Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistana barýan türkmen raýatlarynyň serhetden geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlar köpelýär


“Farap awtoýollary” gümrük nokady (Illýustrasiýa suraty)
“Farap awtoýollary” gümrük nokady (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynda Özbegistana gitmek isleýän raýatlaryň gümrük nokadyndan geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.

Bu barada şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan lebaplylaryň ençemesi, şeýle-de Türkmenabat şäher häkimligindäki ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Geçen hepde men özbek wizasyny alyp, ähli resminamalarymy taýýarlap, serhede baranymda, meniň serhetden geçip bilmejekdigini aýtdylar. Men olara ähli resminamalarymyň düzüwdigini aýdyp, ýa-da näsaz resminamam barmy diýip soradym. Olar hemme zat düzüw, ýöne ýurtdan çykmak bolanok diýmek bilen çäklendiler” diýip, lebaply bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlykda wakanyň anyk haýsy senede bolandygy barada maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan lebaplylaryň başga-da birnäçesi özleriniň syýahatçylyk, söwda, saglyk bejergisi we okuw üçin Özbegistana gitmek isländiklerini we degişli özbek wizalarynyň bardygyny hem aýtdy.

“Käbir adamlara Türkmenabatdaky Döwlet Migrasiýa gullugynyň edarasyna baryp soramagy maslahat berýärler. Ýöne bu ýerde-de hiç hili jogap berilmeýär” diýip, lebaply başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Häzirki wagtda türkmen raýatlarynyň Özbegistana gitmek mümkinçiliginiň kynlaşandygyny Türkmenabatdaky syýahatçylyk firmalarynyň ençemesi hem tassyklaýar.

Syýahatçylygy guramalaşdyrmaga, özbek wizasyny almaga kömek edýän bu firmalaryň işgärleri gelen müşderilere ýurtdan çykmak mümkinçiliginiň pesdigini, hususan-da, iş wizasy bilen Özbegistana gitmegiň kyndygyny duýdurýarlar.

“Men olardan munuň sebäbini soranymda, olar sebäbini biz hem düşündirip bilmeýäris, ýöne şansyň juda pesdigini duýdurmaly bolýarys. Sebäbi siz hem köp maddy çykdajy edýärsiňiz diýip, aýtdylar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu ýagdaýlary Türkmenabadyň häkimligindäki çeşmämiz hem tassyklap, munuň sebäbini soňky aýlarda Özbegistana gazanç etmäge gidýän lebaplylaryň sanynyň “rekord derejelere” ýetendigi bilen düşündirýär.

“Anyk sanlar işgärlere mälim edilmedi” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Farap awtoýollary” gümrük nokadyndan, Lebabyň Migrasiýa gullugyndan we Türkmenabat şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine aç-açan mälim etmeýär.

Ýöne geçen aý Özbegistanyň Statistika gullugy ýurda şu ýylyň ilkinji alty aýynyň dowamynda syýahat eden daşary ýurtlularyň sanawyny çap etdi.

Maglumata görä, degişli döwürde türkmen raýatlarynyň 462 sanysy saglyk bejergisini almak, 67 müň 200 sanysy syýahatçylyk, 1 müň 937 sanysy okuw we 23 müň 376 sanysy söwda maksatly Özbegistana barypdyr. Bellesek Türkmenistan, Özbegistana söwda maksady bilen syýahat eden daşary ýurtlularyň sany boýunça, birinji orunda durýar.

Türkmen we özbek resmileri özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ýygy-ýygydan ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmen hökümetine tarapdar neşirlerde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdarynyň ýokarlanýandygy mälim edilýär.

Muňa garamazdan, iki ýurduň arasynda raýatlaryň özara syýahaty bilen bagly päsgelçilikler ençeme ýyl bäri dowam edýär.

Özbegistana barýan türkmen raýatlarynyň serhetden geçirilmezligi bilen bagly nobatdaky maglumatlar, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Türkmenistanda daşary ýurda barýan raýatlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň onlarça gezek ýüze çykan mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG