OGPU-nyň hasabatlarynda geçýän guýy atlary bir tarapdan türkmen çarwalarynyň Garagum çölünde nähili giň maldarçylyk infrastrukturasyny gurandygyny görkezse, ikinji tarapdan, ägirt uly çöllügi içine alýan territoriýada gurlan asyrlyk medeniýetiň, daýanykly ykdysadyýetiň basybalyjy güýçler tarapyndan nähili giňe gerimde we wagşylarça ýok edilendigini görkezýär. Türkmenistanlylaryň şu günki nesilleriniň içinde ol guýularyň atlaryny bir gezek eşitmedik adamlar hem bar, emma 50-80 ýaş aralygyndaky adamlaryň içinde "Köne dünýä garalypdyr kömürden,/Nesibäňi gözle täze ömürden,/Balaňy, çagaňy sal komsomola,/Özüň-de goşuň çek bu dogry ýola” diýip joşan hökümetçi şahyrlaryň goşgy setirlerini ýatdan bilýän adamlar welin şindem duşýar. Garagumyň agyr şertlerinde iş, durmuş, önüm öndürmek, baýlyk döretmek medeniýetini guran we saklan, nesilden nesle geçiren, ýalan sözlemegi, ogurlygy aýyp hasaplan adamlar, sowet synaglary diýilýänler sebäpli ýitirilen adam gatnaşyklary, adam sylagy, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, sowet döwründe we soň dörän açlygyň, gytçylygyň, adamlaryň biri-birini sylamazlygynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.
Sowet goşunlarynyň türkmen topraklarynda bolşewik häkimiýetlerine garşy çykan, eli ýaragly gozgalaňa gatnaşan, şeýle adamlar bilen baglanyşygy ýa-da geljekde häkimiýetlere garşy çykmak ähtimallygy bolan çarwalary Garagumdaky uzak guýularyň başynda uly güýç, gowy ýaraglanan goşun bilen gyrgyna berenine şu hepde 92 ýyl boldy, emma türkmen metbugaty sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyna düşýän gaýgyly günler barada dymmagy saýlap alýar.
Degişli maglumat Harby parada taýýarlanýan esgerleriň arasynda ýarawsyzlyk köpelýärTaryhy dokumentler sowetleriň bu uruşda zorlukly kollektiwleşdirmäni kabul etmek islemedik adamlara garşy şol wagt "tanketka" diýlip atlandyrylan harby maşyny, şol döwrüň tanklaryny hem çarwalara garşy ilkinji gezek ulanandygyny görkezýär. Şol bir wagtda, soň sowet propagandasynyň uly daýanjy bolan döredijilik işgärleri tarapyndan diňe bir taraply, yzagalak, garakçy, wagşy adamlar hökmünde häsiýetlendirilen gozgalaňçylar, olaryň aýallary we çagalary, söweşleri synlan adamlaryň boýun almaklaryna görä, öz hereketlerinde mertlik, ýeterlik derejede söweş çeýeligini, taktiki sowatlylyk görkezip, taryha öz mertebelerini goran adamlar hökmünde giripdirler we bu barada uly ylmy monogarfiýa ýazan türkmen taryhçysynyň (Jumadurdy Annaorazow) işinde-de anyk mysallar getirilýär.
SSSR Halk komissarlar geňeşiniň ýanyndaky Birleşdirilen döwlet syýasy dolandyryşynyň, gysgaça ОГПУ diýilýäniň açyk çeşmelerde elýeterli edilen hasabatlarynda 1931-nji ýylyň 12-17-nji sentýabry aralygynda bolşewikler tarapyndan ýok edilen halk gozgalaňçylary, olaryň ýerleşen ýerleri, sany, ýaraglar we beýleki mümkinçilikleri hakynda köp maglumat berilýär.
1922-nji ýylda dört sany sowet respublikasy döredileninden soň esaslandyrylan döwlet howpsuzlyk gulluklarynyň 1931-nji ýylyň dekabryndaky hasabatlaryna görä, şol ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistandaky ‘basmaçy’ toparlary diýilýänler esasan bäş sany uly topardan ybarat bolupdyr.
Degişli maglumat Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?Birinji topar hasabatlarda (Krasnowodsk we Gazanjyk etraplary), Ally Ahunyň ýolbaşçylygyndaky “Gazak-ýomut topary” diýlip atlandyrylýar. Bu toparyň merkezi Çagyl guýusy bolup, onuň düzümine maldar hojalyklarynyň 6 müňüsi, ýaraglanan jigitleriň 1 müň sanysy giripdir. Şeýle-de, bu toparda rus we iňlis tüpeňleriniň, wintowaklaryň 400 sanysynyň, 5 sany pulemýotyň, 2 mortirogyň (granat atýan ýarag), 40 müň çemesi patronyň, başga-da dürli görnüşli ok atýan ýaraglaryň bolandygy aýdylýar.
