Günbatar Merkezi Aziýadan gelýän zähmet migrantlarynyň mümkinçiliklerini seresaplylyk bilen giňeldýär. Mundan näme netije çykar?

Merkezi Aziýadan bolan zähmet migrantlary Russiýada

Orsýetdäki syýasy ýagdaý ol ýerde işleýän Merkezi Aziýadan bolan zähmet migrantlarynyň durmuşyny has-da kynlaşdyrmagyny dowam etdirýär. Bu şertlerde Günbatar ýurtlarynyň migrasiýa baradaky şertnamalar arkaly sebitde öz täsirini giňeltmäge mümkinçilikleri bar. Ýöne Ýewropa Bileleşiginde we Beýik Britaniýada sagçy güýçleriň täsiriniň ösmegi bilen şeýle hyzmatdaşlyk çäklendirilip bilner.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 15-nji sentýabrda Özbegistan bilen öz ýurdunyň baglaşan migrasiýa ylalaşygynyň jikme-jiklerini mälim etmedi.

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşiklerden soň, Şolz ylalaşygyň Germaniýanyň “diňe zerur bolan tejribeli immigrantlara" mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Samarkantda saparda bolan wagty Şolz "yzyna dolanmalylar hakykatdan-da yzyna dolanar ýaly" ýönekeý we "býurokratik däl" usullar ylalaşyldy diýip sözüni dowam etdi.

Onuň aýdan sözleriniň şu bölegi öz ýurdundaky diňleýjilere ýüzlenen bolsa gerek.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Germaniýa migrasiýa, hususan-da bikanun migrasiýa babatynda, sagçy syýasatçylar tarapyndan ýiti mesele gozgalýan köp sanly Günbatar ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Şol wagtyň özünde, bu Günbatar ýurtlarynyň gysga möhletleýin Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak baradaky wadalaryny ýerine ýetirip biljek az sanly ugurlaryň biridir. Sebäbi Russiýanyň Ukraina doly möçberdäki hüjümleriniň başlanmagyndan bäri bu sebitiň strategik ähmiýeti artdy.

Ýewraziýada migrasiýany öwrenýän barlagçy we žurnalist Jan Matusewiç: "Germaniýanyň hökümeti kyn ýagdaýa düşdi" diýip belledi.

Matusewiç Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: "Olar aşa sagçy syýasatçylaryň saýlawlardaky ýeňişlerinden soň, ilatyň arasynda migrantlara garşy duýgulary togtatmaga synanyşýar, şol wagtyň özünde-de Germaniýanyň ykdysadyýetini gowşadýan agyr zähmet güýjüniň ýetmezçiligini aradan aýyrmaga çalyşýar. Netijede, bikanun migrantlara garşy berkleşdirilýän şertnama ylalaşyklaryny görýäris, emma şol bir wagtyň özünde aýratyn hünärli işgärlere we studentlere mümkinçilik berilýär" diýdi.

PROGRAMMALARY GIŇELDILÝÄR, ÝÖNE NETIJELER AZ

Iş gözläp öz ýurtlaryny terk edýän Merkezi Aziýalylaryň däp bolan migrasiýa merkezi hemişe Russiýa bolupdy, ol ýerde sebitden millionlarça migranty ýaşaýardy.

Emma migrantlaryň onsuz hem kyn durmuşy uruş başlansoň has-da agyrlaşdy, sebäbi Merkezi Aziýadan bolan migrantlary urşa ýa-da tyl işlerine çekip başladylar.

Russiýada Merkezi Aziýadan gelen zähmet migrantlarynyň barlanyşy, Habarowsk ülkesi, 2024-nji ýylyň 27-nji awgusty

Mart aýyndan bäri Täjigistanyň raýatlarynyň gatnaşan "Krokus Siti Holda" bolan gandöküşikli terrorçylykly hüjümden soň, ýagdaý köpler üçin çydamsyz boldy. Ýurtda migrantlara edilýän hüjümleriň we barlaglaryň sany barha artdy. Şeýle-de, serhetden geçmek isleýän adamlaryň köpüsine hiç bir sebäpsiz rugsat berilmedi.

Orsýetde migrantlaryň barlaglary

Bu bolsa Günbataryň zähmet migrantlary meselesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýdaşlygyny gazanmaga hakyky mümkinçilik döredýär. Sebäbi zähmet migrantlarynyň öz ýurduna iberýän pul serişdeleri bütewi içerki önümiň 10 göteriminden (Özbegistan) 40 göterimine çenli (Täjigistan) we ondan hem gowragyny düzýär.

Ýöne häzirlikçe netijeler az we bilermenleriň aýtmagyna görä, munuň şeýle galmagy mümkin.

Geçen aý migrantlara garşy gahar-gazaplaryň köçe gozgalaňlaryna duçar bolan Britaniýa her ýylda Merkezi Aziýadan müňlerçe adamy möwsümleýin işgär programmasyna çekýär.

Zähmet migrantlary Beýik Britaniýada Orsýete garanda iki-üç esse köp gazanç etseler-de, Merkezi Aziýa bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky migrant işçileriň pul serişdeleriniň umumy möçberi köp wagtdan bäri migrasiýa gatnaşyklary bolan ýurtlardan henizem pesde durýar.

Germaniýa bilen bagly halatynda-da sanlar az.

Gamburgda neşir edilýän Die Zeit hepdeliginiň ylalaşyklar barada 15-nji sentýabrda çap eden habarynda, häzirki wagtda ýurtda diňe 13 müň 700 özbegistanlynyň ýaşaýandygy nygtaldy.

