Mary welaýatynda döwlet edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin işden çykyp, iş gözlegine daşary döwletlere gidýärler. Bu ýagdaý welaýat merkezinde we etraplarynda ýerleşýän edara-kärhanalarynyň tas ählisinde göze ilýär.
Baýramaly etrabynda şu günler pagta zawodynda, agyz suwy, gaz, elektrik tok üpjünçiligi edarasynda, öý müdirligi, lukmançylyk edalaralarynda, hassahanalarda we saglyk öýlerinde, şeýle-de harby we kanun gorýajy edaralarynda işden meýletin çykýan işgärleriň sany barha köpelýär. Bu barada Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri gürrüň berýärler.
"Işgärler döwletiň berýän aýlyk haklarynyň hiç zada ýetmeýändigini aýdýarlar. Işden çykanlar daşary ýurtlara gitmäge synanyşýarlar. Maryda ilat köpçüligi Russiýa, Belarusa, Tatarystana, Gürjüstana gidýär" diýip, maryly çeşmeleriň biri aýdýar.
Degişli maglumat Içeri işler edaralarynda işini taşlamaga, daşary ýurtlara çykmaga ymtylýan işgärler köpelýärTürkmenistan ilatyň öň görlüp-eşidilmedik migrasiýasyny başdan geçirýär.
Býujet edaralarynda işleýänler ilatyň maddy taýdan iň üpjün gatlagy hasaplanýar. Ýyllarboýy döwletiň garamagyndaky edaralara para berip işe ýerleşmek tejribesi giňden ýöredilýärdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly çeşmeleriň sözlerine görä, käbir edaralaryň ýolbaşçylary häzir işgärleriň işden çykyp gitmegine garşylyk görkezmeýär. Ýurtdaky işsizlik zerarly, boşan ýere işgär tapylýar.
"Iş ýeri boşasa kem däl, iş gözleýän adam kän diýip özüne göwünlik berýän ýolbaşçylar bar. Bir adam iş taşlasa onda öz tanyşlaryndan, garyndaşlaryndan hossarlaryndan işe kabul edýärler. Emma para-peşgeş berip, täze işe duranlaryň arasynda hem beren para pulumy yzyna gaýdar ýaly şert ýok diýip, gidýänler hem bar. Berilýän zähmet aýlyk haky gaty ujypsyz" diýip, maryly çeşme aýdýar.
Türkmenistanda minimal aýlyk 1280 manada barabar bolup, Merkezi Banky kursy boýunça 365 amerikan dollaryna, gara bazaryň kursy boýunça 64 dolara barabar.
"Häzir edara başlyklarynyň arasynda hem daşary ýurtlara iş gözlegine gidýän işgärlerine ýüzlenip, 'maňa-da iş bolsa aýdyň, gitjek menem' diýýän köpeldi" diýip, çeşme aýdýar.
Azatlygyň habarçylary soňky iki ýylda bilim, saglygy saklaýyş we hatda kanun goraýjy edaralarda tejribeli kadrlaryň gytçylygynyň dörändigini, hususan-da keselhanalarda şepagat uýalaryň işini arassaçylyk işgärleriň ýerine ýetirýändigini habar beripdi.
Býujet işgärleri aýlyklarynyň maşgala dolandyrmak üçin ýetmeýändigini aýdýarlar. Bankdan kredit almaly bolýanlar hem az däl.
"Men agyz suw edarasynda 7 ýyl işledim we işlän ýyllarym bul aýlykdan ol aýlyga zordan ýetdim. Häzir üç çagam bar men alýan aýlygym ýetmänsoň her aý bergi üstüne bergä girip bergim dagdan aşdy. Bergiden çykmagym üçin bankdan kredit pul aldym uly görgi bilen. Men wagtynda banka kredit tölegimi geçip bilmedim, bank we kanun goraýjy edarasynyň işgärleri özüm işde wagtym öýüme gelip gelinimi we çagalarymy oňaýsyz ýagdaýa salyp, öý goşlarymyzy äkitmekçi bolupdyrlar. Meniň öýümde ähli zat köne, sebäbi bul döwlete 7 ýyl hyzmat edip işläp, täze ýekeje zat satyn alyp bilmedim" diýip, maryly býujet işgäri öz ýagdaýyny gürrüň berdi.