‘Basmaçylaryň’ “gazak-ýomut topary” diýlip atlandyrylan topary, türkmen alymy Annaorazowyň düşündirmegine görä, günbatar Gazagystandaky sowetleşdirmeden, kollektiwleşdirmekden we bolşewik terroryndan gaçyp gelen gazak maldarlarynyň bir böleginiň türkmen çarwalarynyň gozgalaňyna goşulmagy netijesinde taryha girýär.
Gozgalaňçylaryň iki topary 2-nji we 3-nji toparlary “Teke topary” diýlip atlandyrylyp, olar ýolbaşçylarynyň atlary we ýerleşýän ýerleri bilen tapawutlandyrylýar.
Şeýlelikde, Myrat Alynyň ýolbaşçylygyndaky Teke toparyna Bäherden, Gökdepe etraplaryndan bolan adamlaryň girendigi, bu toparyň merkeziniň Ortguýy bolandygy aýdylýar. Myrat Alynyň teke toparyna maldar hojalyklarynyň 500 sanysy, ýaraglanan jigitleriň 300 sanysy giripdir.
Oraz Geldiniň ýolbaşçylygyndaky Teke topary Tejen, Merw etraplarynda, Aşgabat-Daşoguz aralygynda azyk daşalýan kerwen ýollarynyň boýunda hereket edipdir. Bu toparyň merkezi Kükürt zawody etraby, Hanguýy we Sepgerli guýulary bolupdyr. Bu topar 10 bölekden ybarat bolup, 350-den 600 jigiden çenli nökeri özünde jemläpdir.
Gozgalaňçylary dördünji topary Darganata topary diýlip atlandyrylypdyr, oňa garaja Aksakgal ýolbaşçylyk edipdir. Bu toparyň merkeziniň Hanguýy guýusy bolandygy, onuň düzümine maldar hojalyklarynyň 230 sanysynyň, ýaragly jigitleriň 120 sanysynyň girendigi aýdylýar.
Gozgalaňçylary bäşinji topary Daşhowuz topary atlandyrylyp, oňa Juneýit hanyň ozalky kurbaşysynyň ýolbaşçylyk edýändigi aýdylýar, ýöne topar ýolbaşçysynyň anyk ady görkezilmeýär. Bu topar Daşhowuz sebitinde, Jüneýit hanyň ozalky bazasynda hereket edipdir, oňa 10 bölekden ybarat bolan müň jigidiň girendigi bellenýär.
Sowet häkimiýetleri bu toparlary ýok etmek üçin 4173 esgerli goşun jemleýärler, olary 5 tanketka, 101 pulemýot stanogy, 8 bronemaşyn, 80 el pulemýoty; 2 sany bronly otly, 76 granatomýot, broneletuçek, 15 top, 33 uçar bilen üpjün edýärler.
Degişli maglumat Nesilden nesle geçýän dissidentler ýurdy. SSSR dargamazynyň öňüsyrasynda, respublikalardaky milli hereketler. TürkmenistanDöwlet howpsuzlyk gulluklarynyň hasabatlary gazak-ýomut toparlarynyň Gyzyl goşunyň bölümleri bilen 12-17-nji sentýabr aralygynda Tüwer, Çagyl we Dähli guýularynyň golaýynda bolan aýgytly çaknyşyga uzak wagt taýýarlyk görendigini, ‘basmaçylaryň’ bu söweşlerde synpy ýigrençden başga, “ýokary söweş başarnygyny, sebite uýgunlaşmak, ussatlarça garym gazmak, bukulmak we gowy nyşana alyp ot açmak ukybyny görkezendigini” belleýär.
Hususan-da Dähliniň golaýynda bolan on sagatlyk söweşiň gaty gazaply we ganly bolandygy aýdylýar. Azatylyk radiosy sowet goşunlarynyň bu ýerde eden gyrgynçylygy barada 2017-nji ýylda publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen gurnan söhbetdeşligini geçen hepde gaýtalap eşitdirdi. ‘Basmaçylar’ diýilýänleriň taryhyny diňe bir sowet dokumentleri esasynda däl, halk içinde saklanyp galan ýa-da dilden-dile geçen gürrüňler, şaýatlaryň görkezmeleri esasynda hem öwrenen, bu barada göwrümli eser ýazan ýazyjynyň tassyklamagyna görä, bolşewikler gozgalaňçylary gaçyp giden ýerlerinde, Garagumyň jümmüşinde yzlaryndan baryp, bilkastdan, sowet häkimiýetlerine geljekde garşy çykyp biljek adamlaryň hem gözüniň oduny almak üçin gyrypdyrlar. A.Bugaýewiň pikiriçe, çöldäki guýularyň başynda jemlenen adamlardan hakykatda sowetlere beýle bir uly howp abanmandyr.
