Maryly ýaşaýjylar gemrijileriň köpelmegine, alakalaryň ýaýramagyna garşy goragsyz galýar

Illýustrasiýa suraty. Gemrijileriň köpelmegi ýaşaýyş jaýlaryna, mal ýataklaryna we ekin meýdanlaryna zyýan ýetirýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň oba ýerlerinde gemrijileriň, alakalaryň köpelmegi ýerli ýaşaýjylary aladalandyrýar.

Sebitde dowam edýän gurakçylygyň arasynda, hem-de güýz paslynyň ahyrky günlerinde adaty bolmadyk yssy howa şertlerinde gemrijiler hojalyk jaýlaryna hem-de mal ýataklaryna aralaşýar.

“Alakalar jaýlary we ekinleri zaýalaýar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy aýdýar.

Ýokanç keselleri geçiriji gemrijiler hojalyk jaýlarynyň düýbüni köwýärler, ýerzeminlerde hin ýasaýarlar. Mal ýataklarynyň düýbüni gazyp, tümmekläp gum üýşürýärler.

“Alakalar jaýlaryň düýbüni gazyp, uly zyýan ýetirýärler” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýdýar.

Oba ýaşaýjylary gemrijileriň köpelmegine garşy özbaşdak çykalga tapmaga çalyşýarlar.

“Biz bu alakalary tutmak üçin hinlerine suw goýberdik, suw barsa howa ýetmän demigip, daşary çykar öýtdük. Ýöne hiniň giriş-çykyşlary köp bolmaga çemeli, nasos bilen ýarym sagat töweregi suw akdyrdym. Emma hiniň beýleki deşiklerinden suw çykýança, ýaşap oturan jaýymyň bir diwarynda jaýryk emele geldi. Çagalarym ylgap daşary çykdylar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Degişli maglumat Maryda gemrijiler köpelýär, sanitariýa hünärmenleriniň hödürleýän çäkli çözgüdi netije bermeýär

Ýerli ýaşaýjylar Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň gemriji ilatynyň köpelmegine garşy çözgüt hödürläp bilmeýändigini aýdýarlar.

Hünärmenler gurak howa şertlerinde gemrijileriň iýmit gözleginde ýaşaýyş jaýlaryna aralaşýandygyny aýdýarlar.

Şu günler ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde adatdan daşary howa şertleri, gurakçylyk, güýzüň ahyrky günlerinde adaty bolmadyk yssy howa, tozanly ýeliň öwüsmegi ýaly howa hadysalary hasaba alynýar.

Howa maglumatlaryna görä, bu sebitde howanyň temperaturasy 27-28-nji noýabrda gündizlerine degişlilikde 25, 27 gradusa çenli ýokary galdy. Sebitde soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri gurakçylyk dowam edýär.

“Howa gurakçylyk bolansoň, alakalar çölde iýmäge zat tapmany, adamlaryň ýaşaýan ýerlerine, hatda öýleriniň içine girip başladylar” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary sebitde gemrijileriň ýaýramagy barada maý aýynyň ahyrlaryndan bäri habar berip gelýärler.

Alakalaryň köpelmegi, hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň ösüşine we gök-bakja hasylyna ýaramaz täsir edýär.

“Ekin meýdanlaryny hem gaty zaýaladylar... Alakalar gazyp bilen ýerlerini gazypdyrlar. Hususy mellek ýerime güýzlük ýorunja ekipdim. Suw tutsam, meniň mellegimdäki suw alaka hinleriniň üsti bilen goňşynyň mellegine çykýar. Alakalar goňşy bilen meniň aramda tunel açypdyrlar” diýip, bir daýhan gürrüň berýär.

Türkmenistanda häkimiýetler mundan ozal şäher ýerlerini we etrap merkezlerini idegsiz itlerden we pişiklerden arassalamak kampaniýalaryny alyp bardylar. Maryly ýaşaýjylar hojalyklarda pişik saklamak däbiniň aradan aýrylyp barýandygyny, pişik saklaýan hojalyklarda syçanlaryň azalýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Ýolöten etrabyna sarygarynja ýaýraýar

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2019-njy ýylyň tomsunda we gyş aýlarynda Aşgabatda gemrijileriň we mör-möjekleriň köpelendigini, 2020-nji ýylyň tomsunda bolsa, Türkmenabat şäherindäki köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde syçanlaryň köpelendigini habar berdiler.

Habarçylarymyz şu ýylyň awgust we oktýabr aýlarynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda sarygarynja, ýagny termitleriň ýaýraýandygyny habar berdiler.

Şeýle-de, soňky sapar şu ýylyň iýun aýynda ýurduň käbir sebitleri çekirtge çozuşlaryndan, zyýankeşlerden ejir çekdi.

Ýaňy-ýakynda bolsa, paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylary şäherde, ýaşaýyş jaýlarynda, myhmanhanalarda, çagalar baglarynda we beýleki ýerlerde tagtabitiniň ýaýramagyna garşy göreşmäge mejbur boldy.

Türkmenistanyň döwlet mediasy gemrijileriň, syçanlaryň we alakalaryň, galyberse-de, mör-möjekleriň, tagtabitiniň hem-de termitleriň ýaýramagy barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosy günorta-gündogar sebitlerde alakalaryň köpelmegi boýunça Marynyň welaýat häkimliginden hem-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.