Rus hüjümleri öten agşam dürli sebitlerde ukrainaly birnäçe asuda raýaty heläkledi we şikesledi diýip, ukrain resmileri 8-nji sentýabrda aýtdy. Biraz öň, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň öz çägine gönükdirilýän rus howa zarbalaryny öňünden togtatmak maksady bilen, ‘uzak aralyk çözgütleri’ boýunça tagallalary dowam etdirýändigini aýtdy.
8-nji sentýabrda giç agşam çap edilen wideoda Zelenski soňky bir hepdäniň dowamynda rus güýçleriniň “800-den gowrak tanka garşy raketalar, 300 çemesi ‘Şahed’ dronlary we 60-dan gowrak ballistik raketalar bilen” Ukrainany nyşana alandyklaryny aýtdy.
“Bu terror diňe bir ýol bilen – rus harby howa meýdançalaryna, olaryň harby bazalaryna, rus terrorynyň logistikalaryna zarba urmak arkaly – ynamly togtadylyp bilner” diýip, ol aýtdy.
Ukrainanyň howa güýçlerine görä, Russiýa 9-njy sentýabra geçilen gije Belgorod sebitinden dört sany gönükdirilen raketalar bilen, hem-de 23 sany Eýranda öndürilen “Şahed” dronlary bilen zarba urdy.
Degişli maglumat Rus dronlary Kiýewe hüjüm edýär, Ukraina hökümet özgerişligini geçirýär“Duşmanyň hüjümi Ukrananyň Goranmak güýçleriniň howa hüjümlerinden goranyş güýçleri, ykjam ot açyş toparlary we elektron söweş sungaty bölümçeleri tarapyndan yza serpikdirildi” diýip, Telegramda berlen beýanat aýtdy.
Ukrainanyň Sumy şäherine öten agşam edilen rus hüjümlerinde uly ýaşly bir jübüt öldürildi diýip, resmiler 9-njy sentýabrda aýtdy.
“Başga-da dört adam, şol sanda iki ýaşly gyz we sekiz ýaşly oglan şikeslendi” diýip, ýerli prokuratura edarasy Telegramda ýazdy.
Habar berilmegine görä, bir ýaşaýyş jaýy ýykyldy we başga-da iki jaý zyýan çekdi.
Donetsk sebitindäki Mykolaýiwka şäherinde bir myhmanhana edilen rus zarbasynda haýwanlaryň abadançylygy bilen meşgullanýan iki ukrainaly işçi heläk boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy 9-njy sentýabrda habar berdi.
Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň resmileri 9-njy sentýabrda awtomobil zawodynda bolan gelip çykyşy näbelli bir partlamada azyndan iki adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.
“Deslapky maglumatlara görä, iki adam heläk boldy, harabaçylygyň aşagynda başga adamlaryň-da galan bolmagy mümkin” diýip, Kiýewiň harby administrasiýasy Telegramda ýazdy we halas ediji işçileriň wakanyň bolan ýerindedigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu ýerde iki gatly bir bina “bölekleýin ýykyldy” diýip, resmiler ýazdy.
Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory öten gije harby serişdeleriň asmandan gaçmagy netijesinde üç adamyň, şol sanda iki çaganyň şikes alandygyny, we iki ýaşaýyş jaýynyň “ýykylandygyny” aýtdy. Gubernator Wýaçeslaw Gladkow gijäniň dowamynda howa hüjümlerinden goranyş güýçleriniň işjeňleşdirilendigini we “birnäçe howa nyşanalarynyň” urlup ýykylandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Russiýa Kiýewi pilotsyz uçarlar we raketalar bilen nyşana alýarGladkow 8-nji sentýabrda ukrain güýçleriniň bir ýangyç ammaryna hüjüm edip, yzly-yzyna ýangynlara sebäp bolandygyny aýtdy.
“Ukrain harbylary, ölüm howply dronlaryň kömegi bilen Wolokonowskiý etrabynda bir ýangyç saklawhanasyna hüjüm etdiler” diýip, Gladkow bir serhet ýaka sebiti göz öňünde tutup, Telegramda ýazdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu maglumatlary garaşsyz tassyklap bilmeýär.
Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi 8-nji sentýabrda öz güýçleriniň gündogarda ukrain harbylary üçin möhüm logistika geçelgesi bolan Pokrowskdan 12 kilometr çemesi aradaşlykda ýerleşýän Nohowrodiwka şäherçesini alandyklaryny aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby günüň ikinji ýarymynda beren hasabatynda tutuş Pokrowsk sebitinde ýagdaýyň “dartgynly” bolandygyny, birnäçe şäherçäniň, şol sanda Nohowrodiwka şäherçesiniň töweregindäki sebitlerde “agyr söweşleriň” barýandygyny aýtdy.
“Duşman şu wagta çenli ukrain pozisiýalaryna 23 hüjüm amala aşyrdy. Alty ýerde söweşler dowam edýär” diýip, hasabat aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.