Mary: Häkimiýetler etrap ýerlerinde ygtyýarnamasyz derman satýan hojalyklary nyşana alýarlar

Dermanhananyň öňünde garaşýan adamlar. Aşgabat. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Noýabr, 2021 ý.

Şu günler Mary welaýatynyň etraplarynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ygtyýarnamasyz derman söwdasy bilen meşgullanýan raýatlary nyşana alýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Polisiýa işgärleri ygtyýarnamasyz derman söwdasynda güman edilýän hojalyklara aýlanyp, öý eýelerini tussag edýärler.

Şäher ýerlerinden we etrap merkezlerinden alysda ýerleşýän çetki obalarda, dermanhana bolmadyk sebitlerde derman söwdasy bilen meşgullanýan hojalyklar özleriniň “bikanun iş” etmeýändiklerini aýdýarlar.

Oba ýerlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ençeme derman söwdagärleri özleriniň diňe “analgin”, “parasetamol” ýaly lukmanyň görkezmesini talap etmeýän derman serişdelerini satýandyklaryny aýdýarlar. Olar bu dermanlary özleriniň şäher ýerlerindäki dermanhanalardan satyn alyp, hakyky bahasynyň üstüne ujypsyz pul goýup satýandyklaryny aýdýarlar.

Degişli maglumat Keselhanalardaky mugt derman gytçylygy we häkimiýetleriň ‘peýdasy'

“Biziň ýaşaýan obalarymyzda dermanhana ýok. Tiz kömek gullugyna jaň etseň, iki sagatdan gelýär. Hatda, käwagt asla gelmeýän halatlary hem bolýar... Gijelerine adamlar biwagt gyzdyryp başlasalar, bizden gyzgyna garşy dermanlary satyn alýarlar. Biz, dermanhanalardan tapawutlylykda, köplenç dermanlary karzyna-da berýäris. Biz kanuna garşy iş edemizok” diýip, derman söwdasy bilen meşgullanýan birnäçe ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Biz adamlara ýagşylyk edýäris, iş edýäris” diýip, söwdagärler sözüniň üstüni ýetirýär.

Häkimiýetleriň ygtyýarnamasyz derman söwdasyna garşy geçirýän reýdlerine raýat eşigindäki polisiýa işgärleri hem gatnaşýar.

Oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, derman söwdasy bilen meşgullanýan hojalyklardaky derman serişdeleri hem öý eýeleri bilen bilelikde polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär.

Polisiýa tarapyndan nyşana alnan ygtyýarnamasyz söwdagärleriň birnäçesi özlerinden müňlerçe manat möçberinde para bermegiň talap edilýändigini aýdýarlar.

Söwdagärler özleriniň dermanlaryny etrap merkezlerindäki dermanhanalardan satyn alýandyklaryny aýdyp, kwitansiýalaryny, çeklerini hem görkezýärler.

Galyberse-de, olar özleriniň hojalykda alyp barýan söwda işleri barada ýerli polisiýa işgärlerini, uçastkowoýlary habarly edýändiklerini aýdyp, bu “rugsatnamany” özleriniň ýeterli hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmen mediasy paýtagt Aşgabatda we sebit merkezlerinde ulanylmaga berilýän saglyk desgalaryny yzygiderli mahabatlandyrýar. Ýöne etrap we oba ýaşaýjylary, aýratyn-da, medeni zonalardan alysda ýerleşýän ilatly nokatlar saglyk desgalarynyň ýetmezçiliginden, dermanhanalaryň bolmazlygyndan ejir çekýär. Tiz kömek gulluklary köplenç oba ýerlerinden kabul edýän ýüzlenmelerine wagtynda jogap berip bilmeýärler.

Degişli maglumat Türkmen lukmanlaryny möhleti geçen dermanlary alyp satmaga mejbur edýärler

“Tiz kömek gullugyna ‘tiz kömek’ däl, ‘giç kömek gullugy’ diýip at bermeli” diýip, bir oba ýaşaýjysy saglyk hyzmatlaryndan şikaýat edýär.

“Olar giç gelýär, gelenlerinde hem, ýanlarynda derman tapdyrmaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda ygtyýarnamasyz derman söwdagärlerine garşy alnyp barylýan reýdler barada sebitiň kanun goraýjy edaralaryndan teswir alyp bilmedi. Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bu ýagdaýlar barada beýanat bermeýär.

Türkmenistanda paýtagtda we sebit merkezlerinde ýerleşýän dermanhanalar hem wagtal-wagtal derman gytçylygyny başdan geçirýärler.

Azatlygyň habarçylary aprel aýynda ýurduň dürli keselhanalarynda dowam edýän derman gytçylygy barada habar berdi. Şeýle-de, habarçylarymyz geçen ýylyň dekabrynda derman gytçylygynyň käbir lukmanlar tarapyndan şahsy bähbitler üçin ulanylmagy barada maglumat beripdi.

Türkmenistanda derman serişdeleriniň ýerlenilmegi ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar. Türkmen kanunçylygy derman serişdeleriniň ýerlenilmeginiň ýörite orta ýa-da ýokary farmasewtik bilimi bolan fiziki şahslar tarapyndan amal edilmegini talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.