer deňzine girmäge mümkinçilik döredýärdi.
«Russiýa Siriýadaky bazalaryny Ortaýer deňziniň gündogarynda we tutuş Ýakyn Gündogarda öz güýjüni görkezmek üçin ulandy» diýip, Smit aýdýar.
Mydama üns talap edýän emläk
Russiýanyň 2015-nji ýylda Siriýanyň raýat urşuna harby taýdan goşulyşmagy urşuň barşyny üýtgetdi. Moskwanyň pitneçileriň pozisiýalaryna garşy weýran ediji howa hüjümleri Siriýanyň goşunyna käbir ýerleri yzyna almaga we Asada häkimiýetini saklamaga kömek etdi.
Moskwanyň Siriýadaky kampaniýasy Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele geçirmeginden we Kremliň Ukrainanyň gündogaryndaky separatist güýçlere goldaw bermeginden bir ýyl soň boldy.
Moskwa özüniň Siriýa hem-de Ukraina harby gatnaşygyny ABŞ, NATO we tutuş Günbatara garşy durup biljek güýçli döwlet hökmünde görkezmek maksady üçin ulandy. Şol bir wagtda Ortaýer deňzinden başlap, Afrika we Latyn Amerikasyna çenli täsirini giňeltmek islegidi.
Synçylaryň bellemegine görä, 2022-nji ýylyň fewralynda Orsýetiň Ukraina garşy doly möçberdäki hüjümlere başlanyndan soň, Siriýa Moskwa üçin has bähbitli baýlyga öwrüldi. Emma şol bir wagtyň özünde, iki frontda harby kampaniýalary geçirmek wezipesini hem goýdy.
Asadyň hökümeti ýykylandan soň, Russiýanyň Siriýadaky harby emlägi bilen baglanyşykly meseleler has-da kynlaşdy. Russiýa onsuzam Kursk sebitiniň basylyp alnan bölegini yzyna almak üçin, eýýäm garşydaşyna garşy uly serişde sarp edip, Demirgazyk Koreýanyň goşunlarynyň kömegine daýanýar.
Şol wagtyň özünde hem ol mümkin bolaýjak parahatçylyk gepleşikleriniň öňüsyrasynda, Ukrainanyň gündogarynda mümkin boldugyça köp ýerleri ele geçirmäge çalyşýar. Şol bir wagtda Siriýanyň günbatarynda Ortaýer deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän rus harby desgalary “Haýat Tahrin al-Şamy” (HTŞ ABŞ tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilýär) toparynyň ýolbaşçylygyndaky jeňçiler tarapyndan ele salnyp bilner.
Waşington institutynyň uly ylmy işgäri Aaron Zelin Russiýanyň Siriýadaky harby emlägini goramak üçin, öz garamagynda ýeterlik derejedäki ýaragly güýjüniň ýokdugyny aýdýar.
«Orsýetiň 2015-nji ýylda Siriýada ilkinji gezek söweşen döwrüne garanyňda, häzir Ukrainada giň çäkdäki uruşda göreşmeli bolýandygyny nazara almak möhüm – diýip, Zelin belleýär. – Russiýanyň şeýle-de Afrikanyň günorta-gündogaryndaky ýurtlarda söweşýän öz emlägi bar. Ol bolsa Russiýanyň mundan on ýyl ozalky ýagdaýyndan, [aradan çykan Ýewgeniý] Prigožiniň ýolbaşçylygyndaky Wagner hakyna tutma topary bolan wagtyndan tapawutlydyr... Russiýanyň häzir olar ýaly güýji ýa-da göreşijilik ukyby ýok».
Zelin, hususan-da, Tartusdaky harby bazanyň ýitirilmeginiň "Russiýa üçin örän uly ýitgi" boljakdygyny aýdýar.
«Bu Russiýanyň ýyly suwdaky ýeke-täk portydyr. Ol bu porty öz harby hereketleri we güýç proýeksiýasyny görkezmek üçin ulanyp bilýärdi – diýip, ol aýdýar. – Ony ýitirmek, hakykatda, Russiýany Ýakyn Gündogardaky esasy daýanjyndan kesýär».
Moskwa 8-nji dekabrda HTŞ-niň we onuň ýaranlarynyň hüjümine düşen Damaska kömek etmek üçin, ýerüsti goşun iberip bilmedi. Gozgalaňçylar noýabryň aýagynda, Asadyň güýçlerine garşy hüjüm guranyndan soňra, Russiýa olaryň pozisiýasyna onlarça howa hüjümini amala aşyrdy. Emma Moskwanyň çäkli interwensiýasy pitneçileriň ilerlemegini togtadyp bilmedi.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Russiýa Siriýadaky şowsuzlygy üçin, uly möçberde zyýan çekmeli bolar. Asadyň ýykylmagy "Russiýanyň daşary ýurtlarda harby we syýasy täsirini saklamak babatda henizem dünýä agalygy baradaky ideýasyna agyr zarba urýar» diýip, Germaniýanyň Halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk institutynyň ylmy işgäri Hamidreza Azizi aýdýar. Şondan soň beýleki sebitlerde, meselem, Latyn Amerikasy we Afrikadaky oýunçylar, "öz gatnaşyklaryny we Russiýa baglylygyny gözden geçirip başlasalar gerek" diýip, ol aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.