Mary welaýatynyň merkezi şäherinde abatlaýyş işleri sebäpli asfalty sökülen Marguş köçesi indi üç aýa golaý wagt bäri gaýtadan bejerilmeýär. Köçäniň ýaşaýjylary gum bilen örtülen ýoluň özleriniň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdyp, häkimiýetleriň köçäni abatlamazlygyna nägilelik bildirýärler.
Azatlyk Radiosynyň bu barada 29-njy awgustda sebitden maglumat beren habarçysy şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda köçäniň bir tarapynyň uzak boýuna gazylyp, lagym turbalarynyň çekilendigini aýdýar.
“Şondan soňra köçäni gum bilen örtüp, yzyna gömdüler. Ýöne indi iýunyň başyndan bäri köçä asfalt düşemeýärler. Mundan ozal köçäniň ‘gül’ ýaly asfalty bardy. Häzir köçäniň ugrundaky hojalyk jaýlarynyň ýaşaýjylary howlularyna girip-çykmak üçin gapylarynyň gabadyny pil bilen özbaşdak tekizläp çykdylar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabadyň ‘Kim’ etrapçasynda suw turbalary ýaryldy, ilata 10 sagatlap suw berilmediKöçe şäherde ýerleşýän bolsa hem, onuň ugrundaky hojalyk jaýlaryna lagym turbalary häzire çenli çekilmändir. Ýaşaýjylar jaýlarynyň 60-70 metr golaýynda çukur gazyp, hajathana we hammam zerurlyklaryny şol ýerde berjaý etmeli bolýarlar. Soňra ýörite ulaglary çagyryp, bu çukurlaryny arassaladýarlar.
Ýaşaýjylar ilkibada lagym turbalarynyň çekilýändigine örän begenendiklerini aýdýarlar. Ýöne olar aradan birnäçe aýyň geçendigine garamazdan, ne lagym ulgamynyň işe girizilýändigini, ne-de köçäniň asfaltynyň gaýtadan düşelýändigini belleýärler.
“Köçä gaýtadan asfalt düşemekçi bolmaýarlar. Basym oňarylar hem diýmeýärler. Öň hem bu köçäni ‘prezident geçjek’ diýlenden soň bejerilipdi. Prezident geçjek diýilse, asfalty 2-3 günüň içinde düşärler, bolmasa-da ýene birnäçe ýyl bozuklygyna galar. Lagym ulgamy hem işlemeýär. Turbalary çeken işçiler lagym ulgamynyň näçe ýyldan işläp başlajagynyň belli däldigini aýdypdylar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar lagym ulgamynyň işe girizilmeginden geçdiler. Olar gum bilen örtülen ýoluň özleriniň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdyp, häkimiýetlerden köçäni abatlamagy isleýärler.
“Sähel şemal tursa, ähli ýer gum bilen örtülýär. Basym ýagynly günler başlar. Palçyk zerarly köçede ýörär ýaly bolmaz. Häzir goňşular bolup köçäniň gyşdan öň bejerilmegini sorap, şäher häkimliginiň ýol gurluşyk bölümine arza ýazmakçy bolýarys” diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.
Degişli maglumat Türkmenistan Arkadag şäheri üçin $5 milliard sarp ederTürkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy. Ýaşaýyş jaýlaryndan, durmuş we senagat desgalardan başga-da, tarp ýerden täze şäherdir obalar guruldy.
Munuň bilen bir wagtda, ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda ilat köçeleriň abatlanmazlygyndan, lagym turbalarynyň çekilmezliginden ýa-da bejerilmezliginden, sowet ýyllarynda gurlan jaýlarda, mekdeplerde we çagalar baglarynda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmezliginden, bularyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýär.
Ýurduň döwlet mediasy paýtagtda we welavatlarda garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary we beýlekileri yzygiderli ýagdaýda efire berip, bulary wasp edýär.
Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi media ilatyň bejerilmeýän köçeler, lagym ulgamlary sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgaýar.
Degişli maglumat Sowetler döwründe gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlary abatlaýyş işlerine mätäçlik çekýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.