Metbugat ukrain çagalarynyň Türkmenistana iberen hoşallyk haty barada habar berýär, urşy agzamaýar

Ukrainadan Türkmenistana iberilen minnetdarlyk hatlary we hoşallyk suratlary

Türkmen metbugaty mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyndan ynsanperwer ýardamlary kabul edip alan ukrain çagalarynyň Türkmenistana iberen minnetdarlyk hatlary barada habar berýär, ýöne Ukrainada dowam edýän rus çozuşyny agzamaýar.

Ýatlasak, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini iberipdi.

“Orient” elektron neşirine görä, Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçisi Wiktor Maýko düýbi Arkadag şäherinde ýerleşýän haýyr-sahawat gaznasynyň edara binasynda ýaňy-ýakynda geçirilen dabarada ynsanperwer kömek üçin ukrain halkynyň adyndan hem-de öz adyndan türkmen ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Ilçi Türkmenistandan sowgat alan çagalaryň we saglyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda Kiýewdäki “Ohmatdyt” çagalar hassahanasynyň we Bilozersk hassahanasynyň hoşallyk hatlaryny, Ukrainanyň dürli sebitlerinden iberilen fotosuratlary türkmen ýolbaşçylaryna gowşurypdyr.

Degişli maglumat Türkmenistan Ukrainadaky rus agressiýasyny agzamazdan, ukrain çagalaryna ýardam iberýär

Ilkibaşda, mart aýynda Ukraina ynsanperwer kömek iberilende, onuň Ukrainanyň haýsy sebitlerine iberiljekdigi mälim bolmady. Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna gumanitar ýardam ibermek barada gol çeken kararynda Ukraina döwletiniň adyny agzamady.

Türkmenistana hat iberen we türkmen metbugatynda ady agzalýan çagalar hassahanasy Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde, Bilozersk hassahanasy bolsa, ençeme wagt bäri aldym-berdimli söweşler barýan gündogar Donetsk sebitiniň Bilozersk şäherinde ýerleşýär.

Arkadag şäherindäki haýyr-sahawat gaznasynyň edara binasynda geçirilen hoşallyk dabarasyna Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi Wiktor Maýko bilen bir hatarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdulyýew we haýyr-sahawat gaznanyň müdiriýetiniň agzalary gatnaşypdyr.

Meredow dabarada eden çykyşynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýandygyny we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny aýdypdyr.

Ukrain ilçisi duşuşykda eden çykyşynda ynsanperwerlik kömegini almagyň ukrain çagalarynyň durmuşynda şatlykly waka bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýarym-resmi elektron neşirler Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşuny agzamaýarlar.

Şeýle-de, döwlet ýolbaşçylary halkara arenasynda bolup geçýän dartgynly wakalar babatda köplenç ýurduň bitaraplyk statusyna salgylanyp, tarap tutmazlyk pozisiýasyny saýlap alýarlar.

Degişli maglumat Ýylyň jemleri: Moskwa Aşgabatdan aslyşmagyny azaltmady

Ukrainada bir ýarym ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän rus urşy şu wagta çenli Türkmenistanda ne habar serişdelerinde, ne-de resmi beýanatlarda agzaldy.

Daşary ýurt mediasyny yzarlamaga mümkinçiligi bolan ýurt raýatlary köplenç uruş habarlaryny daşary ýurt media serişdeleriniň, hususan-da rus mediasynyň üsti bilen kabul edip alýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda uruş sebäpli Russiýa ýazgarylyp geçirilýän ses berişliklere gatnaşmaýar.

Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina esassyz goşun girizdi. Ukrain harbylary ýurduň çäk bitewiligini we özygtyýarlylygyny goramak üçin rus çozuşyna garşy durýar. Günbatar ýurtlary ukrain halkynyň özygtyýarlylyk we çäk bitewiligi ugrundaky göreşine ýardam berýär. Şol bir wagtda, goňşusynyň üstüne esassyz goşun girizen Moskwa halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylýar we Günbatar döwletleri tarapyndan ykdysady sanksiýalara sezewar edilýär.

Şol bir wagtda, Halkara jenaýat kazyýeti (HJK) ukrain çagalarynyň zor bilen Russiýa deportasiýa edilmegi boýunça uruş jenaýatlary aýyplamalary bilen mart aýynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini tussag etmek barada order çykardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.