Siriýada jeňçileriň möhüm şäheri ele geçirmegi “öwrülişikli pursat” boldy

Siriýanyň Hama şäheriniň demirgazyk sebitlerinde hökümete garşy jeňçiler raketalary atýarlar. 4-nji dekabr

Jeňçiler Siriýada ähmiýeti boýunça ikinji şäheri ele geçirdiler. Bilermenler munuň ýurtda 13 ýyl bäri dowam edýän graždançylyk urşundaky öwrülişikli pursat boljakdygyny aýdýarlar.

5-nji dekabrda Haýat Tahrir al-Şaý jeňçi topary we onuň ýaranlary möhüm Hama şäherini basyp aldylar. Bu ýurduň ikinji iri şäheri Alepponyň jeňçileriň eline geçmeginden bary-ýogy birnäçe gün soň bolup geçdi.

Ýyldyrym çaltlygy bilen bolup geçýän özgerişlikler prezident Başar al-Assad üçin uly urgy boldy. Ol 2011-nji ýylda ýurtda konflikt başlanaly bäri, häkimiýet başynda galyp bilmegi üçin, özüniň esasy ýaranlary Eýrana we Russiýa bil baglaýardy.

Hamanyň synmagy “bu hüjümiň uzak möhletlidigini we blizkrig bolmandygyny äşgär etdi” diýip, Waşington uniwersitetiniň ýokary ylmy işgäri Aaron Zelin aýtdy.

Hamanyň paýtagt Damaskyň goragyny üpjün etmek üçin möhüm ähmiýeti bar. Şeýle-de bu sebit arkaly Siriýanyň kenarýaka şäherlerine ýol açylýar. Bu şol sanda Assadyň gelip çykýan alawitleriň esasy mesgen merkezidir. Bu ýerde Russiýanyň strategiki harby-deňiz we harby-howa bazalary-da ýerleşýär.

“Bu [jeňçileriň] Damasky mümkin eýelemegini aňsatlaşdyrýar” diýip, Zelin aýtdy.

Eýranyň proksi güýçleri we Şaýy söweşijileri boýunça bilermen Fillip Smyth Hamanyň synmagyny “oýny üýtgediji” ýagdaý hökmünde häsiýetlendirdi. Ol jeňçileriň “Assadyň harby ulgamynyň diňe daş örtgi bolandygyny görkezendigini” hem belledi.

Assad tas bir hepdäniň içinde iki möhüm şäheri ýitirse-de, ol entek häkimiýetini gowşadyp biljek ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmady diýip, ekspert sözüne goşdy.

Siriýanyň hökümet güýçleri entegem ýurduň üçünji iri şäheri Homsa we paýtagta gözegçilik edýärler. Şol bir wagtda, hökümet tarapyndaky harbylaryň moralynyň pesdigi, olara az aýlyk tölenýändigi, şeýle-de serkerdelik ulgamynyň gowşakdygy bellenilýär.

“Jeňçileriň günorta “režimiň esasy sebilerine aralaşdygyça, olar has berk gaýtawula duçar bolarlar” diýip, Zelin nygtady.

Assad öz goşunyny kuwwatlandyrmak meselesinde Tährana we Moskwa bil baglady. Emma bu ýurtlaryň ikisiniň hem ünsi häzir öz krizislerine gönükdirilen.

2013-nji ýyldan bäri Eýran Siriýada ýerli we daşary ýurtly şaýy söweşijilerini hakyna tutmak we türgenleşdirmek üçin, Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň hataryndan ýüzlerçe ofiseri bu ýurda ugratdy.

Russiýanyň 2015-nji ýylda jeňçileriň pozisiýalaryna garşy başladan howa çäreleri Siriýanyň armiýasyna we Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçilere köp ýer böleklerini täzeden eýelemäge kömek etdi.

Moskwa häzir Ukrainada uruş alyp barýar. Eýran hem ünsüni Ýakyn Gündogardaky beýleki konfliktlere, şol sanda Liwandaky we Palestina territoriýalaryndaky ýagdaýlara gönükdirdi.

Siriýadaky konfliktiň ýene bir möhüm oýunçysy, Damaskyň goldawçysy Liwanyň Hezbollah topary Ysraýyl bilen bir ýylyň dowamynda alyp baran urşunyň netijesinde egsildi.

Moskwa we Tähran Assada has köp hemaýat toplamakda haýallyk görkezýärler. Russiýa jeňçileriň gözegçiligindäki sebitlere amala aşyrýan howa zarbalaryny ýaýbaňlatdy we Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy söweşijileri front liniýasyna tarap ugradylar.

Emma munuň Haýat Tahrir al-Şaý jeňçi toparyny saklamaga ýeterlik bolup-bolmajagy aýdyň däl. ABŞ bu topary we onuň ýaranlaryny terrorçy topar hökmünde ykrar edýär.

“Eýranyň söweşijilerine we hakyna tutanlaryna howadan hemaýat gerek, emma Russiýa Ukrainadaky ýagdaýlar sebäpli muny amal etmekde kynçylyk çekýär” diýip, Smyth aýdýar.

“Üstesine-de, Ysrayl-Hamas-Hezbollah urşy Eýranyň serkerdeligi we Hezbollaha bil baglan Siriýanyň dolandyryş diwany üçin çenden aşa gymmada düşdi. Bu ozalkylara garanyňda, haýallyk bilen ýanma prossesi bolar."