Russiýada ýaşaýan türkmenleriň sosial ulgamlardaky toparlarynda migrantlaryň bu ýurtda özüni alyp barmagyna degişli türkmen dilindäki maglumatlar peýda boldy. Migrantlaryň köpçülikleýin ýerlerde gaty geplemezligi we öz dilinde pyşyrdaşmazlygy ýaly duýduryşlary berýän bu maglumatlar rus jemgyýetinde migrantlara çydamsyzlygyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.
Telegram ulgamynda türkmen dilinde peýda bolan bildirişlerde Russiýada bikanun ýagdaýda ýerleşýän daşary ýurtly raýatlar üçin dürli hyzmatlara elýeterliligi çäklendirýän berk düzgünleriň girizilýändigi habar berilýär.
"Migrasiýa kanunçylygyny bozýan migrantlar ýörite sanawa girizilýär, bu sanaw olara döwlet we kommersiýa hyzmatlaryna elýeterliligiň öňüni alýar. Çäklendirmeler bikanun statusy bolan daşary ýurt raýatlarynyň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň köp ugurlaryna täsir edýär" diýlip, "Tatarstandaky türkmenler" atly Telegram toparynda ýerleşdirilen maglumatda aýdylýar.
Maglumatda bellenişine görä, bu bikanun migrantlaryň hasap açmak ýa-da maliýe amallaryny geçirmek mümkinçiliginden mahrum boljagyny, olaryň nika baglaşmak ýa-da resminamalary almak ýaly döwlet hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmejegini aňladýar.
Telegram ulgamynda türkmen dilinde paýlaşylan bu maglumat Orsýetde şu tomus migrantlar üçin öňe sürlen düzgünleri gaýtalaýar.
Iýunyň aýagynda Russiýanyň Milletler boýunça federal edarasy (RMFE) Merkezi aziýaly migrantlara degişli täze düzgünleriň girizilýändigini mälim etdi. Şol sanda migrantlaryň öz ene dillerini ulanyşyny düýpli çäklendirýän, şeýle hem olara jemagatyň öňünde namaz okamak we dini maksat bilen mal soýmak ýaly çäreleri gadagan edýän talaplaryň girizilýändigi duýduryldy.
"Kommersant" gazetinde çap bolan şol maglumata görä, leksiýa şekilinde beýan edilen bu düzgünleriň içinde migrantlaryň rus dilini we migrasiýa kanunlaryny hökmany bilmäge borçludygy aýdylýar; orsýetliler bilen gürrüň edilende, öz ene diliňden peýdalanmak, şeýle hem başga jynsdaky adama garşy sykylyk çalmak gadagan edilýär. Olara öz ene dilinde köpçülik ýerlerinde "hatda pyşyrdamagyň" hem gadagandygy tabşyrylýar.
Bu düzgünler Russiýada merkezi aziýaly migrantlar babatynda çydamsyzlygyň güýçlenýän döwrüne gabat geldi. Rus häkimiýetleri bikanun migrantlary gözläp, deportasiýa etmek işlerini öň görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirýärkä, rus jemgyýetinde migrantlary açyk kemsitmek we olara zorluk görkezmek ýaly wakalar köpelýär.
Migrantlaryň özlerini alyp baryşyna degişli düzgünleriň sosial ulgamlarynda türkmen dilinde paýlaşylmagy Russiýada zähmet migrantlary üçin dörän töwekgelçilikler barada türkmen raýatlaryny köpçülikleýin habarly etmek boýunça ilkinji bildirişdir.
Orsýetiň Tatarstan regionyndaky türkmen raýatlarynyň Telegram toparynda paýlaşylan maglumatda migrantlara degişli esasy üýtgeşiklikler sanalyp geçilýär.
Degişli maglumat "Diňe rusça geplemeli, öz diliňde pyşyrdamagam gadagan". Russiýada Merkezi aziýaly migrantlar üçin täze düzgün"Bu, bikanun statusy bolan migrantlaryň sürüjilik şahadatnamasyny alyp ýa-da ulanmagynyň gadagan edilendigini aňladýar. Mundan başga-da, olara ýaşaýyş jaýyna ýa-da ulaglara eýeçilik hukugy boýunça hasaba alynmakdan ýüz öwrüler. Maşgala hukugy hem çäklendiriler: bikanun migrantlar çagalaryny çagalar baglaryna ýa-da mekdeplere ýerleşdirip bilmezler, bu bolsa eýýäm maşgalasy bolanlar üçin goşmaça kynçylyklar döredýär. Bu çäreler migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmäge we ýurtdaky bikanun migrasiýanyň öňüni almaga gönükdirilýär".
Russiýada migrantlar üçin şertleriň agyrlaşmagy Merkezi Aziýanyň hökümetlerini öz raýatlaryna Russiýa gitmekden saklanmagy resmi görnüşde duýdurmaga iterdi.
Täjigistanyň adam hukuklary boýunça ombudsmeni Umed Bobozoda Russiýada täjigistanly migrantlaryň kemsidilýändigini aýdyp, täjikleriň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyndan alada bildirdi.
Gyrgyzystanyň Zähmet ministrligi 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 85% köp migrantyň Gyrgyzystana gaýdyp barandygyny mälim etdi.
Türkmen hökümeti öz migrant raýatlary barada açyk alada bildirmedi. Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň resmi websaýtynda hem migrantlara degişli maglumat çap edilmedi. Türkmenistan öz raýatlarynyň Russiýa we beýleki ýurtlara migrasiýa akymyny görkezýän resmi sanlary hem köpçülige mälim etmeýär.
Bu aralykda Russiýanyň hökümeti, 2025-nji ýylda migrantlaryň wagtlaýyn ýaşamagy üçin kwotasyny iki esse azaldandygyny yglan etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.