Goşun gullugyna güýzki çagyryş esgerleriň ene-atalarynyň gorkularyny artdyrdy

Ýaşlar harby hasaba durýarlar. Türkmenistan (Döwlet TW-sinden pursat)

Türkmenistanda ýaragly güýçlere güýzki çagyryş möwsümi dowam edýär. Oktýabr-dekabr aýlarynda 18 we 27 ýaş aralygyndaky ýaşly hem-de goşun gullugyny yza süýşürmäge hukugy bolmadyk raýatlar harby gulluga alynýar.

Şu günler tutuş ýurt boýunça ýaşlary goşun gullugyna ugratmak boýunça çäreler geçirilýär. Azatlygyň habarçylaryna görä, ogullaryny harby gulluga ugradýan ene-atalar çagalarynyň gullukdaky ykbalyna uly alada bilen garaýarlar, gorky duýgularyny başdan geçirýärler.

"Mundan öň goşunda ejir çeken we maýyp bolup öýüne dolanan esgerleriň ykbalyny görýän ilat öz çagalaryny emelsiz we parahor häkimiýetleriň elinde iki ýyl jebir-jepa çekdirip, janyny howp astyna goýmak islemeýär we dürli ýollar bilen öz perzentlerini gullukdan alyp galmaga synanyşýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Degişli maglumat Harby bölümlerdäki ýeter-ýetmezçilik üpjünçilik meselelerine ünsi çekýär

Şu günler harby gulluga alynýanlaryň arsynda daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda okaýan ýaşlar bar. Olar dynç alyşda öýlerine dolanandan soň ýuduň daşyna goýberilmändir.

"Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň käbirleri tomusky kanikulda Türkmenistana öýüne gaýdyp geldiler. Olar gulluga zor bilen çagyrylyp, indi okuwyny dowam edip bilmeýärler. Şol ýaşlar tomus öýüne gaýdyp gelenine ökünýärler" diýip, studentiň garyndaşy aýdýar.

Goşundaky şertleriň ýaramazlygy, ýaşlaryň dürli kemsitmelere sezewar edilmegi we zulumyň pidasy bolmagy ýaşlaryň harby borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmaga synanyşmagyna sebäp bolýar.

Goşun gullugyndaky şertleriň ýaramazlaşýandygyny harbylar hem tassyklaýarlar.

"Esgerleriň üpjün edilişiniň gowşaklygy, ýaşamak we gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin şertleriň berjaý edilmezligi problemalaryň gitdigiçe agyrlaşmagyna getirýär. Her ýyl tutuş ýurduň harby bölümlerinde onlarça esger fiziki sütemiň we urgularyň pidasy bolup, dünýäsini täzeleýär. Esgerleriň ençemesi dürli şikeslerden maýyp bolup, öýlerine dolanýar" diýip, harby bölümleriniň birinde gulluk edýän harby anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlygyň çeşmelerine görä, gulluga täze baranlaryň özlerinden uly esgerler tarapyndan urlup-ýenjilmegi zerarly fiziki şikesiň, şol sanda içki organlaryna agyr zyýan ýetmegiň netijesinde saglygyny ýitirmegi seýrek däl. Şeýle-de, agyr işlerde mugt iş güýji hökmünde ulanylmagy, şol sanda ekin meýdanlarynda, gurluşykda we harby ýolbaşçylaryň mal-ýataklarynda işledilmegi ýaly ýagdaýlary harby borjuny ýerine ýetirmek üçin goşuna alynýan raýatlar köp başdan geçirýärler.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde esger sanynyň ýetmezçilik edýändigini çeşmeler birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler.

Türkmen resmiler Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz çeşmeleriň esgerleriň goşunda heläk bolmagyna degişli onlarça pajygaly ýagdaýy barada beren habarlaryna reaksiýa bildirmeýär. Ýurt häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri goşundaky problemalary hatda agzamakdan hem saklanýar.

Degişli maglumat Gullukdaky 'ýaramaz şertler' ene-atalary para bermäge we ogullaryny wagtyndan öň gullukdan boşatmaga iterýär

Ýurduň ýaragly güýçlerindäki ýagdaýdan habarly çeşmeler hökümetiň bolýan ýagdaýlara göz ýumup, aýylganç wakalary boýun almazlygy meseläni agyrlaşdyrýar we raýatlary umytdan düşürýär.

"Hökümet diýdimzorluk syýasatyny dowam etdirýär. Gadagançylyklary artdyryp, jezany agyrlaşdyrmak arkaly problemalara reaksiýa görkezýär. Ýöne meseleler ýylsaýyn artýar we agyrlaşýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýdýar.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, şertnama boýunça gulluk ýa-da alternatiw gulluk ýurtda ýok.

Raýatlary harby gulluga çagyrmak kampaniýasynda mejburlyk dowam edýär. Hususan-da, bahar möwsümindäki çagyryşda ýaşlar orta mekdebi doly tamamlamak mümkinçiliginden mahrum edilýär. gutardyş ekzamenlerini tabşyryp ýetişmeýär.

Degişli maglumat Lebabyň häkimiýetleri harby gullugy yza süýşürmäge hukugy bolan raýatlaryň gulluga alnyp gidiljekdigini duýdurýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.