Şu günler Daşoguz welaýatynda Özbegistana gitmek isleýän raýatlaryň “Daşoguz-Şabat” gümrük nokadyndan geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.
Ýerli ýaşaýjylar olaryň aglabasynyň daşary ýurtlarda zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlarydygyny ýa-da iki ýurduň arasynda söwda-satyk bilen meşgullanýan kiçi telekeçilerdigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýagdaýlardan habarly ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, 18-nji noýabrda sebitden beren maglumatynda gümrük nokadyndaky türkmen resmileriniň bu raýatlary jikme-jik barlagdan geçirýändigini belleýär.
Degişli maglumat Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi“Özbek tarapyndan hiç hili problema ýok. Aşgabatdaky özbek ilçihanasy hem, wizany bir hepdäniň dowamynda taýýarlap berýär. Ýöne türkmen gümrük resmileri köp raýata dogan-garyndaşlarynyň Russiýada, Türkiýede gaçak işleýändigini aýdyp, olardan göz öňünde tutulmadyk goşmaça resminamalary soraýarlar we olary gümrükden geçirmeýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu resminamalaryň arasynda raýatyň nika haty, barjak ýeriniň adresi we şol öýüň hojaýynynyň pasport nusgasy we beýlekiler bar. Ýaşaýjylar bu resminamalary ýygnamagyň birnäçe güne ýa-da hepdä çekýändigini aýdýarlar.
“Iş ýüzünde resmileriň syýahat wizasy bilen Özbegistana barýan raýatlardan bu resminamalary soramaga haky ýok. Olar bu talaplaryň sebäbini hem aç-açan düşündirmeýärler” diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.
Ýaşaýjylar bu talaplar esasynda soňky bir aýyň dowamynda daşary ýurtlarda zähmet çekýän raýatlaryň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlarynyň onlarçasynyň Özbegistana gitmegine rugsat berilmändigini aýdýarlar.
“Gümrük resmileri ýanynda göz öňünde tutulandan sähel köp ýüki bolan raýatlara hem azar berýärler. Olar bu raýatlary söwda edip, ýurdy masgara etmekde aýyplaýarlar we gümrükden geçirmeýärler” diýip, başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylar bu ýagdaýlary "häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagynyň öňüni almak çäresi" we “migrasiýa we gümrük işgärleriniň açgözlügi” häsiýetlendirýärler.
Degişli maglumat Özbegistana barýan türkmen raýatlarynyň serhetden geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlar köpelýär“Araçylaryň üsti bilen 50 ABŞ dollaryny beren raýatlaryň gümrükden geçmegine we ýük geçirmegine gürrüňsiz, meselesiz rugsat berilýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, bu raýatlar 50 kg mal etini, bir telewizory, bir tozan sorujyny, bir elektrik duhowkany, ýagny 90 kilograma çenli ýüki gümrükden geçirip bilýärler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Daşoguz-Şabat” gümrük nokadyndan telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýanyň 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň websaýtynda görkezilen degişli telefon belgilerine jaň edip, gümrük nokady bilen habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmen we özbek resmileri özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ýygy-ýygydan ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmen hökümetine tarapdar neşirlerde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdarynyň ýokarlanýandygy wagtal-wagtal mälim edilýär.
Muňa garamazdan, iki ýurduň arasynda raýatlaryň özara syýahaty bilen bagly päsgelçilikler ençeme ýyl bäri dowam edýär.
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana sapar edýän raýatlaryň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine aç-açan mälim etmeýär.
Özbek Statistika gullugynyň sentýabrda çap eden sanlaryna görä, Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistana sapar eden daşary ýurt raýatlarynyň sany boýunça bäşinji orunda durýar. Bu döwürde 102 müň 900 türkmenistanly syýahatçylyk wizasy bilen Özbegistana sapar etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.