Maryda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri ýaýraýar

Hassahanada saglyk barlagyndan geçmek üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan çagalar we ene-atalar. (Arhiw suraty)

Mary şäherinde ilatyň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri ýaýraýar. Lukmanlaryň ençemesi şäher hassahanalaryna ýüküň artýandygyny aýdýar. Bu aralykda, dermanhanalarda hem adamlaryň uzyn nobatlaryny synlasa bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Dümew alamatlary bilen keselleýän näsaglaryň aglabasy demgysma bilen hassahana ýüz tutýarlar. Olar bokurdak we döş aralygynda agyrlary duýýandyklaryny aýdýarlar” diýip, Marynyň şäher hassahanasynyň bir lukmany anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, hassahana ýüz tutýanlaryň aglabasy eýýäm iki aýa golaý wagt bäri öýde bejergi alyp, saglygyny dikeldip bilmändigini aýdýar.

“Häzir hassahanalarda tas ýer ýok diýen ýaly. Bu keselçilik, hususan-da, uly ýaşly adamlaryň arasynda agyr geçýär we olaryň gan basyşyny ýokarlandyrýar” diýip, lukman belledi.

Keselçilik diňe uly ýaşly adamlaryň arasynda däl, eýse çagalaryň arasynda hem ýaýraýar.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri bilen keselleýän çagalar köpelýär

“Çagalaryň köpüsi üsgürip, döşüniň gysylmagyndan şikaýat edýär. Häzir şäher çagalar hassahanasy hem bu şikaýatlar bilen gelýän çagalardan doly” diýip, agzalýan keselhananyň bir saglyk işgäri anonim şertde aýtdy.

Keselçiligiň ýaýramagynyň arasynda, dermanhanalarda adamlaryň uzyn nobatlaryny hem synlasa bolýar.

“Nobata duran adamlar dümewe garşy gündelik satyn alynmaly dermanlaryň bahasynyň 100-200 manat aralygynda bolýandygyny aýdýarlar. Olar ýönekeýje antibiotikleriň häzirki dümewden açylmaga kömek etmeýändigini hem belleýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Marynyň hassahnalaryndan, şeýle-de şäheriň Saglygy goraýyş bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýraýandygy barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda birnäçe gezek maglumat berdiler.

Bu habarlaryň arasynda, ýurduň günbatar welaýatynda häkimiýetler dezinfeksiýa çärelerini ýerine ýetirmek üçin talaplary artdyryp, koronawirusa meňzeş dem alyş wirusynyň ýaýramagy barada halka duýduryş beripdiler.

Geçen ýylyň güýzünde çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý goňşy Özbegistanda hem ýüze çykypdy. Özbek häkimiýetleri Daşkentde dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýaýramagy sebäpli hassahanalara ýüküň artandygyny boýun alypdylar.

Bu habarlar, Hytaýda näbelli pnewmoniýanyň ýaýraýandygynyň hasaba alnandygy baradaky maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat gelipdi.

Noýabryň ahyrynda Bütindünýä saglyk guramasy Hytaýdan ýurduň demirgazygyndaky çagalarda anyklanmadyk pnewmoniýanyň ýaýramagy barada ähli maglumatlary bermegi sorapdy.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda we goňşy döwletlerde, şeýle-de Hytaýda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň, şol sanda pnewmoniýanyň ýaýramagy barada hiç hili habar bermeýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanda koronawirusa meňzeş keseliň ýaýramagy barada ilata duýduryş edilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.