Kiýew Aşgabat bilen bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny aýdýar

W.N.Karazin uniwersitetiniň binasy. Arhiw suraty

Ukrain uniwersitetiniň prorektory ozal bu okuw jaýynda türkmen talyplarynyň sanynyň gaty köp bolandygyny aýtdy we W.N.Karazin uniwersitetiniň türkmenistanly dalaşgärleriniň sanyny artdyrmak isleýändigini belledi diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrman habar berýär.

Prorektor Zarif Nazyrow ukrain okuw jaýynyň Türkmenistan bilen bilim pudagynda eden hyzmatdaşlygyny ýene ösdürmäge taýýardygyny aýtdy diýip, “Biznes Türkmenistan” 13-nji awgustda ýazdy.

Neşiriň maglumatyna görä, ilçi Toýly Ataýew 9-njy awgustda Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynda Ukrainanyň W.N.Karazin adyndaky Harkow döwlet uniwersitetiniň ylmy-mugallymçylyk işleri boýunça prorektory Zarif Nazyrow bilen duşuşyp, ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir pikir alyşdy.

Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri Ukrainadaky ildeşleriniň 'iki oduň arasynda', goragsyz galandygyny aýdýarlar