Geçen hepdeden bäri Mary welaýatynda Polisiýa müdirliginiň işgärleri 1990-njy ýyldan öň öndürilen awtoulaglaryň eýelerinden ulaglaryny şu aýyň aýagyna çenli tehniki guratlyk gözegçiliginden tizden-tiz geçirmegi talap edip başladylar.
Polisiýanyň sözlerine görä, häzirki çäreleriň sebäbi sebitde jenaýatçylyk, şol sanda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň öňüni almak tagallalary bilen bagly.
“Häzir ýöremän ýatan ulagyň döwlet belgisini başga ulaga dakyp, jenaýat edýärler we soň olary tapyp bolmaýar. Şonuň üçin ýolbaşçylar häzir kimiň ulagy ýöreýän bolsa, olary guratlykdan geçirmegi talap edýärler” diýip, maryly ulag eýesi polisiýanyň aýdan sözlerini gürrüň beripdi.
Şol bir wagtda, habarçylarymyz ýylda bir gezek hökmany amal etmeli guratlyk barlagyndan, paranyň öwezine, diňe ýüzleý geçip bolýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Balkanda 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglar tehniki barlagdan geçirilmeýärOlar bu usula hususan-da, döwletiň jemgyýetçilik transporty bilen birlikde, şäher içi gatnaýan hususy awtobuslaryň sürüjileriniň hem baş goşýandygyny belleýärler.
Lebapdaky habarçymyz welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherinde 100-e golaý hususy awtobusyň ýolagçy gatnadýandygyny, emma olaryň aglabasynyň öndürilen senesine 40 ýyl çemesi wagt bolandygyny aýdýar.
“Türkmenabatda ýolagçy gatnadýan Gaz 53 kysymly hususy awtobuslaryň tas ählisi baryp 1980-1990-njy ýyllarda öndürilen ulaglardyr. Olaryň içi gaty hapa, oturgyçlary çaňly, içinde hem dizeliň ysy aňkap dur. Bu çagşan awtobuslar ýolda yraň atyp, gaty sesli hereket edýär. Bularyň tekerleri hem sürtülip, ýasy bolup gidipdir. Onuň ýolda haçan durup galjagy gümana. Şäherde döwletiň awtobuslary ýetmezçilik edýändigi sebäpli, adamlar 1 manat töläp, hili has ýarmaz ulaglardan peýdalanmaly bolýar” diýip, türkmenabatly bilim işgärleriniň biri 25-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol bu köne awtobuslaryň ‘görnüp duran kemçiliklerine garamazdan’, olaryň ýyldan-ýyla guratlyk barlagyndan 'meselesiz' geçýändigine ünsi çekdi.
“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň welaýat boýunça bölümine barlaga geleniňde, 100 manat paranyň öwezine islendik ulagy guratlyk barlagyndan meselesiz geçirip bolýar. Ilki bilen, kassada barlag üçin 67 manat, ýol salgydy hökmünde hem 400 manat resmi töleg etmeli. Mundan soň, ulagy ýörite çukurly otaga eltmeli. Aslyýetinde, bu ýerde ulaglar doly barlagdan geçirilmeli, emma para beren sürüjiniň ulagynyň diňe seriýa nomeri barlanýar we ol goýberilýär” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de degişli barlagdan geçmedik ulaglaryň, esasan hem ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň duçar bolup biljek köçe-ýol heläkçilikleri barada sebitiň häkimliginden we ýol polisiýasyndan maglumat alyp bilmedi.
Degişli maglumat Aşgabatlylar 20 ýyldan köne ulaglaryny diňe beýleki sebitde ýazga duranlara satyp bilýärlerTürkmen metbugatynda Aşgabatda ýüzlerçe döwrebap awtobuslaryň ýola goýulýandygy, täze ýolagçy ugurlaryň açylýandygy barada dowamly maglumat berilse-de, ýurduň beýleki sebitlerinde bu ugurda amal edilýän ýa-da edilmeýän işler barada köp zat aýdylmaýar.
Şeýle-de, döwletiň gözegçiligindäki metbugat ýaşaýjylaryň jemgyýetçilik transporty bilen bagly çekýän kynçylyklary, sürüjileriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada dymýar.
Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.