Şol bir wagtda "Germaniýada ýaşamak üçin rugsatsyz diňe 200 çemesi özbek bolup, bu Germaniýada sürgün edilmäge degişli 225 müň migrantyň 0,1 göteriminden hem az" diýip, Die Zeit habar berýär.

Britaniýada miwe ýygýan migrantlaryň ýaşaýyş jaýlary

Bu sanlaryň nähili üýtgejekdigi barada ne Berlin, ne-de Daşkent maglumat berdi.

Ýöne Berlinde ýerleşýän Gündogar Ýewropa we halkara barlaglary merkeziniň (ZOiS) barlagçysy Beate Eşmentiň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk "Keniýa, Marokko we Gürjüstan ýaly beýleki ýurtlar bilen şuňa meňzeş ylalaşyklara laýyk gelýär".

2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa bilen Gyrgyzystan migrasiýa ylalaşygyna niýetlenen deklarasiýa gol çekdiler. Ýakyn wagtda bu ylalaşygyň netijelerine garaşylýar.

Maksatlaryň resmi düşündirişleri iş ýüzünde Şolzyň Özbegistan bilen baglaşylan şertnama bilen baglylykda aýdan sözlerine meňzeş gelýär; öňki deklarasiýada "Germaniýa tejribeli işçilere ýol açyp, Gyrgyzystan Germaniýada galmaga hukugy bolmadyk raýatlaryny yzyna almaga borçly edýär" diýlipdi.

Özbegistandan saýlanjak kandidatlaryň ileri tutulýan pudaklary ekerançylyk, garrylara seretmek we gurluşyk işleri boljakdygyna garaşylýar.

Degişli maglumat "Diňe rusça geplemeli, öz diliňde pyşyrdamagam gadagan". Russiýada Merkezi aziýaly migrantlar üçin täze düzgün

OWGAN MESELESI

Häzirki wagt Ýewropa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan migrantlaryň akymynyň uly bolmagyna mümkinçilik az hasap edilýär.

Ýöne German mediasy öz territoriýasyndan owgan raýatlarynyň deportasiýa edilmegi barada german jemgyýetinde dowam edýän gepleşikleri göz öňünde tutup, bu tema boýunça gepleşiklerde Özbegistanyň utuşly bolmagynyň mümkindigini habar berýär.

Geçen aýda Germaniýanyň Zolingen şäherinde guralan pyçakly hüjümden soň, Germaniýa 2021-nji ýylda "Talyban" Owganystanda häkimiýete gelenden bäri ilkinji gezek bu ýurduň raýatlarynyň sürgün edilmäge başlanandygyny yglan etdi.

Ilkinji şeýle çärede Germaniýanyň jenaýat işlerinde ýazgysy bolan 28 owganly sürgün edildi. Olar Kataryň aralykçy ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde öýlerine gaýtdylar.

"Germaniýa "Talyban" bilen iş salyşmak islemeýär. Ine, Özbegistan bu ýerde başgaça gelýär" diýip, Daşkendiň "Talyban" režimi bilen hyzmatdaşlyk edýändigine salgylanyp, Berlindäki Karnegi Russiýa-Ýewraziýa merkeziniň işgäri Temur Umarow Azatlyk Radiosyna beren düşündirişinde aýtdy.

Şolz Gazagystana saparynyň öňüsyrasynda Özbegistana bardy we ol ýerde 17-nji sentýabrda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi.

Bu ýagdaý bir ýyl mundan ozal Berlinde geçirilen Merkezi Aziýanyň sebitleri bilen "5 + 1" formatynda Germaniýanyň gepleşikleriniň taryhynda ilkinji gezek dowam etdi. Sebitdäki Günbatar ýurtlarynyň diplomatiki işjeňligi Ukrainadaky urşuň ikinji ýylynda, hökümetleriň tebigy baýlyklar boýunça şertnamalary baglaşmak we Orsýete garşy sanksiýalary üpjün etmek çäreleri sebäpli aktiwleşýär.

Germaniýanyň we Ýewropanyň Merkezi Aziýa bilen gyzyklanmasynyň düýpli artmagyna garamazdan, Berlin bilen gatnaşyklarda hakyky ösüşiň bolmaýandygy sebäpli sebitiň ýurtlary "lapy keçlik" ýagdaýyna düşüp bilerler diýip, Germaniýanyň Daşary gatnaşyklar boýunça geňeşiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Ştefan Maýster aýtdy.

"Geçen ýyl Şolz bilen duşuşanda özbek ýa-da gazak resmileri bilen gepleşikler geçirilenden soňra, olarda uly umytlaryň bolandygy aýdyň – diýip, Maýster aýdýar. — Olar Merkezi Aziýanyň Şolz üçin ileri tutulýan ugur bolup biljekdigine we Germaniýanyň sebitde düýpli maýa goýumlaryny amala aşyrmaga başlajakdygyna umyt edýärdiler".

Emma Germaniýa ruslaryň ýerine serişde gözlese-de, awtoritar režimli we korrupsiýanyň ýokary derejede emele gelýän sebiti bolan Merkezi Aziýa üçin, täze maýa goýumlary heniz garaşylýan möçberde getirip bilmedi diýip, Maýster Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belläp geçdi.

"Resmi ýüzlenmelerden we beýannamalardan soň, Germaniýa tarapyndan, iň bolmanda, garaşylýan derejede düýpli hereketler bolmady" diýip, ekspert sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.