Emma OGPU hasabatlary, ‘basmaçylaryň’ söweşde görkezen erjel garşylyklaryny, öldürilen söweşijileriň ornunyň derrew ýaragsyz adamlar tarapyndan doldurylandygyny, hatda aýallaryň hem söweşýänlere işjeň kömek edendiklerini, ok, suw getirendiklerini belläp, hakykatdan hem uly howpuň ýok edilendiginio görkezjek bolana meňzeýär.
Mundan başga, OGPU hasabatynda ‘basmaçylaryň’ aýallarynyň Gyzyl goşunyň ýaralanan esgerlerini öldürip, ellerindäki ýaraglaryny alyp, gozgalaňçylara eltip berendikleri, hatda ýaraly esgerleriň kemsidilip öldürilen halatlarynyň hem bolandygy aýdylýar.
Dähli guýusynyň golaýyndaky söweşde, OGPU-nyň hasabatyna görä, gozgalaňçylardan 216 adam öldürildi, 42 adam ýesir alyndy. Sowet goşunlaryndan 32 adam öldürildi, 25 adam ýaralandy.
Tüwer-Çagyl-Dahli guýularyndaky söweşler netijesinde Gazak-Ýomut garakçy topary ýok edildi, olardan 711 adam öldürildi, 326 adam ýesir alyndy diýip, 31-nji ýylyň 8-nji dekabryndaky hasabatda aýdylýar.
Degişli maglumat 'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'Türkmen taryhçysy Jumadurdy Annaorazowyň ‘basmaçylyk’ hereketi baradaky göwrümli ylmy monografiýasynda bellemegine görä, Türkmenistanda 1920-1930-njy ýyllarda sowetlere garşy bir topar gozgalaň turdy we olaryň iň ulusy türkmen çarwalarynyň 1931-nji ýyldaky gozgalaňy boldy.
Halk hereketlerini güýç bilen basyp ýatyran OGPU-nyň hasabatlarynda düşündirilişinden tapawutlylykda, türkmen alymy bu gozgalaňyň maldarçylyk hojalyklarynyň zorlukly kollektiwleşdirilmegi, baý hasaplanylan maldarlaryň mallarynyň zor bilen alynmagy we konfiskasiýa edilmegi, öri meýdanlarynyň we guýularyň millileşdirilmegi, çarwa sebitleriniň sowetleşdirilmegi we uly terrorçylyk sebäpli ýüze çykandygyny aýdýar.
J.Annaorazowyň taryhy maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, 11-nji sentýabrda Tüwer guýusynyň ýanyndaky gozgalaňçylar gyzyllaryň motorly otrýadynyň esasy güýlerine berk garşylyk görkezýärler. Ýöne dyngysyz bombalamalar we uçarlar arkaly ýokardan ýagdyrylýan oklar söweşiň ykbalyny çözýär.
Gyzyllar 13-nji sentýabrda Çagyl guýusyndaky gozgalaňçylar, 600 atly, 400 çemesi pyýada pitneçi bilen çaknyşýarlar. Gozgalaňçylar, OGPU-nyň hasabatynda hem aýdylyşy ýaly, goranyşa öňünden berk taýýarlyk görýärler: goşa gorag hatary gurlup, ol ýerde daş bilen gurşalan gaçybatalgalar we garymlar bardy. Gumuň içinde garymlaryň ikinji hatary bolup, olar ýandak we ojar bilen görer gözden berk ýaşyrylypdy.
Çagyl söweşi ir säherde başlanýar, gozgalaňçylaryň hatarlary üç gezek pulemýot okuna we howadan bombalamalara sezewar edilýär. Eger söweşiň birinji gününde howadan edilen hüjüme 4 sany P-3 uçary gatnaşan bolsa, söweşiň ikinji gününde söweşe 22 uçar gatnaşýar.
Howadan amala aşyrylan güýçli bombalamalara garamazdan, gozgalaňçylaryň hatarlarynda dowla düşme alamatlary görünmeýärdi. Mundan-da beteri, uçarlara garşy guramaçylykly tüpeň atylýardy. Dört uçar ok deşigini aldy, bir pilot aýagyndan ýeňil ýaralandy diýip, taryhy maglumatlarda bellenilýär.
