Hytaýyň lideri Si Szinpiniň Pekinde geçiriljek iri sammitde Guşak we ýol başlangyjyny daşary syýasatda gazanylan üstünlik hökmünde magtamagyna we ony Günbatara alternatiwa bolan ösüş nusgasy hökmünde sergilemegine garaşylýar. Ýöne, bu taslama käbir döwletleri 10 ýyl bäri durnuksyz derejelerdäki bergilere duçar etmekde tankyt edilýär.
Üçünji Guşak we ýol maslahaty 17-nji oktýabrda öz işine başlar. Bu maslahata dünýäniň çar künjeginden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Hytaý Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen bu maksatnamany ýurduň daşary syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde berkitmäge synanyşýar.
“Bu, Siniň öňe süren ilkinji iri daşary syýasat ugrunyň 10-njy ýyl dönümi” diýip, S. Rajaratnam adyndaky Singapur Halkara gatnaşyklar mekdebiniň uly ylmy işgäri Rafaello Pantuççi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Hemmeler elmydam aýry-aýry taslamalara ünsi gönükdirýär, ýöne Guşak we ýol başlangyjy ahyrynda dünýäde iş salyşmagyň hytaý nazaryýeti bolup, Pekin bu garaýşy gutlamak isleýär”
Siniň Hytaýyň lideri bolmagynyň edil yz ýany, onuň Gazagystanda we Indoneziýada eden çykyşlary bilen 2013-nji ýylda resmi taýdan badalga berlen Guşak we ýol başlangyjy portlaryň, elektrik stansiýalarynyň, demir ýollarynyň, gara ýollaryň we beýleki infrastruktura taslamalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirdi hem-de söwda we maýa goýumlaryny ösdürmek üçin onlarça ýurda milliardlarça dollar maýa goýdy, Hytaýyň dünýäniň galan bölekleri bilen aradaky transport geçelgeleri ösdürildi.
Hytaý hökümeti 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek geçirilýän Guşak we ýol forumynyň öňüsyrasynda, bu maksatnamanyň gazananlaryny durnukly ösüş nusgasy hökmünde öwüp, hem-de ony Günbatara garşylyk hökmünde atlandyryp, hasabat çap etdi. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň halkara ykdysady gatnaşyklary müdiriýetiniň başlygy Li Keksin 10-njy oktýabrda žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşliginde Guşak ýol başlangyjynyň “geosyýasy oýunlaryň köne aňyýetini üýtgedip, halkara hyzmatdaşlygy üçin täze paradigma döredýändigini” aýtdy.
Ençeme ekspertler Guşak we ýol başlangyjynyň çäklerinde garyp ýurtlara zerur bolan maliýe serişdeleriniň gönükdirilendigini, ýöne munuň öweziniň dolunmalydygyny aýdýarlar. Bu taslama soňky on ýylyň dowamynda korrupsiýa we daşky gurşaw degredasiýasy boýunça dawalara duçar boldy we Global günortada ýokarlanýan algy-bergi krizisine goşant goşmakda tanaldy.
Guşak we ýol başlangyjy boýunça maliýe serişdeleriniň möçberleri 2016-njy ýyldan bäri azalýar. Kabul ediji hökümetleriň bergilerini yzyna töläp bilmeýän taslamalary, şol sanda, umumy bahasy tas bir milliard dollara barabar bolan Garadagdaky magistral we Şri Lankadaky port ýaly taslamalar bilen ilteşikli artýan bergiler bilen bagly ýokary derejeli dawalaryň yz ýany, has az taslama maliýeleşdirilýär.
Analitikler şeýle problemalaryň Pekini has töwekgelçilikli bolmaga iterendigini aýdýarlar.
Boston uniwersitetiniň Global ösüş syýasaty merkeziniň oktýabrdaky barlaglary Guşak we ýol başlangyjynyň çäklerinde 2021-nji ýylda ösüp barýan ýurtlara 330 milliard dollar möçberinde karz pullarynyň berlendigini, käbir ýyllarda Bütindünýä bankyndan hem has köp pul karz berlendigini mälim etdi. Ýöne barlaglar hytaý karzlaryny kabul edijileriň ençemesiniň häzirki wagtda bergilerden baş alyp çykmakda kösenýändiklerini hem-de daşary ýurt döwletlerinde hytaý maliýe serişdeleriniň hasabyna gurlan elektrik stansiýalarynyň parnik gazlarynyň zyňylmagyna ep-esli goşant goşýandygyny belleýär.
