Mary: Partlama sesleri ýerli ýaşaýjylary ynjalykdan gaçyrýar

Illýustrasiýa suraty. Mary welaýatynyň obalarynyň birinde düşürilen surat. Arhiwden alyndy. 2014 ý.

Günorta-gündogar Mary welaýatynyň Mary etrabynyň birnäçe daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary üç gün bäri sebitde gaýtadan güýçlenýän partlama seslerinden ynjalyksyz bolýarlar. Ýerli ýaşaýjylar sebitdäki harby ammarlarda saklanylýan köne-sana ok-därileriň hatardan çykarylýandygyny we harbylar tarapyndan partladylýandygyny aýdýarlar.

“Möhleti geçen ok-däriler harbylar tarapyndan partladylanda öýümiziň diwarlary sarsylyp, penjireler şakyrdaýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Giç agşam ýaňy bir çagaňy ýatyrýarsyň welin, gümmürdi sesleri çagany oýarýar” diýip, beýleki bir aýal maşgala aýtdy.

Partlama sesleri Şatlyk şäheriniň 10-15 kilometr töweregi gündogarynda ýerleşýän obalarda, Gaýgysyz Atabaýew, Täze güýç we Zarpçy ýaly daýhan birleşiklerinde has ýiti eşidilýär.

Degişli maglumat Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär

Turkmen.news neşiri 15-nji ýanwarda sebitdäki bir harby bazadaky köne-sana ok därileriň ýok edilmegi sebäpli emele gelen partlamada Şatlyk şäherinde gurluşygy dowam edýän bir metjidiň, hem-de onlarça ýaşaýyş jaýynyň äpişgeleriniň zyýan çekendigini habar berdi.

Has ozal, neşir köne-sana ok-därileri ýok etmek işlerine 4-nji dekabrda bat berlendigini habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, sebitdäki harby poligonlarda köne-sana ok-därileri ýok etmek işleriniň noýabr-dekabr aýlaryndan bäri dowam etdirilýändigini habar berýärler.

“Partlamalar şeýle bir güýçli boldy welin, adamlar ýene-de ýer titreýändir öýtdüler. Meselem, dekabrda şeýle bir ýagdaý boldy, ir sagat 4:00 töwereklerinde partlamalara başladylar. Partlaýyş işleri Mary şäherinden uzakda alnyp barylýan hem bolsa, şäherde adamlar ýene-de ýer titreme bolýandyr öýdüp, ylgap öýlerinden daşaryk çykdylar. Aýdylmagyna görä, köne-sana ok-därileri ýok etmek işleri şäheriň günbataryndaky sähralykda alnyp barylýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, üç aý töweregi mundan ozal, Owganystanda yzly-yzyna bolup geçen ýer sarsgynlary Türkmenistanyň Mary welaýatynda güýçli duýuldy.

Welaýatyň sebit merkezinden 30 kilometr töweregi günbatarda ýerleşýän Şatlyk şäheriniň hem-de partlama sesleri eşidilýän geňeşlikleriň günorta sebitleri Eýran we Owganystan serhediniň golaýynda ýerleşýän Bathyz goraghanasyna çenli çöllük bilen gurşalandyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji ýanwarda Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda partlamalara arakesme berlendigini aýdýarlar.

“Öňki prezidentiň Mary welaýatyna eden saparyndan öň, ähli köne-sana ok därileri ýaryp gutarandyrlar öýdüpdik. Ýöne üç-dört gün bäri, partlama sesleri gaýtadan güýçlendi” diýip, ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýär.

Berdimuhamedow sebite amala aşyran saparynyň dowamynda bir harby howa bazasyna-da baryp gördi we söweş uçarlarynyň hem-de dikuçarlaryň aýratynlyklary bilen, şeýle-de uçarmanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyş boldy.

Degişli maglumat Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy

Ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde indi iki aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän partlama we gümmürdi sesleri diňe bir adamlary däl, eýsem, öý haýwanlaryny hem howsala düşürýär.

“Ilki-ilkiler it-pişikler gümmürdi sesleri ýaňlananda gaçyp, gizlenjek bolardylar. Häzir, olar hem öwrenişip gitdiler. Biz hem ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişip barýarys. Ýarjak bolsalar, bir günde hemmesini ýaryp dynsalar bolmaýarmyka, ýa-da Türkmenistanda näme kän, çöl kän. Çöl ýerlere äkidip, ilatly ýerleriň ýok ýerinde ýarsalar bolmaýarmyka!?” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Turkmen.news neşirine görä, Şatlyk şäherinde Türkmenistanyň iri ok-däri ammarlarynyň biri ýerleşýär.

2011-nji ýylda Aşgabadyň günbataryndaky Abadan şäherinde ýerleşýän bir ok-däri ammarynda tutaşan heläkçilikli partlama adam ýitgilerine we giň zeper ýetmelere getiripdi.

Sowet Soýuzyndan galan bu iri ammardaky ok-däriler, soňy bilen Mary welaýatyndaky harby ammarlara göçürilipdir.

Günorta-gündogar Mary welaýaty ýurduň iň iri welaýatlarynyň biri bolup, resmi sanlara görä, ýurduň ilatynyň tas dörtden bir bölegine golaýy bu sebitde ýaşaýar. Şeýle-de, sebitde möhüm obýektler, senagat we önümçilik desgalary, şol sanda 20-den gowrak gaz käni, iri döwlet elektrik stansiýasy ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.