Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri ýaýraýar. Şäheriň hassahanalary näsaglardan dolup, lukmanlar hassalaryň aglabasyna öýde bejergi almagy maslahat berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Esasanam çagalar baglarynyň körpeleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda göze ilýän ýokanç kesel dümew alamatlary bilen geçýär. Näsaglar dem alyş ýollaryndaky näsazlyklardan, dem almak kynçylygyndan, bedeniniň temperaturasynyň 39-40 gradusa ýokarlanmagyndan, üsgülewükden, gaýtarmadan, işdäniň kesilmeginden we ysgynsyzlykdan şikaýat edýärler” diýip, ýerli saglyk işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Häzir näsaglaryň akymy zerarly Türkmenbaşynyň azyndan üç hassahanasynyň otaglarynda ýer tapdyrmaýar. Bular şäheriň köpugurly, ýokanç keselleri we Janga ýaşaýyş toplumyndaky hassahanalardyr.
“Bu hassahanalaryň ýokanç keselleri we reanimasiýa bölümleri 200 adamy kabul edýär. Häzir hassahanalaryň koridorlary hem, irdenden agşamara çenli, ene-atalary bilen gelen çagalardan doly. Lukmanlar bu näsaglara pnewmoniýa, ýagny öýken keseli diagnozy goýýarlar” diýip, ýerli saglyk işgäri belledi.
Lukmançylyk edaralary hassalaryň akymyna döz gelip bilmän, näsaglaryň köpüsine öýde bejergi almagy maslahat berýärler.
“Lukmanlar näsaglara antiwirus dermanlary ýazýarlar. Bu dermanlaryň iň arzany 230 manatdan başlap, 700 manada çenli ýetýär. Dermanlary satyn almaga puly ýok maşgalalar üzärlik tütedip, buýan kökli we narpyzly çaý içip, wirusa garşy göreşýärler” diýip, türkmenbaşyly ene anonim şertde habarçymyza aýtdy.
Azatlyk sebitde dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýramagy we onuň sebäpleri barada ýerli saglygy goraýyş edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Ýöne ýagdaýlardan habarly aşgabatly saglyk işgäriniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, bu wirus köplenç Özbegistana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahat edýän adamlar tarapyndan ýurda getirilýär.
“Adamlar bu wirusy ilki öz çagalaryna, çagalar bolsa, çagalar baglaryndaky we mekdeplerdäki deň-duşlaryna ýokuşdyrýarlar. Munuň koronawirusyň başga bir görnüşidigi çaklanylýar. Ilki bu wirusa garşy göreşmek üçin serhetleri ýapmak göz öňünde tutulýardy. Ýöne indi giç. Sebäbi bu wirus tutuş ýurt boýunça ýaýrady” diýip, aşgabatly saglyk işgäri aýtdy.
Azatlyk bu barada paýtagtyň saglygy goraýyş edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri oktýabryň başynda ýaýrap başlady. Bu habarlaryň arasynda, ýurduň günbatar welaýatynda häkimiýetler dezinfeksiýa çärelerini ýerine ýetirmek üçin talaplary artdyryp, koronawirusa meňzeş dem alyş wirusynyň ýaýramagy barada halka duýduryş beripdiler. Şu aýyň başynda bolsa, Türkmenbaşyda dümew we koronawirus keseline garşy giň gerimli sanjym kampaniýalary alnyp baryldy.
Çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý goňşy Özbegistanda hem ýüze çykdy. Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri özbek paýtagty Daşkentde dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýaýramagy sebäpli hassahanalara ýüküň artandygyny boýun aldylar.
Ministrlik öz habarynda Daşkentde ORWI keseliniň ýaýramagyny “möwsümleýin ýokarlanma” diýip atlandyrdy, ýöne näsaglaryň takyk sanyny mälim etmedi. Dem alyş ýollarynyň ýiti wirus ýokançlygy (ORVI) howa-damja ýoly bilen geçýän, ýokanç toksikoz alamatlary bilen dem alyş ýollarynyň katarral çişmegi bilen häsiýetlendirilýän ýiti wirus keselleriniň toparydyr.
Bu ýagdaý, özbekleriň arasynda mundan üç ýyl ozal millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan koronawirus ýokançlygynyň täzeden ýaýramak ähtimallygy barada aladalary döretdi.
Bu habarlar, Hytaýda näbelli pnewmoniýanyň ýaýraýandygynyň hasaba alnandygy baradaky maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi. Soňky günlerde Hytaýyň metbugaty ýurduň hassahanalarynda näsaglaryň köpdügini habar berdi. Hytaýyň demirgazygyndaky mekdepleriň köpüsinde diňe bir okuwçylar däl, eýsem mugallymlar hem pnewmoniýa bilen kesellänligi sebäpli sapaklar ýatyrdy.
Bütindünýä saglyk guramasy Hytaýdan ýurduň demirgazygyndaky çagalarda anyklanmadyk pnewmoniýanyň ýaýramagy barada ähli maglumatlary bermegi sorady.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda we goňşy döwletlerde, şeýle-de Hytaýda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň, şol sanda pnewmoniýanyň ýaýramagy barada hiç hili habar bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum