Şu günler Mary welaýatynyň merkezi şäheriniň bazarlarynda satuwa çykarylýan gawun-garpyzlaryň sanynyň ep-esli azalandygyny synlasa bolýar. Şeýle-de, şäher ýerlerindäki etrapçalara aýlanyp, gawun-garpyz satýan söwdagärler hem göz-görtele azaldy. Bu ýagdaýlar, gawundyr garpyzlaryň bahasynyň azyndan 25% gymmatlamagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
“Bir hepde öň 15 manatdan satylan gawunlaryň bahasy 20 manada ýokarlandy. Öň 20 manatdan satylan gawunlar 25-30 manat bahalanýar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Gök-bakja önümleriniň bol hasyl berýän we olaryň söwda tekjelerini dolduryp, adatça bahalarynyň arzanlaýan döwründe ýüze çykan gymmatlama bu önümleri satyn alýan alyjylaryň sanynyň göz-görtele azalmagyna hem getirdi.
Degişli maglumat Aşgabadyň azalmaýan azyk aladalary: Açlyk näme - iýdirmez“Ykdysady kynçylyklaryň arasynda, güzeran eklenjimiziň günsaýyn peselmegi bilen, tomsuň iň arzan azyk önümlerini, şol sanda gawundyr garpyzy hem, hepdede bir gezek satyn alyp bilýäris” diýip, maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlar, bularyň söwdasyny edýän telekeçileriň sanynyň hem azalyp, öňden gawun-garpyz satýan söwdagärleriň beýleki gök-bakja önümleriniň söwdasyny etmegine getirdi.
“Bir gawun satyp bilmeýän günümiz hem boldy. Üstüne peýda görmekden geçen, gawunlarymyzy we garpyzlarymyzy alan bahamyza hem satyp bilmeýäris” diýip, söwdagärleriň biri aýtdy.
Bazar administrasiýalary satuwa çykarylýan gawun-garpyzyň azalmagynyň we onuň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäpleri barada haýsydyr bir düşündiriş bermeýärler.
Ýöne söwdagärler bu ýagdaýlaryň sebäbini welaýatda ösdürip ýetişdirilýän gawundyr garpyzlaryň esasy böleginiň Lebap we Balkan welaýatlaryna iberilýändigi bilen düşündirýärler.
“Gök-bakja önümlerini ýetişdirýän daýhanlar öz harytlaryny lebaply we balkanly söwdagärlere satmagyň has amatlydygyny aýdýarlar. Ozallar welaýatda ýetişdirilýän önümler beýleki sebitlere alnyp gidilse-de, ýerli bazarlara öz täsirini ýetirmeýärdi. Bu ýagdaý, soňky ýyllarda alynýan hasylyň azalandygyny ýa-da olaryň daşary ýurtlara eksportynyň artandygyny görkezýär” diýip, bazar söwdagärleriniň biri aýtdy.
Azatlyk bular barada Mary welaýat häkimliginiň oba hojalygy bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.
Degişli maglumat Lebabyň bazarlarynda alyjydan satyjy känBu maglumatlar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň gawun çipsilerini taýýarlamak tehnologiýasyny işläp taýýarlandygy baradaky habaryndan bir ýarym aý çemesi soňa gabat geldi.
“Altyn Asyr: Türkmenistan” neşiri 7-nji iýunda çap eden maglumatynda täze önüme ilat arasynda uly isleg bildirilýändigini belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda ösdürilip ýetişdirilýän gawundyr garpyzyň mukdary barada anyk maglumatlary çap etmeýärler. Şeýle-de, olaryň näçe göteriminiň daşary ýurtlara eksport edilýändigi we näçesiniň ýerli bazarlara goýberilýändigi baradaky sanlar hem ilat köpçüligine aç-açan mälim edilmeýär.
Ýöne 2021-nji ýylyň iýulynda “Kommersant” neşiri Russiýanyň “Rosselhoznadzor” döwlet gullugynyň sebitara Günorta müdirliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Krasnodar sebitiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Türkmenistandan Russiýa 23,2 tonna gawundyr garpyzyň getirilendigini habar berdi.
Resmi mediada köplenç “Bal tagamly gawunlar ülkesi” häsiýetlendirilýän Türkmenistanda her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Gawun baýramy bellenilýär. 1994-nji ýylda döredilen bu baýramçylyk şu ýyl 13-nji awgustda belleniler.
Degişli maglumat Bazar nyrhyndan gymmat satylýan ýagy almadyk türkmengalalylara ýanwaryň un paýy berilmeýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.