Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok-Ýoluň ýurtdan çykmagy gadagan edildi diýip, "Yonhap" habar gullugy habar berdi.
Gadagan etmek karary Günorta Koreýanyň Adalat ministrligi tarapyndan, ýokary wezipeli işgärleriň arasyndaky korrupsiýany derňeýän bölümiň müdiriniň ýüzlenmesi esasynda kabul edildi.
Bölümiň baş prokurory Günorta Koreýada adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegi sebäpli turan gozgalaň boýunça geçirilýän derňew bilen baglylykda, sülçülere prezidentiň syýahat gadagançylygyny gazanmagy tabşyrandygyny aýtdy.
Mundan başga, Ýun Sok Ýol döwlete dönüklik etmekde we öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.
Polisiýa onuň soraga çekilmek ähtimallygyny aradana aýyrmaýar.
Degişli maglumat Günorta Koreýanyň prezidenti ýurtda harby ýagdaý düzgünini yglan etdi, Parlament onuň ýatyrylmagyna ses berdi