Energetika çeşmelerine baý Türkmenistanyň dürli sebitlerinde şu günler, gyş paslynyň öňüsyrasynda, elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar, ilat "sandan çykan" üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanmaly bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň sebitlerinde ilatyň energiýa üpjünçilik meseleleri barada habar berýärler.
“Gyş paslynda howanyň nähili boljakdygy belli däl. Ençeme obalarda ýerli ýaşaýjylar odun ýygnap, gyşa taýýarlyk görýärler. Sebäbi, gyş paslynyň aýazly günlerinde sebitlerdäki obalarda ilat ýeterlik möçberlerde tebigy gaz bilen üpjün edilip bilinmeýär. Şonuň üçin, adamlar öz problemalaryny özleri çözmäge çalyşýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Hususan-da, ýurduň çet obalarynda ýerli ýaşaýjylar ýygy-ýygydan hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirýärler. Sebitleriň ýaşaýjylary esasan sowetler döwründe işe girizilen durmuş infrastrukturalaryndan, elektrik energiýasyny geçiriji liniýalardan, köne transformatorlardan peýdalanmaly bolýarlar.
Degişli maglumat Balkanyň çetki obalary ‘orta asyrlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde’ aman galmaga çalyşýar“SSSR döwründen galan enjamlar köneldi. Elektrik geçiriji simleriň ulanyş möhleti bireýýäm doldy. Enjamlaryň könelmegi stansiýalarda näsazlyklara sebäp bolýar, toguň ýygy-ýygydan öçmegine alyp gelýär” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýdýar.
Azatlyk radiosynyň habarçylary medeni zonalardan alysda ýerleşýän obalarda elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýynyň pesdigini, hojalyklardaky çyralaryň öçügsidigini habar berýärler.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň baryp gören çet zolaklarynda ýerli ýaşaýjylar adaty bolmadyk howa şertlerinde, hatda çala şemal tursa hojalyk hyzmatlary bilen üpjünçilik ulgamlarynyň hatardan çykýandygyny aýdýarlar.
Bu aralykda, Türkmenistan soňky ýyllarda elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň eksport ugurlaryny giňeltmek ugrunda çynlakaý tagallalary durmuşa geçirýär. Bu ýurt häzirki wagtda Owganystan, Eýran, Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly sebit ýurtlaryna elektrik energiýasyny iberýär. Döwlet ýolbaşçylary elektrik energiýasynyň eksport kuwwatyny mundan-da beýläk giňeltmäge mümkinçiligiň bardygyny aýdýarlar. Dürli çeşmelere görä, Türkmenistan soňky on ýylda elektrik energiýasynyň önümçiligini 60 göterim töweregi ýokarlandyrdy. Halkara energetika agentligine görä, Türkmenistan geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende özüniň elektrik energiýasynyň eksportlaryny 30 göterim artdyrdy.
Ýöne ýurduň öz ilaty, hususan-da, çet obalaryň ýaşaýjylary “energetika jennetiniň” nygmatlaryndan doly peýdalanyp bilmeýär.
Türkmen hökümeti soňky ýyllarda tebigy gazyň eksport ugurlaryny hem giňeldirýär. Hökümet resmileri Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasy, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň Dördünji şahasynyň gurluşygy ýaly transmilli taslamalara içgin gyzyklanmalaryny beýan edip gelýärler. Galyberse-de, Türkmenistan ýaňy-ýakynda swap ylalaşygy esasynda goňşy Eýranyň üsti bilen Ýakyn Gündogarda ýerleşýän Yraga ýylda 9 milliard kub metrden gowrak möçberlerde gaz ibermek boýunça ylalaşyk gazandy. Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa, 2024-nji ýylyň tomus aýlaryna çenli, Russiýa, swap ylalaşygy esasynda Azerbaýjana tebigy gaz eksport edýär.
Degişli maglumat Maryda turan güýçli şemal sebitiň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik döretdiÝöne ýurduň öz ilaty, hususan-da çet obalaryň ýaşaýjylary könelişen turba geçirijileri, gazyň basyşynyň pes bolmagy ýaly problemalary başdan geçirýärler.
“Gaz turbalarynyň ulanyş möhleti tamamlandy. Köne turbalar çayşylmaýar. Gaz turbalarynyň deşilip, gazyň daşyna syzýan halatlaryna-da kän gabat gelinýär” diýip, energetika infrastrukturalarynyň ýagdaýyndan habarly bir hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Sebit ýaşaýjylary energetika üpjünçilik desgalarynda ýüze çykýan näsazlyklar, bejergi işleri barada ilatyň öz wagtynda habarly edilmeýändigini, şeýle näsazlyklaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
“Käbir obalarda gyş paslynda gaz üpjünçiligi pes bolansoň, adamlar hojalyk jaýlarynda peçde odun ýakyp ýylynýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli hünärmen elektrik energiýasyny geçiriji ulgamlarda, tebigy gaz üpjünçilik desgalarynda ýitgileriň hasaba alynýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa, daşky-gurşaw meselelerine-de ýol açýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sebitleriň ýaşaýjylarynyň energetika üpjünçiligi bilen bagly problemalary barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.