Lebabyň Türkmenabat şäherinde ten satmak bilen meşgullanýan aýallara we LGBTQ+ jemgyýetiniň, ýagny jynsy azlyklaryň wekillerine garşy reýd geçirilýär. Reýdleriň dowamynda onlarça raýat tussag edildi. Bu ýagdaýlar barada tussag edilen raýatlaryň ýakyn hossarlarynyň we şäher polisiýa bölümindäki çeşmeleriň birnäçesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Soňky üç hepdä golaý wagt bäri geçirilýän reýdlerde ten satýan aýallar we jynsy azlyklaryň wekilleri köpçülikleýin nyşana alynýar. Reýdler polisiýa we milli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan gurnalýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, häkimiýetler reýdleriň “jemgyýetçilik tertibini we ahlak kadalaryny üpjün etmek” diýlip atlandyrylýan kampaniýanyň çäginde geçirilýändigini aýdýar.
“Munuň çäginde hususy jaýlar, tölegli massaž hyzmatlaryny ýerine ýetirýänleriň jaýlary we beýleki ýerler nyşana alynýar. Bu ýerlerde pul üçin jynsy gatnaşyk amallarynyň ýerine ýetirilýändigi aýdylýar. Reýdleriň dowamynda eýýäm onlarça raýat tussag edildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Degişli maglumat Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýärÇeşmämiziň we ýagdaýlardan habarly lebaply birnäçe ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň işgärleri jynsy azlyklaryň wekillerini ýüze çykarmak we tussag etmek üçin Türkmenistanda petiklenen dürli tanyşlyk saýtlaryndan peýdalanýarlar.
“Olar bu saýtlarda toslama hasaplary döredýärler. Olar, hamala, özleri hem LGBTQ+ jemgyýetiniň wekilleri ýaly bolup, gomoseksullar, lezbianlar we jynsy azlyklaryň wekilleri bilen ýazyşyp, tanyşýarlar we olary duzaga düşürýärler” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan lebaply ýaşaýjynyň ýakyn hossary aýtdy.
Türkmenabadyň saglyk öýleriniň biriniň lukmanynyň anonim şertde aýtmagyna görä, MHM jynsy azlyklaryň wekillerini ýüze çykarmak we tussag etmek üçin AIW/AIDS ýokanç keselleri merkeziniň işgärleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
“Merkeziň işgärleri AIW/AIDS ýokanç kesellerine ýolugyp, lukmançylyk kömegini gözleýän erkekleriň we aýallaryň maglumatlaryny MHM işgärlerine berýärler” diýip, türkmenabatly lukman belledi.
Adam hukuklaryny berk çäklendirmekde we kemsitmekde tankytlanýan Türkmenistanyň kanunçylygy gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýar. Ýurduň Jenaýat kodeksiniň, halkara hukuk goraýjy toparlary tarapyndan tankytlanýan, 133-nji maddasy “Beçebazlyk” boýunça iki ýyldan 20 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.
Polisiýadaky çeşmämiziň tassyklamagyna görä, ten satmakda saklanan aýallar we jynsy azlyklaryň wekilleri gorkuzmalara we basyşlara sezewar edilýärler, şeýle-de howpsuzlyk işgärleri olary öz maksatlary üçin ulanyp bilýärler.
“Bu maksatlar jynsy gatnaşyga mejbur edilmegi, gerekli adamy garalamagy, wyždan ýesirlerine ýa-da syýasy matlaply aýyplanýan adamlara garşy ýalan jenaýat işlerini gozgamagy öz içine alyp bilýär” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.
Degişli maglumat Gomoseksual gatnaşykda güman edilýän onlarça raýat Türkmenabatda tussag astynda saklanýarJynsy azlyklaryň wekilleriniň ýakyn hossarlarynyň biriniň tassyklamagyna görä, lezbian gyzlaryň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan jynsy taýdan zorlanmagy bilen bagly ýagdaý köp bolýar.
“Olar muny “aýalyň tebigatyny ýada salmak maksady bilen edýändiklerini” aýdýarlar. Lezbian gyzlar adatça polisiýa bölümlerine geçirilenden soň, psihiki keseller hassahanasyna hem alnyp gidilýär” diýip, reýdlerde saklanan lezbian gyzyň ýakyn hossary anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň Polisiýa müdirliginden we MHM-niň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda jynsy azlyklaryň wekilleri barada maglumat örän çäkli bolmagynda galýar. Olaryň kanun goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan yzarlamalara, basyşlara we gynamalara sezewar edilýändikleri barada diňe garaşsyz neşirler, şol sanda Azatlyk Radiosy habar berýär.
2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenabatda gomoseksual gatnaşykda güman edilýän 25 töweregi adamyň tussag astynda saklanýandygy barada Azatlygyň habarçysy maglumat berdi.
2020-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda bir şoumen ýigit hem gomoseksuallykda aýyplanyp tussag edilipdi.
Azatlyk 2019-njy ýylyň güýzünde özüniň jynsy ugry bilen baglylykda häkimiýetler tarapyndan ýanalýandygyny aýdan Kasymberdi Garaýew barada habar berdi. Azatlyk şol ýylyň dekabryndan soň, Garaýew bilen aragatnaşygy ýitirdi.
Adam hukuklaryny goraýan "Amnesty International" guramasy 2023-nji ýyl boýunça şu ýylyň aprelinde çap eden hasabatynda Türkmenistanda häkimiýetleriň LGBT adamlaryny kemsidip, adam hukuklaryny, azatlyklaryny we beden özbaşdaklygyny esassyz çäklendirýändigi aýtdy.
Degişli maglumat HRW: Türkmenistanda gomoseksuallykda aýyplanýan şoumen we beýlekiler 2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.