Russiýada we Belarusda okan ýaş ýuristler Türkmenistanda işe ýerleşip bilmeýär

Adalat köşgi. Aşgabat (arhiw suraty)

Daşary ýurtlarda bilim alyp, Türkmenistana dolanan ýaşlar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Diplomlaryny tassyklatmak uly mesele bolmagynda galýar, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň ençemesiniň diplomlaryny Türkmenistan ykrar etmeýär. Emma diplomlaryny tassyklatmagy başaran türkmen ýaşlary hem soň işe ýerleşmekde kynçylyk çekýärler. Azatlygyň habarçylary hususan-da kanunçylyk we ýurisprudensiýa ugurlardan bilim alan ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmekdäki kynçylyklary barada maglumat berýärler.

Daşary ýurtlarda kanunçylyk we ýuridiki fakultetleri tamamlap ýurduna dolanan ýaşlaryň diplomlaryny aşa köp para öwezine tassyklap bolsa-da, daşary ýurtlarda kanunçylyk ugrundan okan ýaşlara öz hünärleri boýunça iş bermeýärler diýip, habarçymyz bu ýagdaýyň esasan Orsýetde we Belarusda bilim alan türkmen raýatlaryna degişlidigini belleýär.

"Ilata äşgär edilmeýän gadaganlyk daşary ýurtlarda ýuridiki fakultetleri tamamlan ýaşlarymyzyň diplomy rus we belarus uniwersitetlerine degişli bolsa, olary sud, prokuratura, adalat we kanun çykaryjy edaralarynyň şahamçalaryna işe almaýarlar" diýip, habarçymyz kanun goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanýar.

Degişli maglumat Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, resmi taýdan äşgär edilmeýän bu gadagançylyk soňky 7 ýyldan gowrak wagt bäri saklanýar. Bu aralykda her ýyl türkmen ýaşlarynyň ençemesi daşary ýurtlarda bilim alyp, ýurduna dolanýar.

Hususan-da, Balkan welaýatynda onlarça adam Orsýetde we Belarusda okuwyny tamamlap, şu ýyl diplomly öýlerine dolanypdyr. Olardan hiç biriniň işe ýerleşmek boýunça edýän tagallalary netije bermändir.

"Golaýda rus uniwersitetiniň ýuridiki fakultetini tamamlap, ýurda dolanan tanyşym öz hünäri boýunça döwlet kanun goraýjy ähli edaralardan iş sorap çykdy. Onuň diplomyny görüp, işe almadan dessine ýüz öwürdiler" diýip, balkanabatly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen çeşmeler, kanun goraýjy edaralarda iş gözläp, işe kabul edilmeýän ýaşlaryň okan daşary ýurt okuw jaýlarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen ÝOJ-nyň sanawyna girýändigini we diplomlarynyň ýurtda tassyklanandygyny belleýärler.

"Işe alynmadyk ýaşlaryň tamamlan daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň Türkmenistan bilen şertnamalary bar. Hatda ol fakultetler Türkmenistanda rugsat berilen ýokary okuw jaýlaryna degişli. Diplomlary tassyklatmak hem mümkin. Ýöne ýazylmadyk bir düzgün bar" diýip, çeşme aýdýar.

Daşary ýurtlarda kanunçylyk we ýirisprudensiýa ugrundan bilim alan ýaşlar we olaryň ýakynlary işä ýerleşmekdäki kynçylyklardan nägile bolýarlar.

"Olar ýaly iş bermejek bolsa, hukuk fakultetlerinde okamaga rugsat bermesinler. Biziň ene-atalarymyz 5 ýyllap kösenip, pul ugradyp okatdylar. Bu döwlet tarapyndan hem uly çykdaýjy we biz ýaly ýaşlaryň ömrüniň 5 ýyl wagty köýüp gidýär" diýip, balkanly ýurist aýdýar.

Degişli maglumat Daşoguzda ýaşlar daşary ýurt diplomlaryny tassyklatmak üçin howpsuzlyk, maliýe hasabatyny bermeli bolýarlar

Türkmenistanyň bilim ministrligi 2023-nji ýylyň başynda ýurtda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň täze sanawy tassyklady, oňa dünýäniň 1500-den gowrak ýokary okuw jaýy girýär.

Muňa garamazdan, şol sanawdaky ÝOJ-ny tamamlan ýaşlaryň diplomlaryny tassykladyp bilmeýän we işsiz kösenýän halatlary seýrek däl. Ýokary bilimli ýaş hünärmenleri öz käri boýunça işlemegiň ýerine taksi sürmek, dükanlarda satyjy bolmak, ýük ulaglaryny sürmek ýaly agyr işlerde işlemeli bolýarlar, ýa-da daşary ýurtlarda galmagy saýlap alýarlar.

Türkmenistanda kanun derejesinde kabul edilýän düzgünleriň ençemesi iş ýüzünde işlemeýär. Resmi sanawa girizilen ÝOJ-laryny tamamlap, gelen türkmen raýatlarynyň ençemesi diplomlaryny tassyklatmakda kynçylyk çekýär we köp halatlarda para bermeli bolýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary we beýleki garaşsyz media serişdeleri habar berýärler. Türkmen resmileri we mediasy bu problemany gozgaman gelýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar (2-nji bölüm)

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.