Prokuratura işgärleri döwlet edara-kärhanalarynda barlag geçirýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda, şol sanda bilim we terbiýeçilik edaralarynda prokuratura barlaglary geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp, 13-nji fewralda maglumat berdi.

Aşgabatdan iberilen prokuratura işgärleri sişenbe güni welaýatyň çäginde ýerleşýän ençeme bilim edaralarynda barlag geçirdiler diýip, çeşmeler aýdýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, orta hünär mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda seljeriş işleri geçirilýär.

Derňew işleriniň maksady we anyk sebäpleri barada maglumat berilmeýär, ýöne bilim we terbiýeçilik işgärleri seljeriş işleriniň çäginde döwlet edaralarynda bar bolan iş orunlary boýunça maglumatlaryň toplanylýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Prokuratura barlaglary harby bölümleriň ‘aýbyny açýar’

“Prezident ýaňy-ýakynda täze iş orunlarynyň döredilmegi barada gürrüň gozgady, häzir pensiýa ýaşyny dolduryp, döwlet edara-kärhanalarynda heniz hem işläp ýören adamlar özleriniň iş ýerlerini ýitirmek gorkusyny başdan geçirýärler” diýip, bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bilim we terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan seljeriş işleri işgärleriň arasynda iş howpsuzlygy bilen bagly howatyrlanmalary möwjetdi.

Pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlar bilen bir hatarda iş ýüki az bolan, az sagat okadýan mugallymlar hem özara gürrüňdeşliklerde öz işlerini ýitirmek gorkusyny başdan geçirýändiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýokary okuw jaýlarynda okan döwürlerinde “çärelerden çärelere gatnap” wagt geçiren ýaş mugallymlar hem özleriniň birmeňzeş aladalara gümra bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ýöne hökümet mejlisinde iş orunlaryny kemeltmek däl, täze iş orunlaryny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Galyberse-de, prokuratura işgärleriniň bilim edaralarynda alyp barýan seljeriş işleri bilen bar bolan iş orunlarynyň gysgaldylmak ähtimallygynyň arasyndaky mümkin bolan arabaglanyşyk gümürtik galýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda geçiren giňişleýin hökümet mejlisinde ýurdy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady.

Türkmen metbugatyna görä, bu maksatnamanyň çäklerinde ýurtda “täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek” meýilleşdirilýär.

“Pensiýa ýaşyny dolduran işgärler iş orunlaryny ýitirseler, ýaşlara kyn bolar. Ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, zähmet ýoluna gadam basýan ýaş mugallymlar ‘biz indi zähmet çekmegi öwrenmesek kyn bolar’ diýýärler. Institutda okan döwürlerimizde ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyň deregine ‘çärelere gatnamagy öwrendik’ diýýärler” diýip, bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, pensiýa ýaşyny dolduran işgärleriň arasynda “eýýäm tanyş görüp, iş orunlaryny saklap galmaga çalyşýan” adamlar bar diýip, mugallymlar aýdýarlar.

Degişli maglumat Baýramalynyň polisiýa, prokuratura we howpsuzlyk edaralarynda barlaglar geçirilýär

Azatlyk Radiosy Mary welaýatyndaky edara-kärhanalarda alnyp barylýan seljeriş işleri barada sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal ýurduň edara-kärhanalarynda geçirilýän derňew işleriniň netijeleri, ýol berilýän kemçilikler, düzgün bozmalar barada habar berýär. Şeýle habarlarda köplenç prokuratura edaralary dürli kanun bozmalarda aýyplanýan döwlet gullukçylary we beýlekiler barada hasabat berýärler.

Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesini görkezýän statistiki sanlar jemgyýetçilige açylmaýar. 2018-nji ýylda çap edilen bir BMG hasabaty ýurtda işsizligiň derejesiniň 3,3 göterim bolandygyny aýtdy. Aziýanyň ösüş banky şol ýyl işsizligiň ýurtdaky derejesini 3,8 göterim hökmünde görkezdi. Bütindünýä bankynyň çap eden iň soňky çaklamalary Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 2022-nji ýylda takmynan 5 göterime çykandygyny görkezdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynyň etraplarynda we şäher ýerlerinde ýerleşýän ähli döwlet edara-kärhanalarynda prokuratura barlaglarynyň alnyp barylýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurtdaky iş mümkinçilikleriniň ýagdaýy, işsizligiň derejesi we zähmet bazarynyň elýeterliligi barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.