Marynyň mekdeplerinde 'ahlak meselesi' orta goýulýar

Mekdep okuwçylary. Türkmenistan (Arhiw suraty)

Mary welaýatynyň mekdeplerinde yzygiderli ýygnaklar geçirilýär. Häkimlik tarapyndan geçirilýän ýygnaklarda ýaş nesliň terbiýesiniň bozulýanlygy we ýaş gyzlaryň "ýoluny ýitirýändigi" aýdylýar. Bu barada Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri Marydan habar berýär.

Welaýat häkimligi tarapyndan şu günler orta mekdeplerde geçirilýän ýygnaklarda gozgalýan meselleriň biri okuwçylaryň mekdebe barman, sapaklardan galmagyna degişli.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, mekdeplerdäki ýygnaklarda ýetginjek mekdep okuwçylaryň arasynda mekdebe barman, sapaklardan gaçyp, kafelerde içgi içip wagtlaryny geçirýänleriň köpdügi aýdylýar. Şeýle-de, bu ýagdaýyň şäher mekdeplerinde has köp duş gelýändigini we mekdebi gutarmadyk gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň sanynyň köpdügini resmiler aýdypdyr.

Degişli maglumat Maryda okuwçylaryň ene-atalaryna öz çagalaryna gözegçiligi artdyrmak tabşyrylýar

Bilim resmileri we häkimiýet wekilleri okuwçylaryň özlerini alyp baryşyna degişli problemalary olara maşgalalarda kadaly terbiýe berilmeýänliginde görýärler.

"Mugallymlar tertibi bozan okuwçylaryň dogan-garyndaşlaryny mekdebe çagyryp, çäre görmegi sorasalar, olar hem özleriniň çäresizdigini aýdýarlar. Ene-atalary ýanlarynda ýok biziň hem diýenimizi etmeýärler diýip, olar hem zeýrenýärler" diýip, maryly bilim işgäri aýdýar.

Mekdeplerdäki ýygnaklar barada "Türkmenistanyň Hronikasy" hem habar berdi. Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, 1-nji noýabrda Marynyň Türkmenbaşy obasynda ýerleşýän 17-nji mekdepde okuwçylarynyň ene-atalary üçin geçirlen ýygnagyň mazmuny okuwçylaryň “Arkadag we Arkadagly Serdar tarapyndan wagyz edilen” ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmeýän görnüşde özüni alyp barşyna bagyşlanypdyr. Ýygnakda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň aç-açan çilim çekmegi, köplenç alkogol içgili ýagdaýynda köpçülik ýerlerinde peýda bolmagy aýdylypdy.

Mekdep müdiri ene-atalardan çagalaryna has gowy gözegçilik etmegini talap edip, agşam 10-dan soň okuwçylaryň restoranlarda, klublarda we diskotekalarda bolup, bolmazlygyny barlamak üçin özüniň aýlanyp görjekdigini duýdurypdyr.

Şeýle-de, neşiriň maglumatyna görä, welaýat häkiminiň orunbasary bilim bölüminiň mejlisinde çykyş edip, 17-nji mekdepde birnäçe okuwçynyň göwreli bolandygy we iki gyzyň zorlanandygy barada habar beripdir we Mary şäherindäki 3-nji we 7-nji mekdepleri agzapdyr.

Azatlygyň habarçylary kadaly ideg edilmeýän mekdep okuwçylarynyň köpdügini aýdýarlar.

"Okuwçylaryň ençemesiniň ene-atalary daşary ýurtlarda gazanç edýär. Şu sebäpden çagalara ýeterlik ideg edilmeýär. Çagalara daýzalary, daýylary, mamalary, eneleri, atalary we babalary seredýär. Olar berk saklajak bolsa, çagalar öýden gaçyp gidýär" diýip, habarçy belleýär.

Türkmenistandaky agyr işsizlik ilatyň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmegine sebäp bolýar. Onlarça ýyl mundan öň başlanan migrasiýa akymy soňky ýyllarda hasam güýçlendi.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri okuwçylaryň ahlak terbiýesi bilen aladalanýar, ýene-de

Çeşmeleriň bellemegine görä, tertip-düzgüni bozýan we okuwa gatnamaýan çagalaryň köpüsi maddy taýdan agyr ýagdaýda ýaşaýan maşgalalardan.

"Hojalyklaryndaky agyr şertlerde ýaşaýan okuwçylar mekdebe gitmän bazarlarda dilegçilik etmek, ýollarda maşynlaryň tekerlerini ýuwmak ýa-da zibil dörüp, plastik gap çöpläp-tabşyrmak ýaly işleri edýärler" diýip, maryly çeşme aýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şerinde gürleşen bilim wekiliniň sözlerine görä, mekdep okuwçylaryň arasynda tenini satýan gyzlar bar. Olary ten satmaga dürli sebäpler iterýär, bu köplenç maddy kynçylyklar we jenaýatçy araçylaryň eline düşmegi bilen ilteşikli bolýar.

"Şeýle ýaş gyzlar bilen jynsy gatnaşykdaky polis işgärleri, mugallymlar, häkimlik işgärleri bar. Ýaş gyzlary esasan pully adamlar ulanýarlar we olaryň hem köpüsi ýokary işlerde işleýänler. Bu okuwçylara salgy berýän, olary hödürleýän ýörite araçylar hem bar. Bu araçylar polis işgärleri bilen gepleşikli bolýar we polis işgärine bermeli paýyny berse mesele ýapylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, ýetginjek gyzlaryň ten söwdasyna çekilmeginiň uly problema bolup, onuň çözgüdi diňe mekdep işgärlerine we maşgala agzalaryna bagly bolman, kanun goraýjy edaralaryň goşulyşmagyny talap edýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.