Apreliň ortalaryndan bäri daşary ýurtlardaky köp sanly türkmenistanly studenti ynjalykdan gaçyrýan bir ýagdaý bar – daşary ýurt diplomlary we olaryň Türkmenistandaky güýji.
Türkmenistan özge ýurtlaryň bilim edaralaryndan berlen diplomlaryň ýurtdaky barabarlygyna üýtgeşmeler girizdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 16-njy martynda “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” 1176 belgili karara gol çekipdir.
Oňa laýyklykda, Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sany öňküsinden görnetin azalýan ýaly. Bu karar köplere täsir edýär.
Bu daşary ýurtlarda okaýan ýa-da okamaga isleg bildirýän ýaş türkmenistanlylarda we olaryň ene-atalarynyň arasynda dürli soraglaryň ýüze çykmagyna getirdi, seslenme döretdi.
Seslenmeler
“Dünýä Türkmenleri” gepleşigi 23-nji aprelde bu temany gozgap forum açdy. Azatlyk Radiosynyň websaýtynda we sosial mediadaky hasaplarynda okyjylar Türkmenistanda daşary ýurt diplomlarynyň kabul edilmegi bilen bagly tema hakynda dürli teswirleri galdyrdy.
Sözümiziň başynda şol seslenmelerden birnäçesini siziň dykgatyňyza ýetirýäris:
"Döwletimiz uniwersitetleri açyp beren bolsa ýeterlik derejede onda daşary ýurtlarda okajak bolýan ýaşlaryň hem sany azalardy. Öz ýurduňdan gowy ýer ýok. Ýöne Türkmenistan beýle mümkinçilikleri döredip bilenok. Ondan peýdasyz gurluşyklary etmegi gowy görýär. Ýaşaýyş jaý gurmagy azaldyp, dürli professiýa, ýagny dürli hünär berýän uniwersitetleri açsa gowy bolarmyka diýip pikir edýärin" diýip, “Maksim Lowrow” atly ulanyjy YouTube ulgamynda degişli wideonyň aşagynda teswir galdyrýar.
“Türkmenistana oňat spesialistler gerek bolsa, adamlaryň jübüsine däl-de [bilimine] garap okuwa we işe almaly. Muňa gözegçilik etmek üçin bolsa ýörite halal çyn ýürekden işleýän prezident ynanar ýaly topar döretmeli” diýip, ýörite toparlardan haraý gözleýän başga bir diňleýji tema barada öz pikirini aýdýar.
"Iş ýerlerini [köpeltmegiň deregine] öz azabyna bilim alýanja naçar, ejiz çagalaryň höweslerinem ýatyrsynlar. Näme üçinkä hemme kararlar halkyň bähbidine däl-de halkyň tersine-kä? Ýa ylymsyz ýurtda belli belli adamlaryň döwran sürmekleri üçin zerurmyka” diýip, “Nurgeldi Berdiýew” lakamly diňleýjimiz aýdýar.
“Ilkibaşda hökümedi ýamanlamagy bes ediň! Hökümet kömek edip dur ýaşlara. Gerek däl bolsa ibermände bolanokmy milleti? Ýurt gul ýaly. Men ýalan diýemok, milletiň ynsaby bolsa dogrusyny diýer her bir adam. Ýurtda salynýan jaýlary görüň, her bir öýe giriň! Ýekeje aç maşgala barmy?” diýip, “bahtiýar bahtiýarowiç” lakamly diňleýji temany açlyga çekýär.
"Men teswiriň nämedigine düşündim... Bu ugurlarda eýýäm okap ýörenleriňkem tassyklanmazmy, şony bilýän dälsiňiz? Meniň okuwy gutarmagyma diňe bir ýyl galdy. Ýa-da bular indi okuwa girjeklere degişlimi?” diýip, “Begijan” lakamly okyjy Azatlygyň saýtynda teswir galdyrýar.
“Gaýrat edäýiň, “podkurslar” näme etmeli indi?” diýip, “Jemşit Illekow” atly diňleýji YouTube ulgamynda teswir galdyrýar.
“Köp sanly türkmenler Duşenbede bilim aldy. Näme üçin Täjigistan [diplomy tassyklanýan ýurtlaryň] sanawynda ýok?” diýip, “Daniýar Sirkow” lakamly bir ulanyjy feýsbuk ulgamynda teswir galdyrýar.
“Bu sanawy nireden görüp bolar?” diýip, “Dinara Rozmetowa” lakamly beýleki bir feýsbuk ulanyjysy sorag berýär.
Sorag köp, ýöne jogap welin o diýen däl.
