Işsizlik ilat köpçüliginiň çagalaryny kadaly naharlamak we okatmak mümkinçiligini elinden alýar

Cagalar çöplän kömeleklerini köçäniň ugrunda satýar. Ahal welaýaty, 2023.

Türkmenistanda hökümet tarapyndan boýun alynmaýan agyr işsizlik ilaty çykgynsyz ýagdaýa salýar, çagalaryň kadaly ýaşamak, iýmitlenmek, bilim almak hukugyny çäklendirýär. Tebigy baýlyklardan girdeji alýan ýurduň hökümeti ilatynyň garyplaşmagyny görmezlige salýar, ýerlerdäki häkimiýet problemalary çözmäge ygtyýarsyzdygyny aýdýar. Bu aralykda çagalar kadaly durmuşdan we gelejekden mahrum bolýar.

Ene-atasy işsiz we eklenç çeşmesini ýitiren hojalyklaryň çagalary mekdep-okuw esbaplaryny, okuw geýimlerini satyn almaga pul serişdeleriniň bolmazlygy sebäpli mekdebe gatnamaýarlar.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, çagalar köplenç öz deň-duşlaryndan utanyp, mekdebe gitmekden saklanýarlar, ene-atalaryň ençemesi bolsa çagalaryny zor aýakdan goýberjek hem bolmaýarlar. Käbir ene-atalar bolsa, çagalarynyň işläp, gazanjy bilen hojalyga goşant goşmagyna garşy bolmaýarlar.

Degişli maglumat Maryda sowuk howada mekdebe ýuka geýimli we şypbykly gatnaýan çagalar köpelýär

Azatlyk bilen anonim gürleşen bilim işgärleri mekdebe gatnamaýan çagalaryň aglabasy maddy taýdan kyn ýagdaýa düşen maşgalalardan diýýär.

"Okuwçylaryň ene-atalarynda öz çagalaryna mekdepde naharlanmak üçin pul bermäge mümkinçilikleri ýok. Käbir okuwçylar mekdepde ajygýança synplarda oturyp, 2-nji, 3-nji synpdan soň öýlerine gaýdýarlar. Sebäbi aç çagada bilim almaga hem güýç-kuwwat bolmaýar" diýip, ahally mekdep mugallymy gürrüň berdi.

Bilim işgärleriniň bellemegine görä, okuwa gatnamaýan çagalaryň sany soňky döwürde köpelip barýar. Bu ýagdaý ilat arasynda sowatsyzlygyň artmagyna getirýär.

"Ylymsyz, bilimsiz nesliň köpçülikleýin döremek howpy döredi" - diýip, ýene bir bilim işgärleri aýdýar.

Türkmen hökümeti we bilim resmileri çagalaryň okuwa gatnamazlygy problemasyny resmi derejede agzamaýarlar. Türkmen hökümeti problema degişli resmi sanlary çap etmezden, iş ýüzünde netije görkezmeýän döwlet panlaryny we programalaryny tassyklaýar.

Ilat köpçüliginiň durmuş derejesiniň peselmegi hökümetiň ilat üçin ozalky ýeňillikleri ýatyryp, harytlaryň we hyzmatlaryň ýyl-ýyldan gymmatlaýan, uzaga çeken azyk ýetmezçiliginiň dowam edýän döwrüne gabat geldi.

Türkmenistanda hökümetiň görmezlige salýan garyplygynyň derejesini görkezýän sanlar käwagt halkara guramalarynyň hasabatlarynda peýda bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba-hojalyk programmasynyň sanlaryna görä, Türkmenistanda diňe 2005-2016-nji ýyllar aralygynda ilatyň açlykda ýaşaýan gatlagynyň sany 4,6% we 5,5% aralygynda köpelipdir.

Ilatyň garyplaşmagynyň sebäpleriniň biri işsizlik.

Azatlygyň habarçy 5-nji aprelde beren maglumatynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki ýagdaý barada habar berip, işsizligiň derejesiniň örän ýokarlanandygyny, ýerli ilatda işe ýerleşmäge mümkinçiligiň tas galmandygyny gürrüň berdi. Ol bu ýagdaýdan habarly ýerli häkimiýetleriň meselä çözgüt tapmak üçin elinden hiç zat gelmeýändigini belleýär.

"Ýerli häkimlik, halk deputatlary wertikal häkimiýet gurluşynyň pidasy bolup, özbaşdak meseleleri çözmek, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek ygtyýaryndan mahrum. Ýurtdaky döwlet gurluşy düýbünden erkin hereket etmäge we pikirlenmäge ýol bermeýär. Şonuň üçin ýerli häkimiýetler ýokardan görkezme bolmazdan, islendik meseleleri çözmekden saklanýar we ýyllarboýy dowam edip gelýän meseleleri görmezlige salýar" - diýip, ýerli resmiler bilen gürleşen habarçy aýdýar.

Degişli maglumat Ekläp bilmän, zürýadyny internada berýän köpelýär. Çagalar ol ýerde hem aç

Türkmenistandaky işsizlige degişli resmi sanlar onlarça ýyl bäri çap edilmän gelýär. Emma ilatyň iş tapmak kynçylyklaryny görkezýän alamatlar köpelýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryň yzgiderli berýän maglumatlaryna görä, işe ýerleşmekdäki korupsiýa möwç alýar, soralýan paranyň mukdary şol işde birnäçe ýylda gazanyp boljak aýlyga barabar bolýar.

Öýsüz we ýaşamak üçin serişdesiz galaýan maşgalalar köpelip barýar. Dilegçilik edýän, köçelerde zir-zibil dörýän adamlaryň sany, häkimiýetleriň yzarlamalaryna garamazdan, köpelip barýar, hatda işi bar raýatlaryň arasynda dükanlardan azygy karz almak, iýmit, derman satyn almak üçin emlägini satmak arkaly gün görýän ýagdaýlary köpelýär.

Halkyň problemalaryny boýun almak islemeýän häkimiýetiň ýagdaýa reaksiýasy ilata gözegçiligini we gysyşyny artdyrmak arkaly görkezilýär. Häkimiýet ilatyň gün görmek üçin gazanç etmek synanyşyklarynyň öňüni alýar, köçe söwdagärlerini yzarlaýar, şol sanda soňky döwürde köpelen köçe söwdagärlerini kowalaýar. Şol bir wagtda-da, türkmen häkimiýetleri ilatyň nägilelik bildirmegini islemeýär, şikaýat edýän raýatlara basyş görkezýär.

Bu ýagdaýda işsiz kösenýän ilat gazanç üçin daşary ýurtlara gitmäge synanyşýar. Häzirki wagtda daşary ýurda gitmek üçin zerur biometriki pasport almak isleýänleriň nobaty iki ýyla uzady.

Degişli maglumat 2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.