Şeýle päsgelçiliklere garamazdan, Guşak we ýol başlangyjy gowşamaýar diýip, Pantuççi aýdýar we Si Szinpiniň Guşak we ýol forumyny şeýle tankytlara jogap bermek üçin ulanyp biljekdigini hem-de bu maksatnamany “merkezinde Hytaý bolan täze dünýä tertibinde Siniň daşary syýasat başlangyçlarynyň binýady” hökmünde dabaralandyryp biljekdigini aýdýar.
“Guşak we ýol başlangyjy elmydama-da örän kesgitsiz maksatlary bolan hem-de ýetilmeli sepgitleri kesgitsiz bolan konsept boldy” diýip, Pantuççi aýdýar. “Şonuň üçin, Pekin ýetilmeli sepgitleri üýtgedip, üstünligi gaýtadan kesgitläp bilýär”
Forumdan nämelere garaşmaly
Guşak we ýol başlangyjy ýyllar boýy Hytaýyň öz halkara abraýyny götermek tagallalarynyň merkezinde boldy. Ekspertler Pekiniň Guşak we ýol forumynyň jemgyýetçilik aňyndaky ornuny üns bilen saýhallajakdygyny aýdýarlar.
Dünýäniň çar künjeginden köp adamly resmi wekiliýetleriň foruma gatnaşmagyny üpjün etmeklik şeýle tagallalaryň merkezinde bolar.
Pekin heniz myhmanlaryň resmi sanawyny çap etmedi, ýöne Hytaýyň Daşary işler ministrligi “130-dan gowrak ýurtdan hem-de ençeme halkara guramalaryndan wekilleriň” gatnaşjakdygyny aýtdy. Ýöne, bu resmileriň nä derejede ýokary wezipelerdäki resmiler boljakdygy aýdyň däl.
Ilkinji Guşak we ýol forumy 2017-nji ýylda geçirildi. Bu maslahata 30-dan gowrak döwlet ýa-da hökümet ýolbaşçylary gatnaşdy. 2019-njy ýylda geçirilen ikinji duşuşyga 37 döwlet ýa-da hökümet baştutany gatnaşdy. Pekin Guşak we ýoluň 10-njy ýyl dönüminde bu sanyň ýokarlanmagyna garaşýar. Ýöne munuň öňünde käbir kynçylyklar bolup biler, aýratyn-da, häzirki wagtda dünýäde köp sanly ýokary derejeli resmiler Ysraýyl we Hamas arasyndaky krizis bilen meşgullanmaly bolýar.
Ýewropa wekilçilik edilmegini üpjün etmek hem kyn bolup biler. Wengriýa we Serbiýa ýaly Pekine tarapdar hökümetler wenger premýer-ministri Wiktor Orbanyň hem-de serb prezidenti Aleksandr Wuçiçiň ýolbaşçylygynda ýokary derejeli wekiliýetlerini iberýändiklerini mälim etdiler, ýöne, hususan-da Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan başga kimleriň gatnaşjakdygy aýdyň däl.
Öňki duşuşyklara ýewropa ýurtlaryndan köp lider gatnaşdy, ýöne Hytaýyň pandemiýa çemeleşmeleriniň getiren netijeleri, onuň Russiýanyň Ukrainadaky giň gerimli çozuşyna berýän goldawy hem-de Guşak we ýol taslamalary bilen bagly bir topar dawalar Pekin bilen gatnaşyklara tow düşürdi.
Ýedilik topardaky (G7) ýurtlardan Guşak we ýol başlangyjyna goşulan ýeke-täk ýurt bolan Italiýa şu ýylyň başlarynda bu maksatnamadan çekilmek niýetini yglan etdi.
“2019-njy ýyldan bäri köp zat bolup geçdi we köp sanly ýurtlar hytaý ýolbaşçylaryny we olaryň belli-belli meseleler babatyndaky çemeleşmelerini geň gördi” diýip, Atlantik Geňeşiň Global Hytaý merkeziniň gaýybana ylmy işgäri Niwa Ýau Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Bu özgeriş Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjyndan nähili peýdalanyp biljekdigini hem-de ony nähili mahabatlandyryp biljekdigini üýtgetdi. Indi muňa Hytaýyň dünýäni üpjün edýän ýagşylygy hökmünde garalmaýar” diýip, ol aýtdy.