Habarlaryň hronologiýasy
Geliň, bir pursat daşary ýurt diplomlarynyň Türkmenistandaky barabarlygy barada soňky habarlara göz aýlap, geçilenleri gaýtalalyň!
16-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilim pudagynyň işgärleriniň paýtagt Aşgabatda mekdeplere aýlanyp, ýokary synp okuwçylary we olaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirýändiklerini habar berdi. Ýygnaklarda häkimiýetler:
- Daşary ýurt diplomlarynyň Türkmenistandaky barabarlygy barada prezidentiň gol çeken täze kararyny düşündirdiler.
- Raýatlary diplomy tassyklanjak daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy bilen tanyş etdiler.
- Diplomy tassyklanmaýan ýurtlara okamaga giden raýatlara resmi kursdan walýuta konwertasiýasyna rugsat berilmejekdigini aýtdylar
- Bu kararyň häzirki wagtda “podkurs”, ýagny “taýýarlyk” kurslarynda okaýanlara-da degişlidigini aýtdylar.
- Ýöne kararyň kabul edilmeginden öň 1-nji kursa okuwa girenlere täze güýje giren hökümiň degişli däldigini mälim etdiler
- Ýurt içindäki habarçylarymyz diplomy kabul edilýän daşary ýurt okuw jaýlarynyň sanawyny Azatlyk Radiosyna ugratdy. Olaryň hatarynda Russiýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň onlarça, Gazagystanyň 2, Gürjüstanyň 1, Belarusyň 1, Ukrainanyň 3 we Hytaýyň 100-den gowrak uniwersitetiniň ady bar.
19-njy aprelde bilim pudagynyň işgärlerinden hem-de güýç gullugynyň gullukçylaryndan düzülen toparlar Daşoguz şäheriniň häkimliginde-de ilat arasynda daşary ýurt diplomlary barada gürrüňdeşlik geçirdiler. Onuň dowamynda häkimiýetler:
- Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek, studentlerine okuw üçin walýuta konwertasiýasyna rugsat beriljek daşary ýurt ÝOJ-larynyň tassyklanan sanawyny yglan etdiler.
- Raýatlary täze sanawa laýyklykda okuw jaýyny saýlamagy maslahat berdiler
22-nji aprelde Azatlyk Radiosyna Belarusyň Bilim ministrligi tarapyndan ýaýradylan bir resmi hatyň esasynda Türkmenistanda diplomy kabul edilmejek 146 sany ýokary hünär ugrunyň sanawy hem-de agzalýan resmi hatyň nusgasy gelip gowuşdy. Bu şeýle bolup geçdi:
- Resmi hatda aýdylmagyna görä, 12-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrligi Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasyny daşary ýurt diplomlary barada Türkmenistanyň täze düzgüni bilen tanyş edýär.
- Görnüşinden, soňra Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy Belarusyň Bilim ministrligini Türkmenistandaky täzelik bilen resmi ýagdaýda habarly edýär.
- Belarusyň Bilim ministrligi döwlet edaralaryna ugradan hatynda türkmenistanly studentleri ýokary okuwa kabul edende bu üýtgeşmeleri göz öňünde tutmagy maslahat berýär.
- Resmi hatda daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda 146 sany hünär ugry boýunça alnan diplomlaryň Türkmenistanda kabul edilmejekdigi, ýöne dünýäniň abraýly uniwersitetlerinden alnan diplomlaryň kadadan çykma görnüşinde kabul edilip bilinjekdigi aýdyldy.
- Belarusda köp sanly türkmenistanly student ýokary bilim alýar.
10 gün töweregi dymyşlykdan soňra 24-nji aprelde türkmen metbugaty daşary ýurt diplomlarynyň Türkmenistandaky barabarlygy barada Bilim ministrliginiň taýýarlan Düzgünnamasyny çap etdi:
- Bilim ministrliginiň Düzgünnamasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” çykaran kararyna esaslanýar.
- Oňa laýyklykda, türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak mümkinçilikleri çäklendirilýär.
- Täze düzgüne laýyklykda, Türkmenistanda öňdeligi düzýän uniwersitetleriň sanawy “Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” we “The Times Higher Education World University Rankings” resmi internet sahypalaryna laýyklykda kesgitlenýär hem-de täzelenip durulýar
Zerur dokumentler
Täze düzgün 2019-njy ýylyň 16-njy martyndan soň okuwa girenlere degişli bolup, onda daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň ýokary bilim hakyndaky şahadatnamalaryny Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur dokumentleriň sanawy hem düşündirilýär.
