'Gyzgyn pese düşmeýär'. Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň dümewi ýaýraýar

Keselhana. Türkmenistan. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda dem alyş keseliniň ýaýramagy dowam edýär. Ýurtdaky hassahanalarda dümewe meňzeş alamatlary bilen geçýän kesele uçran näsaglaryň sany gitdigiçe köpelýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar çeşmeleri ýurtda resmi taýdan agzalmaýan we düşündiriş berilmeýän keselçiligiň ýaýramagy we bu keselden ölýänler barada maglumat berýärler.

Ýaýraýan kesel, sowuklama alamatlary, dem alyş kynçylygy we kynlyk bilen pese düşürilýän aşa ýokary gyzgyn bilen geçýär.

"Üznüksiz güýçli üsgülewük bar, bedeniň gyzgynlygy 40 gradusa çenli ýokarlanýar we peselmeýär. Hemmeler kesel bolýar" - diýip, Ak Bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, şeýle ýagdaý Ahal welaýatynyň ähli etraplarynda göze ilýär. Tutuş maşgalalar kesel bolýar, etrap hassahanalarynda adam köp, köpçülik öýde bejergi almaga mejbur bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda dümew ýaýraýar, Maryda gonamçylyklarda çaga mazarlary köpelýär

Bu wirus ýokanç we aşa agyr görnüşde ýüze çykýar. Sowuklama garşy ulanylýan dermanlar köplenç netije bermeýär. Çagalarda kesel has agyr geçýär" - diýip, Ak Bugdaý etrap hassahanalarynyň biriniň lukmany gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde efirde adynyň agzalmazlygyny soran ýerli saglyk işgärleriniň sözlerine görä, dem alyş keseli sebäpli keselhanalarda çagalaryň arasynda ölüm derejesi hem ýokary bolmagyna galýar.

"Ýaş çagalarda bedeniň gorag potensialynyň gowşaklygy sebäpli töwekgelçilik has uly bolýar. Çagalaryň arasynda her gün ölüm bolýar" - diýip, hassahanalaryň biriniň lukmany aýtdy.

Ýurduň saglygy saklaýyş wekilleri keselçilige degişli ýagdaý barada resmi beýanat etmediler we öňüni alyş çäreler barada ilata düşündiriş bermediler.

Garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” keseliň Aşgabatda köpelendigini habar berdi. Maglumata görä, hassahanalarda adam köp, hassalar öýde bejergi almaga iberilýär, emma onsuzam köpçülik saglygyna öýde garamagy saýlap alýar, emma bu keseliň ýaýramagyna sebäp bolýar. Adaty dermanlar az kömek berýär we saglygyň dikelmegi birnäçe hepde uzaga çekýär.

"Nyýazow keselhanasynda, çagalaryň ýokanç keseller bölüminde ýeterlik ýer bolmansoň, dem alyş kesellerine uçran çagalary beýleki bölümlere, mysal üçin hirurgiýa bölüminde ýerleşdirýärler. Kiçijik çagalar ene-atalarynyň biri bilen keselhanada bolýar" diýip neşir ýazýar.

"TH"-nyň habaryna görä, hassahanada arassaçylyk ýok, şepagat uýalary otaglary arassalamaga we bejermäge ýetişmeýärler, otaglar saçakçylardan doly: “Saglygy saklaýyş işgärleri mör-möjekleriň ýaýramagynyň sebäbini her bir hassanyň ýanynda azygyň bolmagyndan görýärler, näsaglar bolsa, mör-möjeklerden ýaňa gije uklap bilmeýändigini aýdýarlar".

Şeýle hem neşir dermanhanalarda uzyn nobatlaryň bardygyny we dermana bolan talabyň wirusa garşy dermanlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna getirendigini belleýär.

Ýurtda dümewe meňzeş keselçiligiň ýaýramagy dekabr aýyndan bäri dowam edýär, ýanwarda ýagdaý hasam agyrlaşdy.

Geçen hepde Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň hassahanalarynyň, şol sanda Baba Annanow köçesindäki çagalar hassahanasynyň ýiti dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän ýokançlyga uçran hassalar bilen doludygyny habar berdiler. Keseliň esasy alamatlary güýçli üsgülewük, ýokary gyzgyn we öýken çişmesi.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri bilen keselleýän çagalar köpelýär

Keselçilik Maryda hem ýaýraýar. Geçen hepdede Azatlygyň habarçylary bu barada habar berip, sebitde çagalaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokarydygyny hem mälim etdiler. Olaryň sözlerine görä, birnäçe hepdäniň içinde Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynda gonamçylyklarda çagalaryň täze mazarlary köpelipdir. Çagalaryň ölüm derejesiniň ýokarlanmagy hatda Marydaky gonamçylyk işgärlerinde hem aladalanma döredipir.

"Şu günler çagalar yzygiderli jaýlanýar. Näme bolýanyny göz öňüme getirip bilemok. Käbir çagalar ulular ýaly jaýlanýar, köp adam gatnaşýar. Käwagt adamlar kän däl 10 adam çemesi gatnaşýar. Käbir çagalar kiçijik" - diýip, gonamçylyklaryň birinde işleýän işçi adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti köp ýyl bäri kesel statistikasyny çap etmeýär. Pandemiýa döwründe ýurduň häkimiýetleri koronawirusa garşy göreşmek üçin dürli ýurtlardan köp sanly kömegi alsalar-da, ýurtda COVID-19 ýokaşan ýekeje hadysanyň bolmandygyny öňe sürdüler.

Emma ýurduň saglygy goraýyş ulgamyndaky çeşmeleriň Azatlyga beren sanlaryna görä, diňe 2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Türkmenistanda koronawirusdan 25 müňden gowrak adam ýogalypdyr.

Degişli maglumat Türkmenistanda koronawirusa meňzeş keseliň ýaýramagy barada ilata duýduryş edilýär

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.