Degişli maglumat Hytaýyň Merkezi Aziýada barha batlanýan ykdysady agalygynyň fonunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna synÖzüniň bu duşuşyga gatnaşjakdygyny bir mahal tassyklan dünýä liderleriniň biri rus prezidenti Wladimir Putin bolup, ol 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina çozuşa girişeli bäri ilkinji gezek Hytaýa sapar edýär we onuň Si Szinpin bilen duşuşygynda dürli meseleleri, şol sanda "Sibiriň güýji – 2" gas geçirijisiniň geljegi bilen bagly meseleleri gozgamagyna garaşylýar.
Putin 15-nji oktýabrda "Hytaý media korporasiýasyna" Moskwada beren interwýusynda Si Szinpini we Guşak-ýol başlangyjyny öwdi hem-de Günbataryň dünýädäki ösüş ýardamlaryny nyşana aldy. Ol Guşak we ýol başlangyjynda “hiç kimiň beýlekilere hiç zady diremezliginiň” bu maksatnamany beýleki maksatnamalardan tapawutlandyrýan iň esasy aýratynlyk bolandygyny we beýleki käbir taslamalara garanyňda bu maksatnamada “kolonial tagamyň” ýokdugyny aýtdy.
Geljege uýgunlaşmak
Guşak we ýol başlangyjynyň resmi maksady, 10 ýyl ozal badalga berleli bäri, Hytaýyň dünýä ýurtlary bilen aradaky transport geçelgelerini ösdürmek arkaly söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, şol bir wagtda, Hytaýyň ykdysady we syýasy täsirini güýçlendirmek bolup durýar.
Yau Guşak we ýol başlangyjynyň töweregindäki esasy ritorikanyň infrastrukturalary gurmak we olary maliýeleşdirmek bolup durýandygyny, ýöne şol bir wagtda bu taslamanyň özüniň “Hytaýyň öz tejribelerine bolan ynamynyň güýçlüdigini we hatda olary dünýä hödürläp bilýändigini” görkezýändigini aýtdy.
“Guşak we ýol başlangyjy diňe bir global infrastrukturadan we baglanyşyk taslamalaryndan ybarat däl. Muňa derek, Guşak we ýol Hytaýyň öz nazaryny we gymmatlyklaryny dünýä ýetirmäge taýýardygy babatyndaky açyk hytaý ynamyny görkezýär” diýip, Ýau aýtdy.
Guşak we ýol forumynyň öňüsyrasynda şeýle çemeleşme sergilenýär. Hytaý hökümetiniň Guşak we ýol başlangyjy boýunça hasabaty bu maksatnamanyň “dünýäniň ykdysady ösüşine agalyk etmegi, ykdysady düzgünlere gözegçilik etmegi we ösüşiň miweleriniň hözirini görmegi” göz öňünde tutmaýan täze çemeleşme hödürleýändigini aýtdy.
Ýöne hytaý resmileri hasabatda “Hytaý durnukly karz ýörelgelerine eýerýär we durnukly hem-de töwekgelçilik taýdan gözegçilikde saklap bolýan maýa goýum we maliýe ulgamlaryny gazanmak ugrunda bergidar ýurtlar bilen işleşýär” diýip, Guşak we ýol başlangyjy boýunça aýdylýan tankytlara-da seredipdirler.
Awstraliýadaky Griffit uniwersitetiniň Aziýa institutynyň müdiri Kristof Nedopil Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, hytaý banklarynyň birnäçe ýurtda emele gelen karz krizisine jogap hökmünde, şeýle-de Hytaýyň öz ykdysadyýetiniň haýallamagynyň arasynda karz berip biljek pulunyň azalmagy bilen, taslamalar we hyzmatdaşlar babatynda has ünsli çemeleşýändigini, saýlap seçýändigini hem-de barha köp gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary we digital başlangyçlar ýaly özüni ödäp biljek taslamalar boýunça maýa goýumlaryny ileri tutýandygyny aýtdy.
Nedopil soňky ýyllarda Guşak we ýol başlangyjynyň irki ýyllaryndaky ýaly iri karz berişlikden uzaklaşylmagynyň bu maksatnama hususy hytaý kompaniýalarynyň goşulýan wagtyna gabat gelýändigini we bu meýliň dowam etdirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
“Munuň bölekleýin sebäbi, hytaý banklary öz ünsüni ösüp barýan ýurtlardan aýryp, içerki bazara gönükdirmegi bolup biler” diýip, Nedopil aýtdy.
“Ýöne köp sanly şeýle hususy kompaniýalar indi maýa goýýar, sebäbi olar dünýäde Guşak we ýol başlangyjyna ilkibaşda badalga berlen döwürlerdäkiden has bäsleşlige ukyply boldular” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.