Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy


Owganystanyň Herat welaýatynda bolan güýçli ýer sarsgynynda adam ýitgileriniň köp bolmagyndan gorkulýar.
Owganystanyň Herat welaýatynda bolan güýçli ýer sarsgynynda adam ýitgileriniň köp bolmagyndan gorkulýar.

Günbatar Owganystanyň Herat welaýatynda 7-nji oktýabrda bolan 6,3 bally ýer titremesinde adam pidalarynyň köp bolmagyndan gorkulýar. Halas ediş işleri dowam edýär. Ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy.

ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugyna görä, Herat şäherinden 35 kilometr demirgazyk-günbatarda şenbe güni ýerli wagt bilen 11:00 töwereginde bolan ýer titremesinden soň, ýene-de üç sany ýer sarsgyny hasaba alyndy.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 8-nji oktýabrda ýer sarsgynlarynda 2 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny habar berdi.

Ençeme adam ýitgilerine getiren ýer sarsgynlary ýerli ýaşaýjylaryň arasynda gorky we howsala döretdi.

“Owganystanyň Herat welaýatynda iki gün öň ýer titredi. Esasan-da, Herat welaýatynyň Zinda Jan etrabynda bolan ýer titremesinde ençeme adam heläk bolup, 10 müňden gowrak adam ýaralanypdyr. Zinda Jan etrabynda ýerli ýaşaýjylaryň arasynda türkmenler hem bar. Döwletiň habar bermegine görä, 2 müňden gowrak adamyň ölendigi aýdylýar. Onuň gapdalyndan hem 10 müňden gowrak adam ýaralanypdyr” diýip, owganystanly ýaşaýjy Latif Türkmen 9-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Halas ediş işleri dowam edýär. Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Owganystandaky edarasy ýaralanan adamlary hassahanalara daşamak üçin özüniň 12 sany tiz kömek ulagyny Zinda Jan etrabyna iberendigini mälim etdi.

Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Serhetsiz lukmanlar guramasy Heratyň sebit hassahanasynda bir wagtda 80 hassany kabul etmäge niýetlenen bäş sany lukmançylyk çadyryny gurnady.

“Häzirki wagtda Gyzylaý jemgyýeti, şeýle-de, başga-da ynsanperwer we maliýe ýardamlary bilen goldaw berýän daşary ýurt guramalary zyýan çeken adamlara ýardam berip, olaryň saglygyny bejermek ugrunda tagalla edýärler. Ýer titremeleri diňe bir Owganystanda däl, eýsem, Owganystan bilen serhetleşýän Türkmenistanda we Eýranda hem azajyk duýlupdyr” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary Mary welaýatynyň Serhetabat we Tagtabazar etraplarynda şenbe güni günortan sagat 12 töwereklerinde ýer sarsgynlarynyň bolandygyny we ýerli ýaşaýjylaryň howsala bilen öýlerinden daşary çykandyklaryny habar berýärler.

“Serhetabatda we Tagtabazarda ýer sarsgynlarynyň 45 minudyň dowamynda birnäçe gezek gaýtalanandygyny habar berýärler. Birinji güýçli sarsgynda adamlar ylgap, öýlerinden daşary çykyp başladylar. Ýer sarsgynlary Mary şäherinde hem duýuldy, jaýlarda lýustralar çaýkandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy 7-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

Türkmenistanyň media serişdeleri tebigy hadysa barada habar bermedi.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň adatdan daşary ýagdaýlar edarasyna görä, Owganystanda bolan ýer titremelerinde 2440 adam heläk boldy, 10 müň töweregi adam ýaralandy we 2000 çemesi jaý zyýan çekdi ýa-da ýykyldy.

“Herat welaýatynyň Zinda Jan etrabynda köp adam ölüpdir. Esasy ýer titreme şol ýerde bolupdyr. Zinda Jan etrabynda sekizden gowrak obada, ýaşaýyş jaýlary esasan toprakdan bolansoň, ýer titremelerinde ençeme adam, şol sanda çagalar we aýallar heläk boldy. Umuman, 2 müňden gowrak adam öldi” diýip, owganystanly ýaşaýjy 9-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitde duýlan ýer sarsgynlaryndan soň, ýer titremeleri ýene-de gaýtalanar öýdülip, ilat arasynda dowul dowam edipdir.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri ýer sarsgynlarynyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem duýlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti adatdan daşary hadysalar, şol sanda tebigy heläkçilikler barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG