Balkanabadyň köçelerinde dileçileriň awtoulagly kiçi ýol hadysalara düşmegi bilen bagly hadysalar köpelip başlady. Azatlygyň habarçylarynyň ünsüni çeken şeýle hadysalaryň ençemesi maddy taýdan mätäçlik çekýän adamlaryň gazanç etmek üçin oýlap tapan täze bir usuly bolup çykýar.
"Balkanabatda pula mätäç dilegçileriň polisiýa tarapyndan kowulýan wagtynda dilegçilik edýän adamlar bazarlaryň awto duralgalarynda we tizligi ýokary bolmadyk köçelerde hereket edýän ulaglaryň aşagyna özüni oklap hamana sürüjiler bilmän adamy kakan ýaly edip, sürüjilerden pul soraýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme soňky wagtda ýygy-ýygydan gaýtalanýan ýagdaýlar barada gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan polisiýa işgärleriniň, sürüjileriň we dilegçileriň sözlerine görä, "ulagyň kakmagy" bilen bagly hadysalar köplenç adam üçin howpsuz ýagdaýda bolup geçýär we "ejir" çeken adama uly zyýan ýetmeýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda dilegçilik edýän, suw soraýan çagalar 'köpelýär'"Köplenç adamlar duralgadan çykjak bolýan we yza hereket edýän ulaglaryň öňünden çykyp, jebir çekeniň roluny oýnaýarlar. Bu hereketler adama näderejede howply bolsa-da, öňünden planlaşdyrylan şeýle hadysalar soňky günlerde has köpeldi" diýip, polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, emeli döredilýän ýol-ulag hadysalarynyň "pidalary" aşa mätäç adamlar bolup, olar köplenç özlerini ýaş sürüjileriň ulaglarynyň we gymmat bahaly transport serişdeleriniň aşagyna oklaýarlar.
"Özlerini oklap pul gazanç edýärler. 'Jebir çeken' adamlar agyr şikes almasa, wakanyň bolan ýerinde ýeňil ýaralary üçin 2 müň manat pul sorap, wakanyň bolan ýerinde sürüji bilen ylalaşýarlar" diýip, balkanly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Sürüjileriň köpüsi ýakymsyz ýagdaýdan sag-aman gutulmak üçin soralýan puly bermäge kaýyl bolýarlar. Garaşylmadyk şeýle ýagdaýlaryň gümürtik bolmagyna we özlerine şeýle agyr maddy agram salmagyna garamazdan, sürüjileriň köpüsi polisiýa ýüzlenmekden saklanýar. Polisiýanyň ilata köplenç eden-etdilikli we jezalandyryjy görnüşde çemeleşmegi sürüjilerde adalaty gözlemekde polisiýa daýanmak isleglerini gowşadýar.
"Sürüjiler emeli gurnalýan hadysalaryň gurbany bolýarlar. Olar duralgalardaky kameralary barlatmakdan ýa-da polisiýany çagyrmakdan gorkýarlar. Olar meseläni gozgasalar sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum boljagyndan we günäkär edilmekden howatyrlanýarlar. Şol sebäpli wakanyň bolan ýerinde meseläni çözüp gutulmagy makul bilýärler" diýip, balkanly sürüji gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçysyna mälim bolan ýagdaýlaryň biri 3-nji ýanwarda bolupdyr. Sürüji duralgadan çykjak bolup, ulagyny yzyna süren wagtynda 60-laryndaky zenany ulagy bilen kakypdyr.
"Men yza çykjak bolup, gatyrak hereketlenip bir daýzany kakdym. Ol aýal maşynymyň aşagyna giripdi. Men oňa tiz kömek çagyraýyn diýsem ol: 'oglum hassahana basram saňa azar bererler. Dermanlarymy alyp beräý, men şikaýat etmäýin' diýdi. Men begenip, tanyşlarymdan dessine karz alyp 4 müň manat toplap berdim. Aýal tas süýrelip diýen ýaly öýüne gitdi. Men soň şol zenanyň ýörite maşynlaryň aşagyna özüni oklap gazanç edýändigini bilip galdym", diýip, sürüji öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Balkanabatdaky çeşmeler özüni awtoulaglaryň aşagyna oklap, pul soramak bilen meşgullanýanlaryň köpüsiniň çörek puluny tapmak üçin başga ýol görmedik adamlardygyny, şol sanda garrylaryň we çagalaryň bardygyny belleýärler.
Türkmenistanda dilegçilik edýän adamlaryň sany artýar. Köçelerde, bazarlarda dilegçilik edýän, şeýle-de öýme-öý aýlanyp, köne egin eşikleri, öý goşlaryny, okuw esbaplaryny we iýmit soraýanlaryň arasynda dürli ýaşly, şol sanda ýaş çagaly zenanlar we gartaşan adamlar bar.
Degişli maglumat Balkanda ýaremezan däbi dilegçiligiň bir görnüşine 'öwrülýär'Täze ýyl, Oraza baýramçylyklarynda pul we azyk soraýan adamlaryň köpdügi has hem göze ilýär.
Mätäçlik çekýän maşgalalar dürli gazanç ýollaryny gözleýärler. Mundan öň çagaly maşgalalaryň Mary-Türkmenabat gara ýolunyň ugrunda ýoluň ýaramaz böleklerinde "ýoluň jaýryklaryny bejermek" arkaly gazanç edýändigi barada habar berlipdi. 10-12 ýaşly çagalar elleri pilçeli jaýryklara çagyl guýup, sürüjileriň biraz pul, suw ýa-da azyk bermegini gazanýandygy barada habarçylar maglumat beripdi.
Türkmen hökümeti sosial-ykdysady problemaly we ilatyň agyrlaşýan durmuş şertlerini resmi taýdan agzamaýar. Dilegçilik edýän we zibil dörýän adamlaryň köpelmegi we hökümetiň bu mesele babatyndaky çäreleri barada resmi mediada hem habar berilmeýär. Emma agyr ýagdaýdaky adamlar polisiýa tarapyndan yzarlanýar, kowulýar we saklanýar.
Degişli maglumat Habarçy: MHM dilegçi çagalaryň garşysyna reýd geçirmekçi bolýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.