Degişli maglumat Balkanda biometriki pasport almakçy bolýan etniki azlyklary 2026-njy ýylyň nobatyna ýazýarlarJemagt gullugynyň işgäriniň Azatlyga gürrüň bermegine görä, onuň öýünde alar ýaly goşy bolmansoň, bankdaky kredit bergisiniň hasabyna diýip, garyndaşynyň saklamak üçin goýup giden sowadyjysyny alyp gidipdirler. Şeýdip, bankyň öňünde bergili bu maşgala garyndaşynyň zadyny hem aldyryp, goşmaça bergili bolup galypdyr.
"Biz nädip bergilerimizi bermeli, alýan aýlygym iýmite ýetenok. Näçe çalt bu ýurdy terk edip bolsa etmeli we daşary döwletlerden iş gözlemeli, bolmasa çagalar bu ýurtda açlykda ýaşar" diýip, maryly býujet işgäri gürrüň berdi.
Soňky döwürde işden çykyp gidýänleriň arasynda harby we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hem bar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar döwlete ynamynyň galmandygyny aýdýarlar.
"Döwlete ynam galmady. Biz harbylara jaýy hem ömürlik berip bilmeýärler. Haçan görseň harbylaryň ýaşaýyş şertleri gowulanýar, jaý berýäris diýip wagyz edýärler. Emma iş ýüzünde başgaça edýärler. Meniň başlygym jaý aldy, gaty begendi we toý etdi. Emma pensiýa az wagt galanda, kemçilik gözläp başladylar we ony işden çykaryp, elinden jaýyny aldylar. Çagalary ýene köçede galdy" diýip, maryly harby gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistany terk etmäge çalyşýan adamlar ‘köpelýär’Türkmen resmileri ýurt ilatynyň migrasiýasynyň derejesini görkezýän sanlary çap etmeseler-de, daşary ýurt pasportyny almak üçin nobatlaryň iki ýyla uzamagy, uçar biletleriniň gytçylygy, gury ýer serhetlerinden geçýän adamlaryň akymynyň ululygy daşary ýurtlara migrasiýanyň möçberiniň artmagyndan habar berýär.
Ýagdaýy resmi derejede kommentirlemekden saklanýan hökümet ilatyň hereket azatlygyny çäklendirýän düzgünleri girizýär. Dilden edilýän düzgünler ilat üçin goşmaça dokument toplamagy, uly nobatlara garaşmagy ýaly kynçylyklary döredýär. Dokumentini düzedip, uçara münmekçi bolan adamlar hatda sebäbi düşündirilmezden uçardan hem düşürilýär.
Türkmenistanyň hökümeti 15 ýyldan soň ikinji gezek yglan eden ilat sanynda ýurtda 7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygyny öňe sürdi.
Emma Sowet Soýuzy dargap, döwlet garaşsyzlygyny yglan etmeginiň öňýany 3,7 million ilatly bolan Türkmenistanda 2021-nji ýylda ilat sanynyň 2,7–2,8 million adamdan geçmeýändigi mälim boldy. Bu barada Azatlyk Radiosyna 2021-nji ýylyň iýulynda ilat ýazgylary, barlaglar we olaryň netijelerini seljermek işine gatnaşýan döwlet edaralaryndaky birnäçe çeşme, deslapky hasaplamalara salgylanyp, habar berdi.
Degişli maglumat 'Ynanyp-ynanmazlyk' ýönekeý adamlary gyzyklandyrmaýar-syýasaty öwreniji ilat ýazuwynyň netijeleri baradaGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.