Lebabyň polisiýasy töleg terminallaryny ulanmaýan telekeçilerden “para almak çärelerini güýçlendirdi”

Türkmenistanyň söwda nokatlarynyň birinde polisiýa işgäri (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde häkimiýetleriň söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň kadaly işledilmegini gazanmak tagallalary güýçlendi.

Ýöne telekeçileriň ençemesi häkimiýetleriň bu tagallalarynyň terminallaryň kadaly işlemegini üpjün etmäge däl-de, özlerinden para almaga gönükdirilendigini aýdýar.

“Şu günler polisiýa işgärleri dükanlar we garbanyşhanalara aýlanyp, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek baradaky kanunynyň 321-nji maddasyna esaslanyp, telekeçilere şantaž edýärler” diýip, şäherdäki dükan eýeleriniň azyndan ýedi sanysy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabatda we Türkmenabatda töleg terminallarynyň ençemesi işlemeýär

Bu maddada beýlekiler bilen bir hatarda, “telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar tarapyndan bank töleg kartlary ýa-da beýleki elektron töleg serişdeleri arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin degişli enjamlaryň ornaşdyrylmazlygynyň fiziki şahslara – binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýändigi” aýdylýar.

Şeýle-de, töleg kartlaryny kabul etmek tertibiniň bozulmagyny kesgitleýän maddada eger bu ýagdaýlar gaýtalansa, onda telim esse köp jerime salynjakdygy hem bellenilýär.

Telekeçileriň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri bu madda salgylanyp, töleg terminallaryny ulanmaýan telekeçilere müňlerçe manat jerime ýazmak barada haýbat atyp, olardan ýüzlerçe manat möçberinde para alýarlar.

“Olaryň özleri ilki telekeçilere şantaž edýärler, soňra-da “geliň, ylalaşalyň” diýip, olara “para berseňiz, jerime ýazman gideli” diýýärler. Netijede, polisiýa işgärlerine para alsalar bolany” diýip, türkmenabatly dükan eýesi aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada 11-nji iýunda şäheriň polisiýa bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda ilat döwlet we hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynyň köpüsinde töleg terminallarynyň ornaşdyrylmazlygy ýa-da işledilmezligi barada ýygy-ýygydan şikaýat edýär. Bu şikaýatlar, hususan-da, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiliginiň ýitileşen mahalynda has-da güýçlenýär. Ýaşaýjylar ne bankomatlarda nagt pul tapdyrýandygyny, ne-de bank kartlary arkaly söwda edip bilýändiklerini aýdýarlar.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär

Şol bir wagtda, telekeçiler häkimiýetleriň özleri üçin girizýän býurokratik bökdençlikleriniň we çäklendirmeleriniň, özlerini töleg terminallaryny ulanmazlyga iterýändigini belleýärler.

“Biz girdejiniň 35%-den gowragyny salgyt hökmünde hökümete tölemeli bolýarys. Şeýle-de, bank hasabyňdaky pullary almak üçin-de, onuň 8%-ni bank administrasiýasyna bermeli. Ony bermedik ýagdaýyňda, “bankda nagt pul ýok” diýen bahana bilen, puluňy bermeýärler” diýip, lebaply telekeçi anonim şertde aýtdy.

Şeýle-de, ol ýerli salgyt we söwda edaralaryndan barlagçylar gelende, hiç hili kemçilik bolmasa-da, olara ýüzlerçe manat möçberinde para we mugt haryt bermelidigini belleýär.

“Şeýle bolanda, töleg terminallaryny işletsek, özümize tas hiç zat galmaýar. Mundan başga-da, Internetiň tizliginiň pes bolmagy hem, bank terminallaryny kadaly işletmäge päsgelçilik döredýär” diýip, telekeçi aýtdy.

Durmuşyň ähli ugurlaryna ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we mediasy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 1-nji iýunda täzelenen maglumatyna görä, ýurtda jemi 40 müň 189 sany, şol sanda Balkanyň söwda nokatlarynda 6 müň 848 sany POS terminaly ornaşdyrylypdyr. Bu, paýtagt Aşgabatdan soň, ýurt boýunça ikinji iň uly görkezijidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.