Şeýle-de, maglumatlarda gozgalaňçylaryň tabyn bolmak islemän, soňuna çenli söweşendigi, ýaraglaryny taşlamak barada gaýta-gaýta edilen teklilere gulak asmandygy, hatda bir atlynyň gylyçly tanketka topulyp, onuň çyrasyny döwmäge ýetişendigi, ýöne öldürilendigi aýdylýar. Daşyny gozgalaňçylara aldyran ikinji tanketka bolsa bir sagat çemesi gidişip, zordan söweşden çykýar. Ýöne gozgalaňçylar garyma gaçan başga bir tanketkanyň daşyny gabap, ony otlaýarlar we komandir söweş maşynyň içinden çykyp bilmän ýanýar. Sürüji bolsa, maşyndan çykyp ýetişse-de, gozgalaňçylardan gutulyp bilmeýär.
Gazaply garşylyk görkezendiklerine garamazdan, Çagyl 14-nji sentýabrda irden gyzyllaryň eline geçýär. Gozgalaňçylar bu söweşde, J.Annaorazowyň ýazmagyna görä, ölen we ýaralanan görnüşde, 200-e golaý adam ýitirýärler. Çagyldaky söweşde OGPU-nyň motorly otrýadynyň komandiri Lamanow hem öldürilýär.
Degişli maglumat Jüneýit han: taryhy hakykat hem faktlarÇagyl söweşine gatnaşan pitneçileriň biriniň ýatlamagyna görä, başga guýulara gaçyp giden basmaçylar hem ertesi yzlaryna gaýdyp gelýärler. Olar, eger ölmeli bolsa, öz öýüňde, öz guýyňda ölmeli diýýärler. Şeýle-de, olar tabyn bolanlarynda, erkeklerden we aýallardan başlap, kiçijik çagalara çenli, ählisiniň ellerinde gyzyl mata böleginden edilen kiçijik baýdaklar bolupdyr, bu baýdaklaryň galdyrylmagy olaryň tabyn bolýandyklaryny aňladypdyr.
Gazanjyk etrabynyň Kyrkýyllyk obasynyň ýaşaýjysy, 1921-nji ýylda doglan O.Goşjanowyň ýatlamasynda aýdylmagyna görä, Çagyl eýlenenden soň, ýeňiji bolan gyzyllar ýesir düşen we suwsuz galan gozgalaňçylara suw bermändirler. Olar erkekleri we aýallary aýry-aýrylykda oturtdylar, 15 ýaşdan geçen erkekleriň ellerini arkalaryna daňdylar, 15-nji sentýabrdan 16-njy sentýabra geçilen gije erkekleriň köpüsini atdylar, merhumlar üçin gabyrlary ölüme höküm edilenleriň özlerine gazdyrdylar diýip, türkmen taryhçysynyň kitabynda aýdylýar.
1931-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Dähli guýusynda bolan söweş, gozgalaňçylaryň görkezen garşylygyny synlan sowet serkerdeleriniň şaýatlyk etmeklerine görä, basmaçylar diýilýänleriň ýürekli we taktiki sowatlylygyny görkezipdir.
Şol döwrüň resmi ýazgylarynyň birinde aýdylmagyna görä, "Basmaçylar soňky okuna çenli söweşdi. Dähli guýusyndaky söweşe hatda aýallar we çagalar hem gatnaşyp, hüjümçileri daşladylar, ellerine tüpeň alyp, ok atdylar. Garakçylaryň ählisi, başarnykly ot açmak we atyşyp, täze sepgide ussatlyk bilen çekilmek arkaly, uçdantutma uly taktiki sowatlylyk görkezdi. Tebigy örtükleri [päsgeleçilikleri] ussatlyk bilen peýdalandylar, gowy bukuldylar we garym gazdylar. Uçarlara we tanklara garşy nähili göreşmelidigini tiz öwrendiler...”
Gyzyl goşunyň 1931-nji ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda amala aşyran jeza beriş çäreleri netijesinde Garagumdaky gozgalaňçylar hereketi derbi-dagyn edilýär we halk gozagalaňyny basyp ýatyrmakda aýratyn tapawutlanan harby gullukçylar ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanýar.
Taryha “basmaçylar” ady bilen giren halk gozgalaňçylary soňra sowet döredijilik işgärleri, şol sanda taryhçylar tarapyndan, kommunistik partiýanyň diýdimzor syýasaty astynda, bir taraply, taryhyň ters tarapynda bolan adamlar edilip görkezildi we türkmen häkimiýetleri, beýleki post sowet ýurtlarynyň ýolbaşçylaryndan tapawutlylykda, bu herekete şu güne çenli, 92 ýyl geçse-de, döwrüň talabyna görä, oýlanyşykly syýasy baha bermän gelýär diýip, synçylar aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.