Hazar deňziniň boýundaky Guwlymaýak, Gyýanly, Garabogaz şäherlerinde we Türkmenbaşynyň töweregindäki käbir obalarda suwa düşmek we umuman deňiz kenaryna barmak gadagan edilýär. Ýerli ilatyň yssy howada deňizden näme sebäpli peýdalanyp bilmeýändigini düşündirmeýän häkimiýetler, käbirler ýerlerde onlarça kilometr kenarýaka meýdany ýapmak boýunça iş alyp barýarlar.
Guwlymaýakda we Gyýanlyda dynç almaga gelýänler üçin kiçi myhmanhanalar we myhman öýleriniň ençemesi bar. Deňiz boýundaky bu ýaşaýyş nokatlarynda dynç almak üçin başga welaýatlardan gelýänler yssyda suwa düşüp bilmeýärler. Munuň gadagandygyny aýdýan ýerli häkimiýetler sebäbini düşündirmeýärler. Bu barada gürrüň beren habarçymyz kimler suwa düşmek üçin para bermäge synanyşýar, käbirler awtoulagly kenar boýundaky uzak aralyga gidip, çola ýerleri gözleýärler.
"Adamlar para berip suwa düşmäge rugsat alýarlar. Deňziň şäherden uzak kenarlaryna ulagly gidip, suwa düşýän adamlar hem bar. Olary polisiýa yzarlap, tapýar we jerime töledýär" diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistan: Hazar kenarlarynda gündizlerine suwa düşmek gadagan edilýärJerimäniň ortaça bahasy 200 manat (Merkezi Bankyň kursy boýunça 57 amerikan dollary -red).
Habarçymyz Türkmenbaşynyň töwereginde hem suwa düşmegiň gadagan edilýändigini aýdýar. Ençeme ýerde koronawirus sebäpli çäklendirmeler döwründe dikilen suwa düşmek gadagançylygy baradaky bildirişler henizem aýrylmandyr. Polisiýanyň patrullary kenar ýakasynda suwdan 30 metr aralykda gözegçilik edýär we suwa gark bolanlar köp diýen bahanasy bilen adamlary kowýar.
Suwa düşmek we umuman deňziň golaýyna barmak gadagan edilen ýaşaýyş nokatlaryň ýene biri Garabogaz şäheri.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän bu şäherde ýurduň tebigy himiki serişdeleriniň önümçilik desgalary ýerleşýär.
Habarçymyz Garabogazyň golaýynda deňiz serhet flotunyň hem ýerleşýändigini belleýär. "Deňiz serhet floty bar Gazagystan bilen serhede golaý ýerde. Bu ýerde kowidden öň hem 30 kilometr giňişliginde suwa düşürmeýärdiler. Suw hapa diýýärdiler. Şeýle-de, howpsuzlyk sebäpli serhet zonasy diýip, kenar ýakasyna goýbermeýärdiler" diýip, habarçymyz aýtdy.
Garabogazda suwa düşmek gadagançylygy barada Türkmen.news neşiri hem habar berýär. Garaşsyz neşir Türkmenistanyň Garabogaz şäherinde (öňki Bekdaş obasy) COVID-19 pandemiýasy wagtynda girizilen deňizde ýüzmegi gadagan edýän düzgüniň dowam edýändigini belläp, serhetçileriň golaýdaky serhetýaka territoriýasyny has-da giňeltmek boýunça iş alyp barýandygyny habar berýär.
Degişli maglumat Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi“Turkmen.news” öz çeşmesine salgylanyp, serhetçileriň döwlet serhedini 45 kilometre göçürendigini we 3 metr çuňlukda çukur gazyp, deňiz bilen kenar ýakasyndan geçýän ýoluň arasynda tikenek simleri oturdandygyny ýazýar. "Bu, esasan, balykçylaryň awtoulaglarda kenara baryp, gaýyklaryny garşy alyp bilmezligi üçin edilýär. Emma adamlar hem suwa düşüp bilmeýärler. Türkmenistanda howa yssy bu ýagdaý eýýäm raýatlaryň gaharyny getirýär" diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.
Türkmenistanda ilata deňizde suwa düşmek gadagançylygy wagtal-wagtal edilýär. Geçen ýylyň tomsunda Awaza syýahatçylyk zolagynda ilata suwa deňizde ýüzmäge rugsat berilmändi, bu ýagdaý Hazar deňziniň beýleki kenar ýakalaryndaky ilatly ýerlerde, şol sanda Gyýanlyda we Hazarda (Çeleken) hem gaýtalanypdy. Adamlar gijelerine deňizde suwa düşmäge synanyşypdy, hususan-da, bu gadagançylykdan saplanmak üçin para beripdi.
Türkmenistanda şu günler howa 40 gradusa çenli gyzýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.