Mary welaýatynyň 'reformaçy' täze häkimi oba ýolbaşçylaryny çalyşýar, 'talapkärligi talap edýär'

Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazow

Mary welaýatynyň öňki häkiminiň tussag edilip, emläkleriniň bir böleginiň konfiskasiýa edilmeginden sähel salym öň bu sebite häkim wezipesine bellenen Begençmyrat Orazow täze çäklendirmeleri, gadagançylyklary, talapkärligi we daýhan birleşikleriň başlyklaryny çalyşmagy bilen at alyp başlady.

14-nji iýulda geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde welaýatyň öňki häkimi Döwranberdi Annaberdiýew “işde goýberen düýpli kemçilikleri” sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Bu ýygnagyň yz ýany, Annaberdiýewiň tussag edilendigi we emläkleriniň bir böleginiň konfiskasiýa edilendigi mälim boldy.

Özünden öňki sebit ýolbaşçysynyň tussaglygynyň yz ýany wezipä girişen täze häkim, käbir daýhan birleşikleriň başlyklarynyň aýtmagyna görä, çäklendirmeleri, gadagançylyklary we talapkärligi bilen tanalyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe oba resmisiniň aýtmagyna görä, täze häkim kärende ýerlerinde döwlet tabşyrygyna girmeýän ekinleriň ekilmegine, ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda mallaryň bakylmagyna rugsat bermeýär. Üstesine, birnäçe pagtaçy kärendeçiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, täze häkim daýhanlaryň hasyldan alýan ýyllyk girdejileriniň belli bir böleginiň “awans” hökmünde öňünden alynmagyny gadagan edýär. Gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçi ‘ýer eýeleri’ bu ýagdaý zerarly ýygymçylaryň gündelik töleglerini özleriniň töläp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Degişli maglumat Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy

“Täze häkim belleneli bäri, öýe myhman bolduk. Öňler häkim obalara aýlansa, işgärleriň arasynda pul toplap, goýun soýdurardyk we häkime hezzet-hormat ederdik. Kimiň kärende ýeri bol hasylly bolsa, häkimi şol ýerlere aýlardyk. Arkaýyn işlärdik, islän ýerimize islän ekinlerimizi ekerdik. Häzir hezillik ýok. Gün ýaşansoň, öýe gelip, gün dogmanka öýden çykyp gidýäris. Kärende ýerlerine gözegçilik edýäris” diýip, bir daýhan birleşigiň başlygy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Birnäçe oba başlygy işden çykaryldy, birnäçesi häkimiň talap edijiligine çydaman özleri işden çykdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki bir oba ýolbaşçysy ekerançylyk meýdanlaryna ekilen we döwlet tabşyrygyna girmeýän ekinleriň sökülip aýrylandygyny gürrüň berdi.

Habarçymyzyň söhbetdeşleri welaýat häkiminiň etraplara we obalara amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda mal bakmagyň gadagan edilýändigini aýdýarlar.

Pagtaçy kärendeçileri ünjä goýýan beýleki bir mesele bolsa, özleriniň ýyllyk girdejileriniň belli bir bölegini “awans” hökmünde öňünden alynmagynyň gadagan edilmegi bolup durýar.

“Öňler ýygym möwsüminde harmanhanalara tabşyrylan pagtanyň ýyllyk girdejisiniň belli bir bölegini ýygymçylara töleg tölemek üçin, öňünden alyp bolýardy. Häzir pagta ýygym möwsümi doly tamamlanýança, döwletiň harmanyna tabşyrylan hasyla töleg tölemek gadagan edildi” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda gowaça ösdürip ýetişdirýän käbir kärendeçi ‘ýer eýeleri’ pagta ýygym möwsüminiň dowamynda, gapdaldan, hakyna ýygymçy tutýar. Maryly daýhanlaryň sözlerine görä, täze häkim pagta hasylynyň kärendeçileriň özleri we maşgala agzalary tarapyndan ýygnalmagyny talap edýär.

Türkmenistanda häkimiýetler ýygym möwsüminde býujet işgärleriniň mejbury zähmetinden peýdalanmakda tankyt edilýär.

“Günlükçi ýygymçylara ýygym möwsüminde ýygan pagtasynyň tölegini dessine geçirseň, önjeýli bolýar. Ýygymçylara wagtynda töleg tölemeseň, pagta ýygdyrmaga adam tapyp bolmaýar” diýip, bir daýhan hojalygynyň eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda mejbury pagta ýygymy ozal görlüp-eşidilmedik derejede ‘möwjeýär’

Gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar ýygym möwsüminiň dowamynda hakyna tutulan ýygymçylara, adatça, her on günde bir gezek, ýygnalan hasyla laýyklykda, töleg geçirýärler.

Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, täze häkimiň çykaran Buýrugy ýer eýelerine pagta önümçiliginde diňe öz maşgala agzalarynyň zähmetinden peýdalanmaga rugsat berýär we hasyl ýygnalanda hakyna işçi tutulmagyny gadagan edýär.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda pagta ýygym möwsüminiň barşy bilen bagly habarlar boýunça sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Mary welaýatynda býujet işgärleriniň köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilmegi barada beren habarlarynyň yz ýany, Mary welaýatynda býujet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň, terbiýeçileriň, galyberse-de, okuw jaýlarynyň talyplarynyň ählisiniň pagta ýygym möwsümine mejbury çekilmegi ýatyryldy.

Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazow 2014-nji ýylda Mary etrabynyň häkimi wezipesinde işlän döwürlerinde "wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" berk käýinç alypdy. Ýöne onuň öňki we soňky eýelän ýokary wezipeleri barada döwlet metbugatynda habar berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.