Maglumata görä, türkmen hökümediniň salgy beren ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan raýatlar diplomlaryny Türkmenistanda tassyklatmak üçin arzalaryny, pasportlaryny, diplomlary eger GDA ýurtlaryndan alnan bolsa onuň türkmen diline terjimesini, beýleki ýurtlardan alnan bolsa onuň kanunylaşdyrylan göçürmesiniň türkmen dilindäki terjimesini, ýokary okuw jaýynyň öz ýurdunda akreditasiýa edilendigi barada güwähaty hem-de uniwersitetiň arhiw kepilnamasyny Türkmenistanda diplomlary tassyklaýan topara hödürlemeli. Türkmenistan daşary ýurt diplomyny tassyklatjak raýatdan döwlet synagyny alýar, zerur bolan halatynda ondan öz ugry boýunça belli bir möhlete çenli ýerli ýokary okuw jaýlarynda goşmaça tölegli bilim almagy hem talap edip bilýär.
Pikir soraşyk
“Siz Türkmenistanyň daşary ýurt diplomlary baradaky täze üýtgeşmelerini goldaýarsyňyzmy?” diýen sorag boýunça Azatlyk Radiosy 23 – 25-nji aprel aralygynda sosial mediada we öz internet sahypasynda pikir soraşyk geçirdi. Saýtda geçirilen pikir soraşyga 80 gezek ses berildi. Olaryň 48 %-i täze düzgüni goldap ses beren bolsa, 44 %-i oňa garşy ses berdi. Ýagny, geň ýeri, ylmy bolmadyk onlaýn pikir soraşyga gatnaşyp ses berenler saýtda täze düzgüni goldaýandyklaryny aýtdylar. Gatnaşanlaryň 9 %-ni täze üýtgeşmeler gyzyklandyrmaýar. Facebook ulgamynda geçirilen pikir soraşyga 2 günüň dowamynda 44 adam gatnaşdy, olardan 23 adam täze düzgüne garşy, 19 adam ony goldap ses berdi. Sosial mediada ses berişlige gatnaşanlaryň köpüsi täze düzgüni goldamaýar.
Türkmenistandaky daşary ýurt diplomlary bilen bagly üýtgeşmelere türkmenler we asly türkmenistanlylar biperwaý galmaýar. Olar sosial media sahypalarynda täze düzgün barada öz pikir-garaýyşlaryny beýanat edip, reaksiýa görkezýärler:
Iki diplomy tassyklatmak
“Meniň daşary ýurtdan 2 sany diplomym bar, hiçisinem [tassyklatmadym], etmek planymda-da ýok... Goşumy topladym-da göçüp gaýtdym Türkmenistandan, şol gaýtam aňsat boldy” diýip, “Mähri Merw” lakamly feýsbuk ulanyjysy ýazýar.
Teswirleriň arasynda “Şu düzgün “podkurs”, ýagny taýýarlyk kurslarynda okaýanlara-da degişlimi” diýen soraglar köp gaýtalanýar.
Aljyraňňylyk
25-nji aprelde “Dünýä Türkmenleri” gepleşigi bu tema bilen bagly interwýu haýyş edip, häzirki wagtda Türkiýede bilim alýan bir studente mikrofon uzatdy. Ol häzirki wagtda türkmenistanly studentleriň köpüsiniň aljyraňňy ýagdaýdadygyny, gorkýandyklaryny aýtdy; giňişleýin interwýu bermekden sypaýyçylyk bilen ýüz öwürdi.
“Dünýä Türkmenleri” Türkmenistandaky täze düzgün bilen bagly dünýä tejribesi bilen gyzyklanyp, ýokary bilimini Norwegiýanyň ýokary okuw jaýlarynda tamamlan we Türkmenistandaky şertlerden habarly hem-de häzirki wagtda Ýewropada ýaşaýan asly türkmenistanly Nazar bilen 25-nji aprelde söhbetdeş boldy:
Islendik ýurduň islendik diplomy tassyklanylmalymy?
“Ýewropanyň we umuman Günbatar ýurtlarynyň hersiniň öz şertleri bar, daşary ýurtlarda alnan diplomy tassyklamak üçin. Meselem, Norwegiýa ýaly ýurtda Günbatardan alnan diplomlary ýa-da Bolonýa prosesine degişli uniwersitetleriň diplomlary arkaýynlykda tassyklanylýar. Emma Orsýet ýaly ýurtlaryň diplomlary bolsa kynçylyk bilen tassyklanylýar. Onuň sebäbi – Orsýetde diplomy satyn alyp bolýanlygyndadyr. Şonuň üçin, meniň pikirimçe Türkmenistanda edilýän bu üýtgetmeler bir tarapdan dogry, ýöne bir uniwersitetiň diplomynyň tassyklanyp, beýlekiniň tassyklanmazlygy açyk prosesde belli bolmaly. Şol spisogy, meselem, haýsy ugurlaryň, haýsy uniwersitetleriň diplomlarynyň kabul edilýändigi, haýsylarynyň tassyklanýandygy belli bir prosese görä bellenilmeli. Şol şertler öňünden açyk bolmaly. Meselem, dogry, islendik ýurduň islendik ýokary okuw jaýynyň diplomy tassyklanylmaly diýlen ýeri ýok! Sebäbi, daşary ýurtda-da her dürli ýokary okuw jaýy bar, olaryň hili pesi bar, hili gowusy bar emma meselem Orsýetiň uniwersitetlerinde diplomy satyn hem alyp bolýar. Şolar ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin belli bir proses bolmaly, şol proses görä-de tassyklanýan we kabul edilýän uniwersitetler bolmaly. Ýöne, elbetde, Türkmenistan bu işi gowy ýerine ýetirip bilermi ýa ýetirip bilmezmi, ol eýýäm başga gürrüň” diýip, Nazar aýtdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt diplomlaryny kabul etmegiň düzgünlerini metbugatda çap etdi. Muňa daşary ýurtlardaky okaýan studentleriň görkezýän ynjalyksyz reaksiýalary barada Nazar şeýle pikir beýan etdi:
“Bu ýagdaý okap ýören adamlary her dürli panika salyp biler. Meselem, okuwy gutarandan soň meniň diplomym tassyklanarmy ýa tassyklanmazmy diýen sorag peýda bolýar. Şol soraglaryň esasynda geljekdäkiler başgaçarak pikir eder. Olar indi şol spisoga salgylanyp, plan ýere okuwa gitsem tassyklanar, ýa-da plan ýere okuwa gitsem tassyklanmaz diýip, göz öňünde tutsalar..! Şu wagt okap ýörenleriň ýagdaýy biraz kynyrak” diýip, Nazar aýtdy.
Türkmenistana dynç alşa giden studentler yzlaryna, okuw jaýlaryna dolanyp bilýärmi?
Azatlygyň okyjylarynyň sosial mediada edýän gürrüňlerinden ugur alsaň, häzirki wagtda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentleri esasan näbellilik we gümürtiklik agyr güne salýar; olar öz diplomlarynyň tassyklanyp tassyklanmazlygyndan howatyr edýär. Beýleki tarapdan, olary diňe bir diplomlarynyň Türkmenistandaky barabarlygy däl, eýsem, dynç alyş üçin Türkmenistana dolanyp, dynç alyşdan soň yzlaryna, okaýan ýurtlaryna gitmäge türkmen häkimiýetleriniň rugsat berip bermejegi hem talyplary alada goýýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynda 24-nji aprelde şeýle habar çap boldy: Täjigistanda bilim alýan 100-e golaý türkmenistanly talybyň şu okuw ýylynyň başyndan bäri Türkmenistandan Täjigistana gitmeklerine rugsat berilmeýär. Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlara düşündiriş bilen köpçüligiň öňünde çykyş etmeýär.
Täjigistanda ýokary bilim alýan Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy 31 ýaşly Dünýäniň 24-nji aprelde Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Duşenbede bilim alýan türkmenistanlylaryň sany az däl. Ýöne olar yzlaryna, Türkmenistana dolanyp baranlarynda iş üpjünçiliginden kösenýärler:
"Indi Türkmenistandan Täjigistana studentler pedagogika ugrundan bilim almak üçin köp gelýärler. Diňe biziň bäş müň ýaşaýjyly obamyzdan Duşenbede 50 adam okaýar. Türkmenistanda mugallymlaryň aýlygy 500 dollar, şonuň üçin ýaşlar mugallym bolmak isleýärler. Emma hökümet olary iş orunlary bilen üpjün edip bilenok" diýip, Täjigistanda bilim alýan türkmenistanly student aýdýar.
Daşary ýurtlardaky studentleriň sany
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň anyk sany mälim däl, ýöne meselem resmi bolmadyk maglumatlara görä, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda 4.000 töweregi türkmenistanlynyň bardygy çak edilýär. Fewral aýynda Aşgabada eden saparynda mediada eden çykyşynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 30 müňden gowrak türkmenistanlynyň Russiýada bilim alýandygyny aýtdy.
Fewral – mart – aprel
Azatlyk Radiosy şu ýylyň fewral aýynda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň Aşgabadyň Halkara aeroportundan daşary ýurtlara goýberilmeýändigi barada habar beripdi. Mart aýynda Türkmenistanda daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlarynyň ykrar edilmegi barada täze karar çykdy. Aprel aýynda bu karar jemgyýetçilige ýetirildi. Üstümizdäki günlerde nähili täzelikler bolar!? Ony diňe wagt görkezer!