Türkmenistanda çagalary orta mekdebi tamamlaýan ene-atalar üçin bir tarapdan buýsançly, ikinji tarapdan örän aladaly günler dowam edýär. Azatlygyň habarçylary geçen ýyllarda maý aýynyň ahyrynda goly ýuka maşgalalarda ýetişen gyzlaryň käbiriniň mekdeplerdäki ‘pul basyşy’ sebäpli çekýän kynçylyklary barada habar berdiler. Bu ýyl Çärjew etrabynyň merkezi şäherçesinde we oňa ýakyn obalarda mekdebi tamamlaýan gyzlardan pul ýygnamak işi mart aýynda başlandy. Ýöne bu ýyl goly ýuka maşgalalarda ýetişen gyzlar üçin kän garaşylmadyk bir gowulygyň hem bolandygy habar berilýär.
Habarçymyz gyzlaryň bilim müdirliginde kesgitlenen, metri 150 manat bahalanýan matadan 2,5 metrini satyn almaga mejbur edilýändigini habar berdi. Gyzlar ol matalardan uçurym dabaralarynda geýjek köýnekleri tikdirmeli. Köýnekler hökmany suratda giň edilip biçilmeli, bedeniňe ýelmeşip duran bolmaly däl, ýakalaryna nagyş salnan bolmaly diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdylar.
“Synp ýolbaşçymyz mart aýynda uçurymda ähli gyzyň toý lybasynda bolmalydygyny aýtdy. 2,5 metrlik matanyň puluny maý aýynyň 15-ne çenli synp ýolbaşçymyza tabşyrmaly etdiler, Türkiýeden getirilen matamyş” diýip, Çärjew şäherçesiniň 22-nji mekdebiniň okuwçysy aýtdy.
Degişli maglumat Mekdepler gyz okuwçylara ýokary bahadan ýaşyl mata satyn aldyrýar“Näme etseler şony etsinler, men öz köneje gyzyl köýnegimi ütükläp, şony geýip bararyn. O matany baý adamlaryň gyzlary alyp biler…Ýöne men ýaly gyzlar näme etmeli?”
Okuwçy gyzyň sözlerine görä, mugallymlaryň ‘pul talaby’ köp gyzyň ‘ýüregini agyrdýar’ we käte agyr ýagdaýlara alyp gelýär.
“Geçen ýylyň başynda parallel synpdaşym öz janyna kast etdi. Ol elmydama eşik babatynda kemsinýärdi. Durmuş diňe pula öwrüldi. Okuwa girmekden hem umydymy kesdim” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi öz ýagdaýyny gürrüň berdi.
Şu aralykda, öňki ýyllardan tapawutlylykda, Lebapda gyzlar üçin bir ‘begençli ýagdaýyň’ hem dörändigi habar berilýär.
“Mekdebi tamamlaýan, emma maddy ýagdaýy kyn bolan gyzlara goldaw hökmünde, Lebapda uçurym dabarasy üçin mugt gözellik hyzmatlaryny bermek aksiýalary geçirilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy şu gün, 16-njy maýda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenabatda we Çärjew etrabynda gözellik işleri bilen meşgullanýan hususyýetçiler 25-nji maýda geçiriljek dabara gatnaşjak okuwçy gyzlaryň maşgala ýagdaýyna seredip, olar üçin makiýaž we saç bezemek hyzmatlaryny mugt bererler.
Türkmenabat şäheriniň Bahar etrapçasynda gözellik işleri bilen meşgullanýan gelniň tassyklamagyna görä, şäherde we Çärjew etrabynda tas ähli wizažistler, stilistler goly ýuka maşgalalardan bolan gyzlara mugt hyzmat eder. Aýdylmagyna görä, bu hili çäreler geçen ýyl hem geçirilipdir, ýöne häzirki ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandyr.
“Bu bir geň galdyryjy waka diýsek hem ýalňyşmarys. 2023-nji ýylyň uçurym döwründe beýle aksiýalary geçirýän wizažistleriň sany gaty azdy. Serdar Berdimuhamedow häkimiýete geleninden soň, biziň durmuşymyz has kynlaşdy. Gizlenip, işimizi öz öýümizde etmeli bolamyzsoň, alýan girdejimiz azaldy” diýip, ýetim ýa-da sosial ýagdaýy agyr maşgaladan bolan gyzlara mugt hyzmat hödürleýän wizažistleriň biri gürrüň berdi.
Degişli maglumat ‘Soňky jaň’ dabaralary pugtalandyrylan gözegçilikde geçdiOl gyzlaryň maşgala ýagdaýynyň agyrdygyny ýa-da gyzyň ýetimdigini nädip kesgitleýärsiňiz diýen soraga jogap berip, ‘ýagdaýy çatýan gyzlar aldaman, edilen hyzmatyň hakyny berýär” diýdi.
“Biz IMO sosial ulgamy arkaly reklama goýýarys we reklamalarda ‘çekinmän, arkaýyn geliberiň’ diýip duýdurýarys. Gelýän gyzlaryň köpüsi öz maddy ýagdaýyndan ýa-da ýetim bolandy üçin çekinýär. Olar gelende ‘reklamaňazy gördük, şonuň üçin geldik’ diýýärler.”
Okuwçy gyzlara uly kömek boljak goldaw aksiýasynyň bu ýyl giň gerim almagyna, hünärmeniň pikiriçe, “käbir wizažistleriň şeýle etmek bilen öz müşderi sanyny artdyrmagy, käbiriniň bu işi sadaka hökmünde, Allanyň razylygy üçin etmegi” sebäp bolupdyr.
“Men bu hili aksiýany öňki ýyl hem geçirdim. Begenjinden ýaňa gözi ýaşdan dolýan gyzjagazlary görüp, ruhlanýaryn, begenýärin. Onsuzam durmuş agyr, hökümet bu çagajyklaryň aladasyny etmeýär. Uçurym dabarasy adamyň ömründe bir gezek galýar, goý, begensinler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Şol bir wagtda habarçymyz mekdeplerdäki gözegçilik çäreleriniň saklanyp galýandygyny, synp ýolbaşçylarynyň gyzlary kirpik, gaş we dyrnak boýamak ýaly zatlardan saklanmaga çagyrýandygyny habar berýär.
Türkmenabat şäheriniň 12-nji mekdebiniň okuwçysynyň sözlerine görä, onuň synp ýolbaşçysy gyzlary sapakdan soň alyp galyp, ‘özüni gepe goýmazlygy’ haýyş edipdir:
“Synp ýolbaşçymyz 25-nji maýda ‘aždarhalara meňzäp, kirpikleriňize we ýüzüňize iki tonna kraska çalyp gelmäň. Şol gün bilim müdirliginden barlagçy gelse, işimiz gaýdýar, meni gepe goýmaň!’ diýdi.”
Lebap welaýatynyň baş bilim müdirligindäki çeşmäniň Azatlygyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, okuwçy gyzlara girizilýän wizaž, bezenmek gadaganlygy resmi däl.
“Bu gadaganlyk Bilim ministrliginiň dilden berýän buýrugyna esaslanýar” diýip, çeşme aýtdy.
Şu aralykda “Türkmen.news” neşiri hem 'mejbury baýramçylyk’, Aşgabadyň mekdeplerinde uçurymlardan ýygnalýan pullaryň möçberi we bu ýagdaýyň döredýän kynçylyklary barada habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri mekdeplerde dörän agyr ýagdaýlar barada çykýan habarlara hiç bir düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.