Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda ýurduň kazyýetlerine kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky permana gol çekdi.
Prezidentiň permanyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, Mary sebitiniň welaýat kazyýetinde, Mary şäherinde we Baýramaly etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kazylar çalşyldy. Şeýle-de, prezidentiň permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň prezidiumynyň düzümine täze kazy girizildi. Galyberse-de, Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kazylaryň garaşsyzlygyny kepillendirýär, kazyýet häkimiýetiniň diňe kanuna we Konstitusiýa tabyndygyny aýdýar. Şeýle-de, baş kanuna laýyklykda, Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär. Olar, kanuna görä, biri-birinden garaşsyz, özbaşdak hereket etmeli, we biri-birini deňagramlaşdyrmaly.
Türkmenistanda prezident döwlete we ýerine ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk edýär.
Synçylar ýerini ýetiriji häkimiýetiň başlygynyň kazylary wezipä bellemeginiň häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesine gabat gelmeýändigini we bu ýagdaýyň kazylaryň garaşsyzlygyna kölege salýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Döwlet TW-si kalýanly suratlaryny sosial mediada paýlaşanlaryň ‘tobaly’ çykyşlaryny görkezdi“Kazyýet kazylarynyň hut prezident tarapyndan wezipe bellenilmeginiň özi eýýäm döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasy bilen kazyýet häkimiýetiniň arasynda ýeterlik derejede bölünişigiň ýokdugyny görkezýär” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça synçysy Brýus Panniýer 13-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy,
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar öz hasabatlarynda Türkmenistanda kazyýetiň garaşsyz däldigini, kazyýet diňlenişikleriniň adalatly geçirilmeýändigini belleýärler.
Panniýer Türkmenistanda kazyýet işiniň köplenç prokurorlaryň gelen netijesini kanunylaşdyrmak üçin ulanylýandygyny, adyl we garaşsyz kazyýetleriň ýokdygyny aýdýar.
“Kazylar sözüň doly manysynda kazy däl, olar prokuratura prosesiniň bir parçasy bolup hyzmat edýärler. Prokuror aýyplama bildirýär, kazy hem karar kabul edýär. Türkmen kazyýetine işi düşen adam, eýýäm günäkär bolýar. Men hiç haçan türkmen kazyýetinde aklanan adam barada eşidip görmedim. Türkmenistanda kazyýete çykarylan adam eýýäm günäkär hasap edilýär, bigünälik prezumpsiýasy ýok” diýip, Panniýer aýtdy.
Konstitusiýa laýyklykda, Türkmenistanda her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär. Ýöne synçylar ýurtda kazylaryň diňe “günä bildirilýän adamyň jezasyny tassyklamak üçin” ulanylýandygyny nygtaýarlar.
“Aýdyşym ýaly, Türkmenistanda kazylar köplenç prokurorlaryň hatarynda iş ýöredýärler. Olar aýyplama bildirilýän adama garşy döwletiň gozgan işiniň bir parçasy bolup hyzmat edýärler. Kazylar günä bildirilýän adamyň günäsini tassyklamak üçin, sud işini legitimleşdirmek üçin, hamala, ‘ähli subutnamalar gözden geçirilenden soň, pylany günäli tapyldy’ diýmek üçin ulanylýar. Ýöne bu garaşsyz höküm bolmaýar, ahbetin!” diýip, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça synçy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistan demokratiýa görkezijileri barlagynda iň pes bahalaryň birini aldy“Türkmenistanda günä bildirilýän adamyň entek kazyýet işi başlamanka, kazyýete getirilen adamyň günäli tapylýandygyny hemmeler bilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kanunçylyga görä, kazyýetiň ähli işi kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, namysynyň we mertebesiniň goralmagyna, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanda kazylar prezident tarapyndan wezipä bellenilýär we boşadylýar.
“Kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň arasynda häkimiýetleriň bölünişiginiň bar ýerinde, ýagny ideal ýagdaýda, kazy wezipesine hödürlenýän adamlaryň hünär derejesi, iş tejribesi, ukyplary kazyýetäki ýörite komitetler ýa-da toparlar tarapyndan gözden geçirilýär, baha berilýär” diýip, Panniýer aýtdy.
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Ýokary kazyýetiň başlygy tarapyndan hödürlenýär, prezident tarapyndan tassyklanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.