Özbegistana 7 aýda 40 müňe golaý türkmenistanly syýahat etdi

Samarkandy görmäge gelen adamlar

Şu ýylyň ýedi aýynda 40 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi diýip, türkmen metbugaty Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky döwlet statistika agentligine salgylanyp habar berdi.

Bu görkeziji Türkmenistany şu ýyl Özbegistana syýahata baran raýatlarynyň sany boýunça 6-njy orunda goýýar. Habarda aýdylmagyna görä, ýylyň ýedi aýynda jemi 39,6 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edipdir.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistan bu meselede ilkinji bäşlige girýän ýurtlardan, Täjigistandan (1 million 151 müň), Gyrgyzystandan (912 müň), Gazagystandan (879 müň), Russiýa Federasiýasyndan (417 müň) we Türkiýeden (58 müň) has yzda.

Neşir şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sanynyň 3 million 680 müň adam bolandygyny belleýär.

“Türkmenportal” mundan öň, şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 29,5 müňden gowragynyň Özbegistana syýahat edendigini habar beripdi.

Neşiriň hasaplamalaryna görä, häzirki görkezijiler Özbegistana syýahat edýän türkmenistanlylaryň diňe bir aýda 10 müňden gowrak artandygyny görkezýär.

Emma synçylar türkmenistanlylaryň köpüsiniň daşary ýurtlara syýahatçylyk üçin däl-de, köplenç iş, gazanç mümkinçiliklerini gözläp ýa-da okamak üçin gidýändigini, ýurtdaky ykdysady çökgünligiň barha kän adamy ýurtdan çykmaga mejbur edýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Özbegistanyň üstünden daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar köpelýär. Ýolagçylar türkmen gümrük işgärleriniň işinden nägile bolýar