Türkmenistanda çörek-un gytçylygy we gün-güzeranynyň agyrlaşmagy ilatyň nägileligini güýçendirýär. Häkimiýetler problemalary boýun alman, olary çözmek üçin netijeli çäre görmeýärkä ilat ýagdaýdan närazylygyny öz mümkinçiligine görä bildirýär. Maryda ýaşaýjylar çörek gytçylygynyň sebäplerini anyklamak we öz talaplaryny ýetirmek üçin çörek bişirýän uly kärhanalaryň biriniň öňüne jemlendiler.
Mary şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşýän çörek öndürýän uly kärhanasynyň öňüne üýşen adamlar döwlet dükanlaryny çörek bilen üpjün edýän bu kärhanadan hususyýetçilere çörek satmazlygy talap etdiler diýip, Azatlygyň habarçysy iki hepde mundan ozal bolan bu ýagdaý barada şeýle gürrüň berýär: "Adamlar kärhanadan telekeçilere, maldarlara, mallara iým satýan ýerlere müňläp çörek bermezligi talap etdiler" .
Degişli maglumat Aşgabadyň söwda resmileri ilata bitli we gurçukly un satyp, alyjylara ony iýmezligi maslahat berýärlerHabarçymyzyň sözlerine görä, çörek bişdirýän kärhananyň öňüne üýşen onlarça adam, esasan zenanlardy. Protesçiler çörek zawodunyň gapysyna üýşip, ýolbaşçysynyň daş çykmagyny sorapdyr. Derwezede oturan garawul başlygyna jaň edip, protesçileriň talabyny ýetiripdir.
"Biz mesele gaty uly, bizi diňläp, her güni döwlet dükanlarynda ertirden başlap çörek dursun. Bolmasa prokuratura ýazyp bereris, gerek bolsa prezidente hem ýazarys" diýip, protestçi zenanlaryň biri aýtdy.
Döwlet dükanlarynda 1 çöregiň bahasy 2,5 manat. Protestçileriň sözlerine görä, köplenç çörek satuwda ýok, bolsa-da, gelenlere 3 manatdan satýarlar.
"Bizi çöreksiz goýup gelýärsiňiz, ol biziň paýymyz. Siziň başga birine çörek satmaga hakyňyz ýok diýip" - ýene bir protestçi nägilelik bildirdi.
Döwlet dükanlarynda ýeňillikli diýilýän bahadan satylýan çöregi satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylar öz öýüniň golaýyndaky döwlet dükanyna barmaly bolýar. Soňky aýlarda güýçlenen çörek we un gytçylygynda adamlar gündeki iýjek çöregini kynlyk bilen satyn alýarlar.
"Her güni irden we öýlän her bir ýaşaýjy özlerine degişli bolan döwlet dükanyna baryp çörek satyn alyp bilýär, emma her güni şol bir jogap: 'çörek gutardy' ýa-da umuman şu gün gelmedi' diýilýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Öz tarapyndan dükan işgärleri çöregiň ýeterlik mukdarda getirilmeýändigini aýdyp, onuň söwdasynyň dükanlaryň hem peýdasynadygyny düşündirýärler.
"Gelse men sizden gizlemerin, gelenok. Gelse meniň üçin hem kem däl. Adamlar döwlet dükanyna esasan çörek almak üçin girýär, şonda dükandaky beýleki harytlar hem geçýär. Çörek bolmasa hiç kim girenok. Bize Oguzhan köçesindäki uly çörek zawody çörek paýlaýar" - diýip, döwlet dükanlarynyň biriniň işgäri gürrüň berdi.
Marynyň Oguzhan köçesinde ýerleşýän çörek bişirýän kärhana şäheriň ençeme döwlet dükanyna çörek paýlaýar.
Degişli maglumat Aşgabatly alyjy çöregi 'bikanun satan' dükan satyjysy bilen ýakalaşdyÇörek bişirýän zawodyň öňünde protest geçirenleriň sözlerine görä, kärhananyň ýolbaşçysy baran ýaşaýjylaryň ýanyna çykmandyr, ol garawuldan protestçileriň sanyny sorap, her birine 3 sany çörekden paýlap, köşeşdirmegi tabşyrypdyr.
"Başlyk: 'Näçe adam? Kän bolmasa hersine 3 sany çörek ber, gitsinler. Meniň işim köp, olaryň ýanyna çykyp bilemok' diýip gapydaky işgäre aýtdypdyr. Biz olaryň para hökmünde mugt bermekçi bolan 3 sany çöregini almadyk. Indi ýokaryk ýazmagy planlaşdyrýarys, emma ýazanymyz bilen köp zadyň üýtgemejegini hem bilýäris" diýip, Marynyň ýene bir ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Marynyň çörek zawodunyň wekillerinden we şäher häkimliginden resmi maglumat almak üçin eden birnäçe synanyşygy öňyn netije bermedi.
Çöregiň we unuň gytçylygy tomus aýlarynda güýçlendi. Häkimiýetler munuň sebäbine resmi düşündiriş bermeýärkä, ilatyň gündeki azyk üpjünçiligi bilen bagly aladalary artýar we nägileligi güýçlenýär.
Degişli maglumat Açlyk gozgalaňlarymy? Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi we nägilelikler artýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.