Mary welaýatynyň häkimiýetleri “köne” awtoulaglara gözegçiligi ýene güýçlendirdiler. Şu günler sebitiň Polisiýa müdirliginiň işgärleri 1990-njy ýyldan öň öndürilen awtoulaglaryň eýelerinden ulaglaryny “tehniki guratlyk gözegçiliginden” tizden-tiz geçirmegi talap edýärler.
“Şu hepdäniň başynda polisiýa işgärleri köne awtoulag eýelerine jaň edip, olardan özlerine degişli polisiýa bölümine gelmegi talap edip başladylar. Polisiýa baran raýatlardan ulaglaryny şu aýyň ahyryna çenli guratlykdan geçirmek talap edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.
Şeýle-de, raýatlardan ulagyny sentýabr aýynyň soňky gününe çenli “tehniki guratlyk gözegçiliginden” geçirjekdigi barada dilhat ýazmak talap edilýär. Olar ulaglaryny näme sebäpden guratlyk gözegçiliginden geçirmändigi barada düşündiriş ýazmaga hem mejbur edilýär.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda we Hazarda ogurlyk hadysalary ‘köpelýär’“Men polisiýa awtoulagymyň 1988-nji ýylda zawoddan çykandygyny, daşky reňkiniň solandygyny, aýnasynda jaýrygyň bardygyny, olary düzetmek üçin ulagyň bahasynyň ýarysy möçberinde serişde sarp etmelidigini, ýöne özümde bu serişdäniň ýokdugyny düşündirmäge synanyşdym. Ýöne olar ‘bolanok’ diýip, maňa dilhat we düşündiriş ýazdyrdylar” diýip, maryly ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Adatça ýurt raýatlaryndan ulaglaryny ýylda bir gezek guratlyk barlagyndan geçirmek talap edilýär.
Türkmen häkimiýetleri “köne” awtoulaglara garşy indi alty ýyldan gowrak wagt bäri göreşip gelýärler.
Şu ýylyň aprelinde Balkan welaýatyndaky habarçymyz sebit häkimiýetleriniň 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermeýändigini habar berdi. Şonda polisiýa işgäri häkimiýetleriň bu çäräniň esasynda sebiti "köne" ulaglardan arassalamagy maksat edinýändigini aýtdy.
Maryly polisiýa işgärleriniň sürüjilere aýtmagyna görä, häzirki çäreleriň sebäbi sebitde jenaýatçylyk, şol sanda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň “aýdardan-diýerden juda köpelmegi” we bulary amala aşyranlary anyklap bolmazlygy bilen baglanyşykly.
“Häzir ýöremän ýatan ulagyň döwlet belgisini başga ulaga dakyp, jenaýat edýärler we soň olary tapyp bolmaýar. Şonuň üçin ýolbaşçylar häzir kimiň ulagy ýöreýän bolsa, olary guratlykdan geçirmegi talap edýärler. Bagryny ýere berip, bejerişden galan ulaglaryň döwlet belgisini bolsa, polisiýa bölümine tabşyrmak talap edilýär” diýip, maryly ulag eýesi polisiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Polisiýa işgärleri bu maglumatlaryň köpçülige aýdylman, gizlin saklanýandygyny hem sözüne goşup, sürüjilere ýurtda “köne”, esasanam 1990-njy ýyldan öň öndürilen ulaglary sürmegiň düýpden gadagan ediljekdigini hem duýdurýarlar.
Degişli maglumat Balkanda 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglar tehniki barlagdan geçirilmeýärAzatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.
Ýöne bu waka, Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýurtda jenaýat hadysalarynyň köpelýändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri bazarlarda, dükanlarda, öýlerde, metjitlerde we köçelerde ogurlyk, talaňçylyk hadysalarynyň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny aýdyp gelýärler.
Döwlet habar beriş serişdeleri jenaýatçylyk hadysalary barada habar bermeýärler, ýurt resmileri jenaýat wakalaryny kommentirlemeýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem ýurtda amala aşyrylýan jenaýatlar baradaky statistikany mälim etmeýär.
Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.